Sagdyn daşky gurşaw — röwşen ertirleriň girewi

5 Iýun 2023
1658

Ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni baglydyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär.

Maýa KELOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.