Gurjakgoş
Nesil terbiýesinde milli däp-dessurlaryň ähmiýeti barada söhbet Ýaş nesillerde ýokary ahlaklylyk, ruhubelentlik, bilesigelijilik, bilimlere ymtylmak ýaly düýpli häsiýetleri kemala getirmek döwrüň möhüm wezipesi. Bu barada hormatly Prezidentimiz 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde aýratyn durup geçdi. Ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň wajypdygyny aýtdy. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçiriljek ähli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmalydygyny aýratyn nygtady. Bu möhüm işde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň, mugallymdyr terbiýeçileriň paýyna aýratyn jogapkärçilik düşýär. Yhlasly zähmeti, ugurtapyjylygy, ýeterlik bilim-tejribesi bolan şeýle ynsanlar ýaş nesilleriň kalbynda milli ýörelgelerimize bolan çäksiz söýginiň çyragyny ýakýarlar. Gyşyň sowujak howasynda ýylyjak pejiň gapdalynda oturan Nabat daýza ik egirýärdi. Onuň arzuwly kalby bireýýäm inçelik bilen tow berlen ýüpünden jorap örüp, balalarynyň aýagyny ýyladýardy. Gözi-gulagy bolsa, «Gurjakgoş» oýnaýan gyzjagazlaryň şowhunyndady. Bu wagt Ogulnurdyr Güljemal gyýkyndy matalardan tikilen naşyja ýorgan-ýassyklary kiçijek «guty öýleriň» törüne ýerleşdirýärdi. Aýjemaldyr Orazgül bolsa, toýa geljek daýzalaryň «çaý-naharynyň» ugrundady.