"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gezelenç täsirli boldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Ýaşlar gezelençde merdana halkymyzyň milli medeniýetiniň we sungatynyň taryhy, gelip çykyşy, gadymy tapyndylar we eksponatlar bilen içgin tanyşdylar. Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi öwrenmekde, gorap saklamakda, olary ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat etmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş aýtdylar.  

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Pyragynyň arzuw eýlän eýýamy TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuw eýlän eýýamy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Halkymyzyň abadan ýaşaýşy üpjün edilýär

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Mil­li go­şu­ny­my­zyň bö­lüm­le­rin­de al­nyp bar­lan iş­ler, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ol ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­lu­gy we ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da gö­rül­ýän çä­re­ler, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw mek­dep­le­rin­de gi­riş sy­nag­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi, şan­ly se­ne – Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi ba­ra­da aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan we üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Har­by dokt­ri­na­nyň Türk­me­nis­tan­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de asu­da dur­mu­şyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li hök­mün­de çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döwlet Baştutanymyz mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­le­riň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni, go­şun­la­ryň äh­li ky­sym­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­n

Monzada «Ferrari» öňe saýlandy

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 16-njy ýa­ry­şy Ita­li­ýa­nyň Mon­za şä­he­ri­niň ady­bir tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 53 aý­law­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da ýer eýe­si «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 4-nji ha­tar­dan baş­lan ýa­ry­şy 1 sa­gat 14 mi­nut 40,724 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 2-nji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 7-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. «Fer­ra­ri» to­pa­ry Mon­za­da soň­ky ge­zek 2019-njy ýyl­da ýe­ne-de Lek­ler bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ýa­ryş­da 2-3-nji orun­la­ry «MсLa­ren» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri eýe­läp, awst­ra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri ýe­ňi­ji­den 2,664 se­kunt, ýa­ryş­da il­kin­ji bo­lup bat alan bri­ta­ni­ýa­ly Lan­do Nor­ris çem­pi­on­dan 6,153 se­kunt yza gal­dy. Lek­le­riň is­pa­ni­ýa­ly to­par­da­şy Kar­los Saýns Ju­nio­ryň 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan pi­lo­ty Lýu­wis Ha­mil­ton 5-nji, sü­rü­ji­le­riň sa­na­wy­nyň li­de­ri, «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land pi­lo­ty Maks Wers­tap­pen 6-njy ýe­ri eýe­le­di. Wers­tap­pe­ne 6 ýa­ryş­dan bä­ri ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şar­da­nok.

Bulary bilýäňizmi?

Ýu­murt­ga­nyň ga­by­gyn­da 10 müň­den gow­rak gö­ze­nek bar. So­wa­dy­jy­da bir hep­de du­ran ýu­murt­ga otag tem­pe­ra­tu­ra­syn­da bir gün du­ran ýu­murt­ga­dan has go­wy sak­lan­ýar.

Güýz pas­ly­ny gar­şy al­ma­gyň fes­ti­wa­ly

Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bilen dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­dun­da şat­lyk­ly we öz­bo­luş­ly fes­ti­wal­lar bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu fes­ti­wal­lar­ ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri meş­hur bo­lup, hal­kyň mil­li­li­gi, oba ho­ja­lyk möw­sü­mi we di­ni däp-des­sur­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le fes­ti­wal­la­ryň bi­ri hem «La Merce» fes­ti­wa­ly­dyr. Meş­hur aý­dym-saz şü­we­leň­le­ri bi­len ta­nal­ýan Bar­se­lo­na şä­he­rin­de güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ga­dy­my baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri bo­lan «La Merce» fes­ti­wa­ly uly şow­hu­na bes­len­ýär. 1902-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän «La Merce» fes­ti­wa­ly ka­ta­lon­la­ryň mil­li baý­ra­my­dyr. «To­mus bi­len hoş­laş­ma­gyň we güý­zi gar­şy al­ma­gyň» ala­ma­ty hök­mün­de 5 gün bel­le­nil­ýän bu fes­ti­wal şu ýyl 20-24-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­ler. Fes­ti­wa­lyň do­wa­myn­da gi­je­ki ýö­riş­ler, kö­çe­ler­de mil­li tans­lar we ag­şa­my­na kor­re­fok­ly (uç­ga­nak­la­ýan ki­çi fe­ýer­werk) şü­we­leň­ler gu­ral­ýar. «La Merce» fes­ti­wa­ly­nyň iň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri hem Bar­se­lo­na­nyň «Pla­ça de Sant Jau­me» mer­ke­zi meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýär. Meý­dan­ça bir­nä­çe adam top­la­nyp, adam di­ňi­ni (kas­tel­ler) ýa­sa­ýar­lar we çür de­pe­si­ne ki­çi­jik ça­ga­jy­gy çy­kar­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, ça­ga­la­ryň iň söý­gü­li to­ma­şa­sy «äpet adam­la­ryň ýö­ri­şi» ge­çi­ril­ýä

Il­kin­ji ge­zek mek­de­be bar­ýan ça­ga­la­ryň ata-ene­le­ri­ne mas­la­hat­lar

Is­len­dik ata-ene per­zen­di­niň so­wat­ly bol­ma­gy­ny, go­wy bi­lim al­ma­gy­ny hem-de ter­bi­ýe­li, il-gü­ne ge­rek­li yn­san bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni is­le­ýär. Ça­ga­nyň gel­jek­de kä­mil yn­san bo­lup ýe­tiş­me­gin­de ter­bi­ýe­çi­le­re, mek­dep mu­gal­lym­la­ry­na hem-de ata-ene­le­re uly jo­gap­kär­çi­lik düş­ýär. Esa­san hem, ýa­ňy mek­de­biň bo­sa­ga­syn­dan ät­län ça­ga­jyk­la­ryň hos­sar­la­ry has üns­li bol­ma­ly. Oka­ma­gy we ýaz­ma­gy ýa­ňy öw­re­nip baş­lan ça­ga­jy­ga mek­de­be öw­re­niş­mek, sa­pak­la­ra gi­riş­mek kyn dü­şüp bi­ler. Şol se­bäp­li ata-ene­ler mu­gal­lym­lar bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­da bol­mak bi­len, ça­ga­nyň öý iş­le­ri­ne, san­la­ry we harp­la­ry ýat tut­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik et­me­li. Baş­lan­gyç bi­li­mi ta­la­ba­la­ýyk ele al­mak ça­ga­nyň gel­je­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hü­när­men­ler il­kin­ji ge­zek mek­de­be bar­ýan ça­ga­la­ryň ata-ene­le­ri­ne şu usul­la­ry ulan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Oku­wyň ze­rur­dy­gy­ny dü­şün­dir­meli. Ça­ga­la­ryň kö­pü­si il­ki­baş­da mek­de­be nä­me üçin gat­na­ýan­dy­gy­na dü­şün­me­ýär. Şol se­bäp­li ata-ene­ler ça­ga­la­ra il­ki bi­len mek­dep­de be­ril­ýän bi­li­miň, oka­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny dü­şün­dir­me­li. My­sal­lar ge­tir­mek ar­ka­ly, nä­me üçin ma­te­ma­ti­ka­ny öw­ren­ýän­di­gi­ni, nä­me üçin ta­ry­hy bil­me­li­di­gi­ni, nä­me üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň öw­re­dil­ýän­di­g

Tyllaýy güýzüň bakja önümi

Güýz pas­lyn­da ýe­tiş­ýän bak­ja ekin­le­ri­niň bi­ri hem kä­di­dir. Kä­di­niň dü­zü­min­de ada­ma ge­rek­ bo­lan or­ga­nik tur­şu­lyk­lar, pek­tin fer­men­ti we bir­nä­çe peý­da­ly mad­da­lar bar. Olar aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my­nyň işi­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Şeý­le hem kä­bir ke­se­liň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Luk­man­çy­lyk­da kä­di mel­hem hök­mün­de hem ula­nyl­ýar. Kä­di so­wuk­la­ma­ny be­je­ri­ji se­riş­de bo­lup, ber­hiz tu­tu­lan­da, böw­rek we ýü­rek nä­saz­lyk­la­ryn­da iýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýär. Kä­di­niň gaý­na­dy­lan su­wu­ny bal bi­len ga­ryp iç­mek peý­da­ly­dyr. Ol ada­my ra­hat­lan­dyr­ýar. Kä­di­niň dog­duk me­ka­ny De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ha­sap­lan­ýar. Ol öý­de ekil­ýän iň ga­dy­my ekinleriň bi­ri­dir. Da­şa­ry ýurt­lar­da kä­di­niň köp­räk «Cucur­bi­ta maxima» gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ulu­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu kä­di­ni uzak wagtlap sak­lap bol­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, her ýyl­ dün­ýä­de 22 mil­li­on ton­na­dan gow­rak kä­di ha­sy­ly alyn­ýar. Bu ugur­da Hy­taý bi­len Hin­dis­tan öň­de­li­gi eýe­le­ýär.

Amsterdam – welosipedleriň şäheri

Ams­ter­dam dün­ýä­niň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir. Meş­hur mu­zeý­le­ri, owa­dan ka­nal­dyr kö­çe­le­ri, şeý­le hem ka­şaň res­to­ran­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýän Ams­ter­dam Ýew­ro­pa­nyň mer­ke­zi şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir. «Çi­gil­dem şä­he­ri» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan Ams­ter­dam köp ilat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şä­her­de dür­li mil­let­le­riň we­kil­le­ri­ne ga­bat gel­mek bol­ýar. Bu aý­ra­tyn­lyk sy­ýa­hat­çy­la­ryň şä­he­re çalt öw­re­niş­mek­le­ri­ne kö­mek ed­ýär. Ams­ter­dam­da ila­tyň 86 gö­te­ri­mi azyn­dan iki di­li su­wa­ra bil­ýär. Şä­her­de iň­lis di­li­ni bil­me­ýän­ler seý­rek duş gel­ýär. Şeý­le­lik­de, Ams­ter­dam­da dil ba­bat­da kyn­çy­lyk çek­mez­den sy­ýa­hat edip bol­ýar.

Saý­law­la­ra taý­ýar­lyk gö­rül­ýär

Öz­be­gis­tanda 27-nji okt­ýabr­da ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­na taý­ýar­lyk görülýär. Res­pub­li­ka­nyň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ýurt­la­ryň 39-syn­da 56 saý­law uças­to­gy­ny aç­mak ba­ra­da ka­rar ka­bul et­di. Saý­law uças­tok­la­ry Rus­si­ýa­da, Ga­za­gys­tan­da, Gyr­gy­zys­tan­da, Türk­me­nis­tan­da, Hy­taý­da, BAE-de, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da, Tür­ki­ýe­de, Ger­ma­ni­ýa­da, ABŞ-da, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da we ýe­ne-de 29 ýurt­da açy­lar. Öň­de du­ran saý­law­lar il­kin­ji ge­zek ma­žo­ri­tar (ga­ry­şyk) ul­gam­da ge­çi­ri­ler. Onuň bar­şyn­da ka­nun çy­ka­ry­jy pa­la­ta­nyň 250 we­ki­li saý­la­nar. Ola­ryň 75-si bir man­dat­ly saý­law ok­rug­la­ryn­da, ýe­ne-de 75-si bol­sa, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ra ber­len ses­le­re esas­la­nyp, bir saý­law ok­ru­gyn­da saý­la­nar­lar.

Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di

1-nji sent­ýabr­da Azer­baý­jan­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň par­ti­ýa­sy par­la­ment­dä­ki orun­la­ryň kö­pü­si­ne eýe bol­dy. Mer­ke­zi saý­law ko­mis­si­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, saý­law­la­ra gat­na­şyk 37,27 gö­te­ri­m bol­dy. Azer­baý­ja­nyň Mer­ke­zi Saý­law ge­ňe­şi, Ali­ýe­wiň «Ýe­ni Azer­baý­jan» par­ti­ýa­sy­nyň Mil­li mej­lis­dä­ki (ýur­duň bir pa­la­ta­ly mej­li­sin­de) 125 or­nuň 68-si­ne eýe bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Öň­ki par­la­men­tiň dü­zü­min­de hem «Ýe­ni Azer­baý­ja­nyň» 68 or­ny bar­dy. Beý­le­ki man­dat­lar, res­mi taý­dan ga­raş­syz da­laş­gär­le­re we par­ti­ýa­la­ra ber­ler.

Ze­nan­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça mi­nistr­lik dö­re­di­ler

Mek­si­ka­da ze­nan­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nistr­lik dö­re­di­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Klau­di­ýa Şeýn­ba­um mä­lim et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, tek­lip­le­ri çuň­ňur öw­re­nen­den soň, ozal bar bo­lan Aýal-gyz­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça mil­li ins­ti­tu­tyň esa­syn­da şeý­le mi­nistr­li­gi dö­ret­mek ka­ra­ry­na ge­lip­dir. Eda­ra­nyň baş­ly­gy hä­zir­ki wagt­da «Mil­li gal­ky­nyş he­re­ke­ti­niň» (MO­RE­NA) baş sek­re­ta­ry, şeý­le hem Me­hi­ko şä­he­ri­niň se­na­to­ry bo­lup iş­le­ýän Sit­la­li Er­nan­des bo­lar. Şeýn­bau­myň aýt­ma­gy­na gö­rä, mi­nistr­lik 2024-nji ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­dan, döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen­den soň iş­läp baş­lar. Ze­nan­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça mi­nistr­li­giň dö­re­dil­me­gi Mek­si­ka­nyň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti bol­jak Klau­di­ýa Şeýn­ba­um ta­ra­pyn­dan öňe sür­len öz­gert­me­le­riň bi­ri­dir.

Ikin­ji möh­le­te da­laş et­mek­çi

Mol­do­wa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Maý­ýa San­du pre­zi­dent­lik bäs­le­şi­gi­ne gat­naş­jak­dy­gy­ny res­mi taý­dan mä­lim et­di. Ol özü­niň «He­re­ket we raý­daş­lyk» par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan da­laş eder. Onuň şy­ga­ryn­da «Mol­do­wa üçin Maý­ýa San­du» di­ýen ýaz­gy bar. Go­laý­da bu par­ti­ýa öz da­laş­gä­ri­ni gol­da­mak mak­sa­dy bi­len baş­lan­gyç to­pa­ryň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Maý­ýa San­du «Di­gi­tal» se­ýil­gä­hin­de ge­çi­ri­len çä­re­de öz ta­rap­dar­la­ry­na ýüz­le­nip şeý­le diý­di: – Biz Ga­raş­syz­ly­gy­my­za eýe bo­la­ny­myz­dan bä­ri 2024-nji ýyl­da ýur­du­myz üçin iň mö­hüm ka­ra­ry ka­bul ede­ris. Biz sa­la sa­l­şyk ar­ka­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň ug­ru­ny kes­git­lä­ris. Men bi­ziň hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we er­kin­li­gi saý­la­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Şeý­le hem biz 2024-nji ýyl­da döw­let Baş­tu­ta­ny­ny saý­la­ýa­rys. Me­niň mak­sat­na­mam düş­nük­li: dur­muş we öza­ra dü­şü­niş­mek üçin has go­wy şert­ler – di­ýip, Mol­do­wa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Maý­ýa San­du bel­le­di.

«Aramco» sta­dio­ny­nyň tas­la­ma­sy hö­dür­len­di

ABŞ-nyň «Po­pu­lo­us» bi­na­gär­lik stu­di­ýa­sy Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň El-Hu­bar şä­he­rin­de gu­rul­jak tä­ze «Aramco Sta­di­um» sta­dio­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di. 47 müň orun­lyk sta­dio­nyň 2027-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň esa­sy meý­dan­ça­la­ry­nyň bi­ri bol­jak­dy­gy tas­syk­lan­ýar. Tas­la­ma bu­rum-bu­rum gör­nü­şin­de bo­lup, Pars aý­la­gy­nyň ke­na­ry­nyň tol­kun­la­ry­ny ýa­da sa­lar. Des­ga­nyň öň ta­ra­py bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ört­ýän pa­nel­ler­den yba­rat bo­lup, olar te­bi­gy ýag­ty­ly­gyň düş­me­gi üçin yş­lar bi­len üp­jün edi­ler. Pan­dus­lar we ge­çel­ge­ler bi­na­nyň daş­ky bu­rum-bu­rum di­zaý­ny bi­len ut­ga­şyp, to­ma­şa­çy­la­ryň ün­sü­ni sta­dio­nyň el­lip­tik aý­la­wy­na gö­nük­di­rer. «Po­pu­lo­us» stu­di­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, di­zaýn taý­ýar­la­nan­da de­ňiz möwç­le­ri­niň te­bi­gy şe­kil­le­rin­den yl­ham alyn­dy.

Üçün­ji ge­zek sa­na­wyň ba­şy­ny çek­di

«Wild­ber­ri­es» in­ter­net dü­ka­ny­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy we baş di­rek­to­ry Tat­ýa­na Ba­kal­çuk, ABŞ-nyň «For­bes» žur­na­ly­nyň 2024-nji ýyl­da Rus­si­ýa­nyň iň baý ze­nan­la­ry­nyň sa­na­wyn­da üçün­ji ge­zek bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Işe­wür ze­na­nyň ma­ýa­sy 2024-nji ýyl­da 5,5 mil­liard dol­lar diý­lip ba­ha­lan­ýar. Sa­na­wa je­mi 20 ze­nan gi­ri­zi­lip, ikin­ji or­ny 2,45 mil­liard dol­lar baý­ly­gy bi­len Tat­ýa­na Lit­wi­nen­ko eýe­le­di. Ol 2022-nji ýyl­da adam­sy Wla­di­mir Lit­wi­nen­ko­dan «Fo­sag­ro» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň 20,6 gö­te­ri­mi­ni mi­ras al­dy.

Da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­di

Ýa­po­ni­ýa­nyň san­ly­laş­dyr­ma iş­le­ri bo­ýun­ça mi­nist­ri Ta­ro Ko­no ýur­duň do­lan­dy­ry­jy Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň (LDP) baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne öz da­laş­gär­li­gi­ni yg­lan et­di, ýe­ňi­ji sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek par­ti­ýa saý­law­la­ryn­dan soň in­di­ki Prem­ýer-mi­nistr bo­lar. Ol bu ka­ra­ry ba­ra­da met­bu­gat ýyg­na­gyn­da mä­lim et­di. Hä­zir­ki gü­ne çen­li öň­de du­ran saý­law­la­ra gat­naş­mak­çy­dy­gy­ny Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­ki yk­dy­sa­dy howp­suz­lyk mi­nist­ri Ta­ka­ýu­ki Ko­ba­ýa­si, öň­ki go­ran­mak mi­nist­ri Si­ge­ru Isi­ba yg­lan et­di­ler. Mun­dan baş­ga-da, LDP-niň baş­ly­gy­nyň saý­law­la­ry­na gat­naş­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ýo­ko Ka­mi­ka­wa da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­len­me­gi üçin ze­rur gol­da­wy al­dy. Je­mi 11 sy­ýa­sat­çy Ýa­po­ni­ýa­da par­ti­ýa­nyň li­de­ri we­zi­pe­si­ne esa­sy da­laş­gär­ler ha­sap­lan­ýar.

Ka­ma­la Har­ri­siň il­kin­ji söh­bet­deş­li­gi

ABŞ-nyň hä­zir­ki wi­se-pre­zi­den­ti, de­mok­rat­lar ta­ra­pyn­dan pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär hö­dür­le­nen Ka­ma­la Har­ris saý­law­lar­dan iki aý öň CNN te­le­ýaý­ly­my­nyň stu­di­ýa­sy­na ba­ryp, il­kin­ji ge­zek alyp­ba­ry­jy Da­na Baş bi­len söh­bet­deş­lik ge­çir­di. Bir aý mun­dan ozal pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­le­nen Ka­ma­la Har­ris bir sa­ga­da çe­ken söh­bet­deş­li­gin­de, esa­san, içer­ki me­se­le­le­re ün­sü­ni jem­le­di. Şeý­le hem ol söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da ýa­kyn wagt­da ýurt­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry, ABŞ-nyň hä­zir­ki li­de­ri Jo­zef Baý­de­niň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty we Mek­si­ka bi­len ser­het­dä­ki ýag­daý­lar ba­ra­da du­rup geç­di. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da Ka­ma­la Har­ris da­şa­ry sy­ýa­sat­da Baý­de­niň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­na berk eýer­jek­di­gi­ni bel­le­di. Har­ris saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­zan­sa, il­kin­ji mak­sat­la­ry we anyk ädim­le­ri ba­ra­da jik­me-jik sa­nap geç­me­di. Mu­ňa de­rek, yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn ün­si çek­di.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Mo­ne­niň kar­ti­na­sy auk­sio­na çy­kar. Fransuz suratkeşi Klod Mo­ne­niň 1897-1899-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da çe­ken «Suw li­li­ýa­la­ry» kar­ti­na­sy 26-njy sent­ýabr­da Gon­kong­da «Chris­tie’s» auk­sio­ny­na çy­ka­ry­lar. Dö­re­di­le­ni bä­ri 125 ýy­lyň için­de il­kin­ji ge­zek sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýan kar­ti­na 25-35 mil­li­on dol­lar ara­ly­gyn­da ba­ha ke­sil­ýär. 121 ýyl­dan soň gow­şan hat. Su­on­si­dä­ki (Uels) gur­lu­şyk jem­gy­ýe­ti­niň iş­gär­le­ri 1903-nji ýy­lyň 23-nji aw­gus­ty bi­len se­ne­le­nen ha­ty al­dy­lar. Hat Li­di­ýa De­wis di­ýen bi­ri­niň sal­gy­sy­na ýa­zy­lyp, Pemb­ruk­şir­dä­ki Fiş­gard şä­he­rin­den ibe­ri­lip­dir. Pa­ty­şa­lyk poç­ta­sy­nyň we­ki­li ha­tyň poç­ta­da sak­lan­man, go­laý­da ug­ra­dy­lan bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni çak­la­dy.

Mugallym – Be­lent sar­pa my­na­syp ynsan

Er­tir 1-nji sent­ýabr gü­nü­di. Ag­şam iş­le­ri­mi bir­ýüz­li edip, in­ter­net sa­hy­pa­la­ryn­da ýer­leş­di­ri­len tä­ze­lik­ler bi­len tan­şyp baş­la­dym, in­ter­net ýaz­gy­la­ry­nyň bi­rin­de: «Sa­lam, mu­gal­lym! Gör, nä­hi­li gu­la­ga ýa­kym­ly eşi­dil­ýän söz­ler. El­bet­de, dün­ýä­de iň hor­mat­ly kä­riň haý­sy­dy­gy ba­ra­da so­ral­sa, «mu­gal­lym­çy­lyk» di­ýip jo­gap be­rer­dim. Se­bä­bi mu­gal­lym öw­red­ýän us­sat, öz öm­rü­ni ylym öw­ret­mek ýa­ly asyl­ly işe ba­gyş ed­ýän be­ýik yn­san­dyr. Mek­dep ýyl­la­ry­ny mu­gal­lym­syz göz öňü­ne ge­tir­mek as­la müm­kin däl» di­ýen se­tir­le­re gö­züm dü­şen­de bi­yg­ty­ýar ça­ga­lyk ýyl­la­rym ýa­dy­ma düş­di. El­bet­de, mäh­rem ene per­zent­le­ri üçin il­kin­ji mu­gal­lym we il­kin­ji bas­gan­çak­dyr. Ýa­şaý­şyň do­wam et­me­gi bi­len aý­lar, ýyl­lar aý­la­nyp, ça­ga bel­li bir ýa­şy­na ýe­ten­soň maş­ga­la­nyň is­le­gi­ne gö­rä ça­ga­lar ba­gy­na ber­lip, ça­ga üçin eý­ýäm ikin­ji mu­gal­lym, ýag­ny ter­bi­ýe­çi bo­lup ikin­ji bas­gan­ça­ga çy­kyp baş­la­ýar. Ça­ga­jyk­lar ça­ga­lar ba­gyn­da ter­bi­ýe­çi­niň, ýag­ny ikin­ji mu­gal­ly­myň ola­ra ber­ýän mä­hir-yh­la­sy ne­ti­je­sin­de ýu­waş-ýu­waş­dan dur­mu­şa ädim ädip baş­la­ýar. Ça­ga­lar ba­gyn­da ter­bi­ýe­çi mu­gal­lym­lar ça­ga­la­ryň elin­den tu­tup, ak ka­gy­zyň ýü­zü­ne çyz­gy­jyk­lar çe­kip, ola­ryň ki­ta­ba, su­ra­ta bo­lan hö­we­si­ni oýa­ryp baş­la­ýar­

Ner-maýa çyrpynan otly ýaýlagym

2023-nji ýy­lyň 6-njy de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy Ýer ýü­zün­de mil­li­on­lar­ça ho­ja­lyk­la­ryň we maş­ga­la­la­ryň me­de­ni dur­mu­şyn­da hem-de azyk üp­jün­çi­li­gin­de uly or­ny eýe­le­ýän dü­ýe­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni we or­nu­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, 2024-nji ýy­ly «Dü­ýe­le­riň hal­ka­ra ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di. Bu hal­ka­ra res­mi­na­ma Ýer ýü­zü­niň ila­ty ta­ra­pyn­dan şat­lyk bi­len ka­bul edil­di. Dün­ýä halk­la­ryn­da we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da dü­ýe­ler iň peý­da­ly jan­dar­la­ryň bi­ri hök­mün­de ula­nyl­ýar. Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da we akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ga­zal­la­ryn­da dü­ýä­niň pi­ri We­ýis ba­ba, Sa­lyh py­gam­ber hem-de ojak­la­ryň mu­kad­des se­kiz haý­wa­ny­nyň bi­ri dü­ýe ha­sap edi­lip gör­ke­zil­ýär. Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň li­ri­ka­syn­da dü­ýe­dar­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň gym­mat­lyk­la­ry, lek­sik aň­lat­ma­lar asyl we göç­me ma­ny­la­ry aň­lad­ýan, sal­gy­lan­ma, de­ňeş­dir­me, meň­zet­me gör­nüş­ler­de be­ýan edil­ýän çe­per ga­lyp­lar­da tes­wir­len­ýär. Ola­ryň iň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na «Göz­le­me­ýän bo­lar­my», «Gür­ge­niň», «Gu­luň bol­dum», «Ýar çe­ker», «Rys­man da­kar­lar», «An­da­dur», «Dur­sa ge­rek­dir», «Biz­ge ro­wa­na», «Al­nyň­da», «Mun­da çi­lim­keş», «Gö­rüm gö­rül­me­gen ýer­de», «G