Ekologiýa — abadan durmuşyň gözbaşy

12 Iýul 2023
1952

Berkarar Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Resminama laýyklykda, tokaýlary dikeltmegiň we köpeltmegiň täze usullary we tehnologiýalary boýunça özara tejribe alyşmak bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek, tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmagyň usullaryny we tokaý kanunçylygyny kämilleşdirmek, tokaý gaznasyny tükellemek we olar barada maglumatlar binýadyny döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Aýratyn hem, ýapyk kök ulgamly nahallary ýetişdirmek boýunça sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Asylly däbe görä, ählihalk bag ekmek dabaralaryna ildeşlerimiziň uly höwes we hyjuw bilen gatnaşmagy eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň, ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmegiň hem-de ekologiýa abadançylygyny gazanmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.