Tebigatymyzyň gözelligini artdyrmak, onuň ajaýyplyklaryny geljekki nesillere ýetirmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Türkmenistan biologik dürlüligiň görnüşleriniň dörän merkezleriniň biri hasaplanýar. Ýiti kontinental, örän gurak klimatly howa şertleri, geografiki taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşmegi — bularyň hemmesi Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy köpdürlüliginiň emele gelmegine öz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümlikler, 13 müňe golaýy hem haýwanlardyr. Ösümlik dünýäsiniň 2 müňden hem gowrak görnüşi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikler hökmünde beýan edilýär. Bu düýpli neşir ýurdumyzyň gymmatly ösümlik dünýäsini öwrenmekde botanika, farmakologiýa ylymlarynyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy. Şunda Köpetdagyň ekoulgamynyň ähmiýeti diýseň uly bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky mesele ählumumy wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetimiziň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmagy, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmegi maksat edinýär. Ata Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin-de ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenip geçilýär.