Alabaý — milli buýsanjymyz
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň ilkinji aýynda, ýagny 25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Aşgabat we paýtagtymyzyň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Şol gezekki saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli baýlygy hasaplanýan alabaýlaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklanyp, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birine bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda işleriň gidişi bilen tanyşdy hem-de alnyp barylýan işler bilen baglylykda jogapkär ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şol saparynda Türkmen alabaý itleriniň baýramy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilse maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk ýagdaýynyň ýokary derejede bolmalydygyny sargady.