Aşgabat, 4-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işlere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.