Üns beriň, bäsleşik!
Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna, berkemegine, ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetmegine önjeýli goşant goşmak, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak, mukaddes topragymyza hem-de gözel tebigatymyza guwanmak, halkymyzyň medeni mirasyny, ruhy-ahlak ýörelgelerini giňişleýin wagyz-nesihat etmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda halkara derejesinde gazanan belent abraý-mertebesiniň köklerini açyp görkezmek, ähmiýetini, many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylan taryhy özgertmeleri wasp etmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary bilen okyjylaryň arasynda «Parahatlyk — ýürek baýdagy, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ugur boýunça makalalaryň, oçerkleri