Türkmenistanyň Kanuny

4 Oktýabr 2023

257

«Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda

I. 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 74-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 1, 49-njy madda; 2015 ý., № 1, 45-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2020 ý., № 1, 15-nji madda, № 4, 83-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda) 11-nji maddasynyň dördünji böleginiň 1-nji bendinde «tamamlananda» diýen sözden soň «(Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary esasynda we döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karz serişdeleri boýunça dahyllylar tarapyndan dahylsyzlar bilen baglaşylan import geleşikleri muňa degişli däldir)» diýen sözleri goşmaly.

Beýleki kanunlar