"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mähir mukamly mekan

Parahatçylyk, agzybirlik, jebislik bilen birlikde, mähir-söýginiň, dost-doganlygyň mekany Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabadyň gözleri gamaşdyrýan lowurdyly, nurana keşbinden, onuň bu günki gözellik dünýäsinden ildeşlerimiz gana-gana lezzet alýarlar. Arkadag Prezidentimiziň saýasynda, ylla, Erem bagy kimin, daş-töweregine nur paýlaýan merjen şäherimiz gijesi-gündizi, gyşy-tomsy gül kamaty, gözellik dünýäsi bilen ýüreklere ylham berýär. Aslynda, ähli pasylda goýny gök begresli, gül parçaly Aşgabadyň ynsan kalbyny heýjana salýan ajaýyp keşbi hemişe toý zynatyna beslenýär. Paýtagtymyz — ýaşamak üçin amatly, dynç almak üçin eşretli, ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher. Tutuş süňňüni bag-bakjaly, serhowuzly seýilgähler gurşap alan, ak şäherimiz Aşgabadyň gün-günden gözelleşmeginde, beslenýän her bir toý lybasynda birleşigimize degişli etrap bagçylyk şeýle hem arassaçylyk müdirliklerimiziň hünärmenleriniň yhlasyny hem döredijilikli zähmetini görmek biziň üçin buýsançlydyr. Güller içinde gülleýän, bag-bakjasy, tämiz howasy, rahat durmuşy bilen göwünleri galkyndyrýan paýtagtymyzy gurşap alýan gök zolaklarda öz işine ussat gülçülerimizdir bagbanlarymyzyň kämilligi, erjelligi bilen birlikde, olaryň zähmetiniň miwesi görünýär. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna we gözelleşmegine mynasyp goşant goşýan hünärmenlerimiz täze açylýan binalardyr desgalaryň daş-töwe

Alkyşly sözler beýan edildi

ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi mynasybetli geçirilen maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, şäher-etrap Geňeşleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, işjeň agzalary, şeýle-de welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Ony welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilelikde gurady. Hoşallyk maslahatyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň başlygy Merdanaly Orazberdiýew açyp, oňa gatnaşyjylary ajaýyp waka mynasybetli gutlady hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde kabul edilen resminama, Ahal welaýatynyň ýaşlaryny täze üstünliklere ruhlandyrdy. Nobatdaky

Täzeçillige ymtylyş

Ak bugdaý etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşi tarapyndan yglan edilen okuw-görkezme esbaplarynyň we döredijilik işleriniň bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşigiň esasy maksady täzeçillige ymtylýan öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Sergä işleriň onlarçasy hödürlendi. Etrapdaky çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, şeýle-de etrabyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň her birinde täzeçillik ruhy duýulýar. Munuň şeýledigine etrapdaky 44-nji orta mekdebiň eýwanynda guralan sergini synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar.

Bagtyýar çagalygyň joşguny

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu ahally çagalaryň kalbynda çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi. Şeýle bolansoň olaryň käbiriniň köňül buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik:

Wepalylygyň, gaýduwsyzlygyň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde merdana halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen we bütin dünýäde ykrar edilen milli gymmatlyklarymyza uly üns berilýär. Wepalylygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi, hüşgärligi bilen halkymyzyň durmuşynda uly orna eýe bolan türkmen alabaýy bu gymmatlyklaryň ajaýyp nusgasydyr. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň sanyny köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaýlaryna häsiýetli aýratynlyklary açyp görkezýän ajaýyp eserdir. Bäş bölümden ybarat bolan kitabyň suratlar bilen bezelmegi, täsirli, gyzykly wakalar, rowaýatlar onuň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň ýiti zehininden we çuňňur paýhasyndan dörän bu eserde türkmen alabaýynyň irki döwürlerden bäri eldekileşdirilişinden başlap, onuň häzirki döwrümize çenli durmuşymyzdaky orny beýan edilýär. Kitabyň sahypalarynda ussat suratkeşleriň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden nakgaş eserleri her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Eserde adam bilen tebigatyň, janly-jandarlaryň sazlaşygy, alabaýyň mertlik, wepalylyk, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri açylyp görkezilýär.

Kanunçylyk binýady berkidilýär

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz okgunly ösýär. Halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet gurluşynyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli gymmatlyklara daýanyp amala aşyrylýan syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlar ägirt uly ähmiýete eýedir. Döwletimiziň ykdysady durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegini gazanmak, onuň üçin amatly hukuk mümkinçiliklerini döretmek, administratiw taýdan has netijeli şertleri we kämil usullary dolandyryş ulgamyna ornaşdyrmak bu ugurda aýratyn ileri tutulýan ugurdyr. Muňa mysal hökmünde, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar.  Bu Kanuna laýyklykda, administratiw edara diýlip, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslara düşünilýär. Administratiw edaralaryň administratiw namanyň kabul edilmegine gönükdirilen işi administratiw önümçiligi düzýär.

Möhüm meselelere bagyşlandy

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň giň mejlisler zalynda köp adamly işjeň maslahat boldy. Möhüm meselelere bagyşlanan bu maslahatyň işine welaýatymyzyň medeniýet, sungat, teatr, kitaphana ulgamynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap häkimleriniň şu ugra gözegçilik edýän orunbasarlary gatnaşdylar. Işjeň hem ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guramaçylykly geçen bu maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa giriş sözi bilen açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň nurana kalbyna deňelýän medeniýetimizi we sungatymyzy düýpli ösdürmek, ajaýyp nusgalyk kitaplaryny çuň öwrenmek we köpçülige wagyz etmek, «Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip mynasyp atlandyrylan ýylymyzyň her bir gününi zähmet ýeňişleri bilen bezemek, halkymyzyň baş mukaddesligi bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň şu ýyl uly dabaralara beslenip belleniljek şöhratly 30 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly öňde goýan möhüm wezipelerini üstünlikli çözmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdi. Öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli we öz wagtynda amal etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr diýip, A.Durdyýewa aýratyn nygtady.

Döwrümiziň zehin uçgunlary

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň saýasynda bu günki gün bagtyýar körpeleriň şatlykly owazlary joşgunly ýaňlanýar. Ýurdumyzda ýaş oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýän zehinli nesiller ajaýyp döwrümizi buýsançly wakalara besleýärler. Her ýyl zehin ýyldyzjygy bolup şöhle saçýan şadyýan çagalaryň ençemesine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşurylýar.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

DOKUZYNJY SAHYPADAN SOŇ Kitap okap otyrkam ol kitapda kitap okamaga dahylly şeýle sözlere duşdum: «Döredijilik öýünde ýanyma Aleksandr Bek geldi:

Täze ýylda täze bagt ýa-da bagtly bolmagyň 5 sany esasy şerti

Dünýä döräli bäri ynsan oglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy «Bagtly bol!», «Alnyň, bagtyň açyk bolsun!» diýlen sözler bilen jemlenýär. Eýsem, bagtly bolmagyň syry nämede?! Bu barada tanymal pedagog-psiholog, ýazyjy Jon Izzo dürli kärdäki adamlardan başlap, ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen söz ussatlarynyň, akyldarlaryň aýdyp geçen dana pähimlerine, beren öwüt-ündewlerine, pikirlerine, şeýle hem nazary garaýyşlaryna salgylanmak arkaly özüniň «Durmuşda bagtly bolmagyň 5 şerti» atly kitabyny ýazýar. Bu kitap durmuşyň iň ýönekeý, şol bir wagtyň özünde hem iň möhüm esaslaryny beýan edýär. Ol her bir adamyň şu aşakdaky 5 ýörelgäni berjaý eden halatynda özüne ebedi bagtly durmuşy gazanyp biljekdigine ynanýar.

Tymsallar

IŇ YGTYBARLY DOST Bir gezek Nejmeddin Kubranyň ýanyna gelip, bir ýaş ýigit özüniň dost tutunmakda ýalňyşýandygyny, nähili adamy dost tutunsa oňat boljakdygyny sorapdyr.

Ajaýyp mekan

Uly joşgun bilen garşylanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek işleri batly depginler bilen dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň gözel şäherimizde gurulýan her bir desganyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen kämil derejede sazlaşmalydygyny, onuň ähli babatda dünýä nusgalyk derejede bolmalydygyny nygtaýar. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Şunda Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar — 12 gatly ýaşaýyş jaýlary, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi, Parahat 7, «Täze zaman», Çoganly ýaşaýyş toplumlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň 14, 15, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gurlan desgalar, döwrebap ýollar, olaryň ugurlarynda ýetişdirilen täsin baglar, al-elwan güller bu gün paýtagtlylaryň hem-de myhmanlaryň buýsanjyna öwrüldi. Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwrülýär. Paýtagtymyz Aşgabatda bina edilýän her bir desgada halkymyzyň abadan we medeniýetli ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işler uly rowaçlyklara beslenýär. Paýtagtymyzyň ösüşinde häzirki zam

Beýik işleriň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen gözel paýtagtymyzyň ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, onda-da ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi diňe bir paýtagtymyzyň däl, tutuş ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda mähriban halkymyzyň, şol sanda telekeçilerimiziň, gurluşykçylarymyzyň agzybirlikli çekýän asylly zähmetine buýsanjyň has-da artýar. Aýratyn hem, ak şäherimiziň nurana keşbinde, ýollaryň ugurlarynda, çatryklarda oturdylan mahabat şitlerine, monitorlara bezeg berýän türkmeniň bitewüligini, agzybirligini, milli özboluşlylygyny alamatlandyrýan özboluşly şekillere, haly göllerine, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleriniň suratlaryna, binagärligiň täsin görnüşlerine gözüň düşende kalbyňda ajaýyp duýgular peýda bolýar. Aşgabat — ajap eýýamyň şuglasy, beýik ösüşlerimiziň kerwenbaşysy. Baş şäherimizde bagtyýar ýaşaýyş üçin döredilýän ajaýyp şertleriň düýp mazmunynyň hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgesinde jemlenýänligi bolsa biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen täze gurulýan ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. Şunda türkmen paýtagtynyň gazananlarynyň, rowaçlyklarynyň, şeýle hem ýaşyna görä her bir adam bilen bagly bolan durmuş düzümleriniň kemala getirilmeginiň özi onuň özboluşly

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäniň birinji ýarymy hamallar üçin düşümli bolar. Durmuşyňyzda boljak şowly pursatlar köpleri haýran eder. Hamallar geljek hepdede özlerini alyp barmakda ozalky ýörelgelerine eýermeli we sabyr-takatly bolmaly. Hepdäniň ikinji ýarymynda hamallara gyzykly duşuşyklar garaşýar. Hepde at-abraýyňyzy galdyrmakda, kärdeşleriňiz bilen dil tapyşmakda has oňaýlydyr.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda her bir ýylymyz şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. 2021-nji ýylymyz hem hormatly Prezidentimiziň makullamagy esasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyryldy. Munuň şeýle atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Ol biziň ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň öňe sürülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu ýylda hem ähli ulgamlarda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetiler. Bu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagyna buýsanjymyzyň, begenjimiziň çägi ýok. Biz — mugallymlara işlemäge, şeýle abadan durmuşda ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Milli kanunçylygymyza buýsanç Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş kanunlarynyň esasy özeni, ýol-ýörelgesi halallyk, adalatlylyk düşünjeleridir. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysady we syýasy durnuklylygyny gazanmak hakyndaky aladalary eziz Diýarymyzy ygtybarly özgertmeler arkaly öňe gitmegini üpjün edýär.

Öňdebaryjy ulgamyň uly geljegi

Islendik döwletiň ösüşli ýoluny ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösdürilmegi kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Milli Liderimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň uly orna eýe bolmagy bilen sazlaşykly utgaşýar. Aýratynam, bu babatda sanly ykdysadyýetiň jemgyýetimizde durmuşa ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Arkadag Prezidentimiziň 2019 — 2025- -nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen gürrüňi edilýän meselede giň möçberli işler amala aşyrylyp başlandy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda kämil tehnologiýalar, innowasiýalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimize, beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýetiň barha işjeň ornaşdyrylmagy wagtyň tygşytlanmagyna, bäsleşige ukyply önümleriň, harytlaryň öndürilişini artdyrmaga giň ýol açýar.

Möhüm meselä bagyşlanyldy

Täze ýyl baýramynyň yzysüre TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda okuw-maslahat geçirildi. Bu okuw-maslahat TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralyp, oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň, pudaklaýyn geňeşleriniň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw-maslahatda hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr” at bilen geçirilen okuw--maslahatda milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda, olary ilkinji guramalaryň başlyklaryna, işjeň agzalaryna ýetirmekde, wagyz etmekde, olaryň işjeňligini has-da artdyrmakda çözülmeli möhüm meseleler barada pikir alşyldy.

Söýgüsi ― il, serpaýy ― alkyş

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Halaç etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginiň çäginde gurlan Berkarar zaman obasy diňe bir döwrebap keşbi bilen däl, eýsem, biri-birine barha ysnyşýan ýaşaýjylarynyň agzybirligi, ýürekdeşligi bilen hem göwnüňi göterýär. Ýaşaýjylaryň hersi bir ýerden göçüp gelen hem bolsalar, olar gysga wagtyň içinde ýürekdeş goňşulara, mähirli obadaşlara öwrülip gitdiler. Bu gün biri-biriniň toý-märekesinde hemmeleriň bilek çyzgap, hyzmat edip ýörenini göreniňde, göwnüň guş bolup uçýar. Men — eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu döwrebap obanyň ýaşaýjysy. Oba ilatynyň arasynda agzybirligi, jebisligi, ýaşlaryň arasynda edep-terbiýäni wagyz etmekde oba geňeşliginiň wekilleriniň hem uly paýy bar diýip düşünýärin. Ýaşulular bilen her gezek Geňeşligiň jaýyna baranymyzda, onuň hünärmenleriniň il-günüň aladasyna gurşalanlygyny görüp has guwanýarsyň. Gysga wagtyň içinde il-günüň ýüreginde ýer edip bilen hünärmenleriň biri-de Maýa Akyýewadyr.

Gül Watanyň goýnunda

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleriniň joşguny bagtyýar çagalaryň kalbyna ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etdi. Çagalaryň şadyýan gülkülerine şaýat bolanyňda olaryň bagtyýar döwrüň bagtly balalarydygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen eziz Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ady dünýä dolan ýurdumyzda ýaş nesiller üns-alada bilen gurşalýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sporta, sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek üçin dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi-de uly ähmiýete eýedir. Düýn Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan okuwda, döredijilikde, sportda we beýleki ugurlarda tapawutlanan ýaşlaryň birnäçesine Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Olaryň ählisi hem mekdepde göreldeli okamak bilen birlikde jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolup, milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmäge, ata Watanymyzyň abraýyny belende götermäge mynasyp goşant goşýan zehinli çagalardyr. Biziň welaýatymyzdan hem bagtyýar çagalaryň ýedisi bu baýraga mynasyp boldy. Olaryň eziz Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyş sözleri bolsa bu dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.