"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täsin sowgat

Eýsem-de, asuda, parahat ýurtda agzybir maşgalaň bilen rahatja öýüňde naz-nygmatdan bol saçakly Täze ýyly garşy almakdan uly bagt barmyka?! Täze ýylyň ilkinji günlerinde «ikinji öýüň» hasaplanýan iş ýeriňe gelip, dogan saýýan kärdeşleriň bilen Täze ýyl gutlagyny aýdyşmagyňam aýratyn lezzeti bar. Elbetde, her ýylyň başynda bolşy ýaly, bu ýyl hem ýolbaşçymyz işgärleriň arasynda maslahat geçirip, täze başlanan ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň sanawyny berdi. Şeýdibem, täze ýylyň süýji hysyrdylary başlandy. Kimsi öz ýerine ýetirmeli işiniň täze maksatnamasyny düzýär, kimsi döwrebap teklipleri paýlaşýar. Garaz, täze ýylyň ilkinji iş güni-dä!.. Menem iş otagymdaky kompýuteriň başyna geçenimden, el telefonyma jaň geldi. Jaň edýän kärdeşim Esendi.

Täze ýeňişlere täze gadamlar

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagyndan ruhlanan türkmen halkymyz uly şatlyk, dabara bilen ýene bir ajaýyp ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Mähriban türkmen halkymyz bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly buýsanç we söýgi bilen täze-täze zähmet ýeňişlerine beslär. Biz geçen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda örän guwandyryjy taryhy wakalaryň, ösüşleriň şaýady bolduk. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýladyk. Ýurdumyzda halkara derejesinde birnäçe maslahatlar geçirildi, sergiler guraldy. Halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky görkezijiler hem guwandyryjy boldy. Ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda hem köp işler edildi. Oba hojalygy, senagat we beýleki pudaklar uly ösüşlere eýe boldy. Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel Aşgabadymyzda ajaýyp binalar, başy asman bilen sepleşýän gat-gat ýaşaýyş jaýlary guruldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz bu gün dünýä doldy.

Bir heýkel bar — dutar

süňňi daşdan bolsa-da, ýürekleri ýumşadýar Men ony her gün-ä diýmäýin, ýöne aýda bir, bolmanda, iki aýdan bir gezeg-ä hökman görýärin. Her gezek görenimde-de, has dogrusy, daşyndan aýlanyp geçenimde, çünki ol uly çatrygyň ortasyndaky tegelekde ýerleşdirilipdir — «Ussaňa berekella!» diýip geçýärin. Sizem şeýlesiňiz-le, ony görmezlik, görübem haýran galmazlyk mümkin däl. Sebäbi ol — dutara dikilen heýkel.

Waspy dillerde dessan

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan ýylyň ilkinji wagtlaýyn sergisi «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergi 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Muzeý bu sergini welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Soňky döwürde bu iki medeni ojagyň arasynda bilelikdäki sergileri guramak asylly däbe öwrüldi. Olaryň geçen ýyl hem bilelikdäki sergileriň birnäçesini gurandygyny habar beripdik. Şu gezekki sergi hem şol hyzmatdaşlygyň bir miwesidir.

Magtymgulynyň ruhy beýikligi

Tatar dilinden terjime eden Ahmet MÄMMEDOW. Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky jemgyýetçilik, ykdysady hem medeni baglanyşyklar soňky ýyllarda gitdigiçe ýygjamlaşýar. Prezidentimiz Rustam Minnihanowyň Türkmenistana resmi iş sapary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana resmi sapary, Onuň Tatarystanyň Prezidenti bilen, ilkinji Prezidentimiz Mintimer Şaýmiýew bilen doganlarça duşuşyklary, pikir alyşmalary döwletleriň ikisi üçin-de ýatdan çykmaz taryhy wakalar boldy. Aşgabatda tatar medeniýetiniň günleri geçirildi, Kazanyň Halklar dostlugy köşgünde tatarystanly jemagatyň gatnaşmagynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat bolup geçdi. Bularyň hemmesi iki halkyň gadymdan gelýän ruhy doganlygynyň anyk subutnamasydyr.

Baýry sazanda we Orazgeldi bagşy

«Ussat bagşynyň ýoly» makalalar toplumyndan Gyjakçy bagşynyň diňe bir sazandasy bolman, eýsem, onuň hemdemi, kalbynyň syrdaşy hem bolar eken. Bagşa hemdem bolan ezber sazandalaryň biri-de Bäherden etrabynyň Garagan obasynda ýaşaýan Baýry agadyr. Onuň bilen Orazgeldi Ylýasyň durmuşynda bolup geçen bu wakany garaganly Gylyçdurdy Gojaýew şeýle gürrüň berýär.

Parahatçylygyň, ynanyşmagyň dabaralanmasy

Öňňin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Bu möhüm çäre, ýylyň adyndan belli bolşy ýaly, dostlugyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň waspyny etmegiň özboluşly beýany boldy. Dabaraly çäre Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň hem-de A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikde guran «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly aýdym-sazly kompozision sahnasy bilen açyldy. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu sahnada Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň çuňňur söýgüsi we egsilmez hormaty öz beýanyny tapdy.

Milli medeniýet – kämil terbiýäniň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şu günüň wajyp talaplarynyň birine öwrülen gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bilimli, päk ahlakly, watançy ýaşlary terbiýelemek wezipesidir. Çünki şahsyýetiň kämilligi päk terbiýeden gözbaş alýar. Ylmy nazaryýetiň, tejribäniň şu günki gazananlarynyň talaplary esasynda geljegimiz bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemek belent sepgitleriň girewidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesli ýokary ahlak, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, kanagatlylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli-medeni mirasyň aýratyn orun tutmalydygyny hemişe nygtaýar. Diýarymyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes ata Watany, ene topragy jany-teni bilen söýýän, giň gözýetimli, syýasy taýdan düşünjeli kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek beýik ösüşi üpjün etmek üçin saýlanylyp alnan takyk we dogry ýol bolup durýar. Milli medeniýet halklary bir-birinden tapawutlandyrýan ruhy gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň milli medeniýeti halkyň däp-dessurlaryndan, milli ýörelgelerinden gözbaş alyp, ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Medeniýetiň gelip çykyşy, ösüşi, many-mazmuny baradaky düşünjeler hemişe akyldarlaryň, alymlaryň, edebiýat we sungat işgärleriniň ünsüni özüne çekip gelýär. Medeniýet ynsanyň ýüregindäki, aňyndaky ösüşlerden, özgerişlerden hem-de gözellikden gözbaş alýar. Şonuň üçin me

Kitaphana — ylym ojagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde, türkmen medeniýeti döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýär we bütin dünýä ýaýylýar. Medeniýet — döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni. Halkyň durmuşy, ýeten derejesi onuň medeniýetinde aýdyň ýüze çykýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly tagallasy bilen gülleýän medeniýetimizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar.

Kesbinden kemal tapan

Annasoltan Nyýazdurdyýewanyň Balkanabat şäherindäki orta mekdeplerde zähmet çekip gelýänine elli ýyla golaý wagt bolupdyr. Şu geçen wagtyň içinde ol ýaş nesilleriň, gör, näçesiniň ylymly, bilimli bolup ýetişmegine goşandyny goşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kalbyňy joşduryp, buýsanjyňy, guwanjyňy artdyrýar. Şeýle buýsanç duýgusy baýry mugallymy has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge, jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, döwrümizi il arasynda wagyz etmäge ruhlandyrýar. Annasoltan mugallymy welaýatymyzda geçirilýän çärelerde, bäsleşiklerde we sergilerde görmek bolýar. Ol hemişe öň hatarda ýaşlara nusgalyk görelde görkezip ýör. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň enelere goýýan hormat-sarpasyna mynasyp bagtyýar ene, halypa mugallym bolup ýaşaýandygy üçin özüni juda bagtly saýýandygyny buýsanç bilen aýdýar.

Medeniýet halkyň kalby

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek barada düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Arkadagymyz milli medeniýetimizi, taryhymyzy, ylmy we bilimi, dünýäniň birnäçe döwletleri bilen medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli tans sungatymyzyň «Küştdepdi» görnüşi halkymyzyň medeni durmuşyny, hal-ýagdaýyny, zenanlarymyzyň arzuw-isleglerini, kalbynyň owazyny beýan etmek bilen, mukamlaryň hem hereketleriň täsin sazlaşygyny beýan edýär.

Garaşsyzlyk mukamy

Eziz halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýyly durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeler bilen tamamlap, 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ýokary ruhubelentlikde gadam basdy. Şeýle hem bütin adamzat üçin düýpli synaga öwrülen 2020-nji ýylda döwletimiz ählumumy howplara garşy durmakda uly tejribe toplap, dünýäniň beýleki ýurtlaryna görelde bolmagyň nusgasyny görkezdi. Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny täze görnüşde — göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikler, duşuşyklar we beýleki çäreler arkaly dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, şeýle hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklary has-da ösdürýändigini äşgär edýär.

Döwletli zamananyň döwletlilik ýörelgesi

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda özboluşly medeniýetini we onuň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasyny saklap hem-de ösdürip gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň döreden baý medeni mirasy nesilden-nesle geçip, şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Taryhy sahypalarymyza ser salyp göreniňde ata-babalarymyzyň bize goýup giden mirasy, şöhratly yzlary her birimiz üçin görelde mekdebi bolup, kalbymyzda buýsanç duýgusyny oýarýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Agzybirlik ýagşy amallary hasyl etmegiň hatyrasyna jebisleşmegi aňladýar. «Arzuwsyz adam bolmaýar, ganatsyz hem guş!» diýilýär, arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bolsa, ilki bilen agzybirlik gerekdir. Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr. Agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlylygymyzdyr. Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir...» diýilýär.

Ak garyň ýakymy

Şatlyk-şowhun bilen garşylan täze ýyl arzuwlarymyzda biz ak garyň ýagmagynyň hem arzuwyny edipdik. Jomart tebigat şol arzuwlarymyzy aňan ýaly, Zemine ak garyny peşgeş etdi. Gyşyň ilkinji günlerinde, ýagny uly çillede ýagan gar Täze ýyl baýramçylygyna aýratyn gözellik eçildi. Şeýle hem rysgal-berekediň çeşmesi boldy. Ýüreklerimizi joşguna getirdi. Synlaýan çekilip bilmezden gyra,Bolarmyş ähli zat päliňe görä,Bu golaýda beýdip ýagmandy, gör-ä!Gar ýagýar.

Aýdym bilen adygan

Agşamara obanyň merkezinde ýerleşýän ýangyn jaňy üznüksiz kakylyp başlandy. Küren oba şol bada garynjanyň öýjügine öwrüldi. Öýlerinden okdurylyp çykan oba adamlary «Kimiň öýi ýanýarka?» diýip, ellerine suwly gaplary alyp ylgaşdylar. Daş-töwerege garanjaklaşdylar. Emma, ne ýangyn görünýärdi, ne-de tüsse. Az salymyň içinde äpet jaňyň töweregine üýşen jemende, hiç ýerde ýangyn döremändigine göz ýetirdi. Jaňy kakan bolsa, şol obanyň paýhasly gojalarynyň biridi. Ondan ýangyn ýok ýere näme üçin jaňy kakandygy soralanda, ol obadaşlaryna şeýle jogap berdi: — Obamyzda şeýlebir ussat bagşy döräpdir. Onuň aýdymlaryny diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Men ol aýdymlary diňläp lezzet alýaryn. Öz obadaşlarymyzyň hem bir gezek bolsa-da, gerekli-gereksiz işlerini, dynuwsyz hysyrdylaryny bir gapdala goýup, şol bagşyny diňläp, ruhy lezzet almagyny isledim. Jaňy kakyp, sizi bu ýere jemlemegiň sebäbi şudur...

Ak alkyşlar mukam bolup ýaňlanýar

Milli Liderimiziň ýaş nesliň heniz mekdep okuwçysyka belli bir hünäriň başyny tutmagy, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak bilen bagly bildirýän talaplary welaýatymyzyň Döwletli etrabynda hem netijeli durmuşa geçirilýär. Etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisinde jemi 24 bölüm hereket edip, olarda çagalaryň 260-a golaýy sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýar. Etrap merkezindäki çagalar sungat mekdebinde ýaşlaryň 103-sine bilim berilýär. Bu mekdepde 10 bölüm hereket edip, onda çagalar dutar, gargy tüýdük ýaly milli saz gurallarymyz bilen birlikde klarnet, fleýta, plektrli dutar, fortepiano ýaly saz gurallaryny, şeýle-de sungatyň bagşyçylyk, nakgaşçylyk ýaly görnüşlerini özleşdirýärler. Sungat mekdebinde olara 20-den gowrak mugallym bilim berýär. Mugallymlaryň arasynda hemişelik şu mekdeplerde işleýänleri hem, başga mekdeplerden gelýän utgaşdyryjy mugallymlar hem bar. Bu ýerde tejribe ýüki ýetik halypalaryň hem, ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerini ýakynda tamamlan ýaşlaryň hem bardygyny aýtmak gerek. Ýeri gelende aýtsak, etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisiniň hem ýaş mugallymlary bu mekdepleriň ozalky uçurymlarydyr. Bu gün sungat ýoluna ilkinji gadam goýan mekdeplerinde işlemek, ýaş nesliň sungata bolan söýgüsini artdyrmak olar üçin belent mertebe.

Milli itşynaslyk sungaty rowaçlanýar

Häzirki wagtda gadymy türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu babatda ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Munuň özi milli itşynaslyk sungatynyň ylmy esasda düýpli öwrenilmegine, onuň iň oňat däpleriniň ösdürilmegine, seçgi-tohumçylyk usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaý itlerimiziň nesil şejeresini ýöredip, olary köpeltmäge, türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen kinologlaryny taýýarlamak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynyň düzüminde kinologiýa bakalawr taýýarlyk ugry boýunça hünär açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eseri ýaş kinologlaryň ýankitabyna öwrüldi. Milli buýsanjymyzy beýan edýän kitapda türkmen alabaý itleriniň taryhy gelip çykyşyny, dünýäniň iň arassa ganly, gadymy tohum itiniň alabaýdygyny açyp görkezýän, ata-babalarymyzyň it hakda döreden nakyllary, rowaýatlary, pähim-paýhaslary, alabaýyň daşky görnüşiniň aýratynlyklary, gylyk-häsiýetleri, güjüklik döwrüniň döwürlere bölünişi we olara seredilişi, saklanylyşy, iýmitlendirilişi, ösdürilip ýetişdirilişi we seçgi-t

Aşgabadym — aşyk abadym meniň

Aziýanyň ak mermerden merjeni,Aşgabadym — aşyk abadym meniň.Saňa bolan buýsanjymyň ýok çeni,Aşgabadym — aşyk abadym meniň. Behişt bilen bäs edişýär bu ýerler,Gujagyňda söýülerler, söýerler,Owal adyň yşkdan dörän diýerler,Aşgabadym — aşyk abadym meniň.

Penjiräniň öňündäki adam

Bilemok, bu endik nireden galypdyr, haçan döräpdir, emma men boş wagtlarym penjireden daşaryny synlamagy halaýaryn. Islendik pasyl hem bolsa tapawudy ýok, ýöne hasam güýzüne ýagyş çisňeýärkä ýa-da gyşyna gar petdeläp ýagýan pursady ýolýakadaky, öýümiziň penjiresiniň öňündäki arçalaryňdyr beýleki daragtlaryň ýagşa ezilişini ýa-da kem-kem aklyga bürelip barşyny synlamagy halaýaryn. Güýzüň ýagyşly günleri eger mümkinçiligim ýa-da keýpim bar bolsa, men daşary çykyp, ýagyşly şäherde gezim etmegi halaýaryn. Emma uzaga gitmeýärin, öýümiň töwereginde aýlaň-çaýlaň edip oňýaryn. Penjire bilen bagly mende aýdara, deňeşdirere, gussa çekere, küýsege berlere kän-kän ýatlama bar. Olary hut häzir şu setirleri ýazýarkam, birme-bir, emma yzygiderli däl, başly-barat ýatlap, men ömrümiň agramly böleginiň ötendigi, adamlara aýdara nämedir bir zatlaryň peýda bolandygy barada oýlanýaryn.

Gulbaba bagşy

Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran bagşylaryň hatarynda Gulbabanyň ady hemişe hormat bilen ýatlanýar. Ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary şäherinde dünýä inýär. Mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, heniz emedekläp ýörkä, dutar-gyjagyň owazyny eşideninden şol tarapa eňmegi kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna sebäp bolýar. Gulbabanyň durmuşy bilen baglanyşykly wakalar dilden-dile geçip, halk içinde ýaşap ýör. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen dana sözlerinden ugur alyp, Gulbaba Akyýewiň durmuşy bilen baglanyşykly käbir wakalary guwanç bilen okyjylara ýetirmegi müwessa bildik. SOWGAT BERLEN GYJAK