Gündogaryň beýik şahyry
Çuň mazmunly şygyrlary bilen bütin adamzadyň köňlünde ýagşylygy oýaryp, kalplary nurlandyrýan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze gadyr-gymmata we şöhrata eýe bolýar. Magtymguly atamyz öz döredijiliginde watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly watanperwer halkymyza, milletimize mahsus bolan naýbaşy häsiýetlere giň orun beripdir. Ol türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji bolup türkmen halkyny birleşdirmek, döwlet gurmak meselesini gozgan akyldar şahyrdyr. Şonuň üçin hem şahyryň bu häsiýetleri wagyz edýän şygyrlary, üstünden näçe asyr geçse-de, öz hümmetini ýitirmeýär. Beýik şahyr watansöýüjiligiň belent waspyny edende, çuňňur pähim-paýhasyny türkmen dilimiziň deňsiz-taýsyz şirinligine eýläp beýan edipdir. Şeýle bolansoň, onuň dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi halkymyzyň gündelik gepleşiginde terbiýeçilik ähmiýetli nakyllara öwrülip ulanylyp gelinýär. Akyldar şahyryň belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýörelgelerden gözbaş alýan eserleri hem edil watansöýüjilik mowzugyndaky goşgulary kimin, Hakdan halatly şahyrymyzyň ussatlygyny şöhlelendirýär. Şeýle bolansoň, onuň saldamly döredijiliginiň umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesindäki orny hem ýyl geçdikçe pugtalanýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi h