Daşky gurşawyň abadançylygy hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biridir. Diýarymyzda gurulýan binadyr desgalarda, amala aşyrylýan taslamalarda tebigata aýawly çemeleşilmegi, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi esasy talaplaryň hatarynda durýar.
Şu ýylyň 1-nji iýunynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky we Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalaryny gowşurmagy hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.