Bagtyýar çagalar «Ýaşlygyň» goýnunda
Biz bu gün sizi bagtyýar çagalygyň höküm sürýän ýerine syýahata çagyrýarys. Siz eýýäm gürrüňiň näme hakda boljakdygyny aňan bolsaňyz gerek. Hawa, gözel görnüşli Gökderäniň goýny – ine, çagalygyň iň ajap çagtynyň üýtgeşik, gyzykly, täsin ýatlamalara beslenýän ýeri. Dag eteginiň tämiz howaly ýerine gelýärkäň, ýolugra ýurdumyzyň iň owadan ýerleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde ýaş nesilleriň dynç almagy üçin çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň birentegini görüp, şeýle bir hakykat aňyňda aýlanýar. Ynsan hemişe özüniň iň ajaýyp, gowy zadyny perzendine bagyşlaýar. Ine, ýolugra synlap gelýän görnüşiň, ýagny diňe hut şu eşretiň özem muny aňryýany bilen tassyklaýar. Ata Watanymyzda körpe nesliň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli hem gyzykly geçirmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Nurana geljegimiziň bagtdan paýly eýeleri dowam edýän möwsümde ýurdumyzyň dürli künjeginde: «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, gözel Gökderäniň goýnunda, şeýle-de welaýatlarymyzda salnan döwrebap merkezlerde özleriniň wagtyny şadyýan geçirýärler. Olaryň nurana ýüzlerinde şatlyk, bagt pürepür gözlerinde umyt uçgunjyklary bar. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň «Ýaşlyk» dynç alyş we sagaldyş merkezi hem tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyrynda özüniň kiçijik myhmanlaryny aýratyn hezzetleý