"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar ýagşy işleriň ýarany

Golaýda şeýle şygar bilen Babadaýhan etrap Alyjylar jemgyýetinde netijeli zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu duşuşygyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan „«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» mazmunyny düşündirmekden, şeýle-de ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny hem-de maşgala agzybirligini, jebisligini we berkligini gazanmakdan ybarat boldy. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyşlara giň orun berildi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin bellediler.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar

2021-nji ýyl - Fewral 1.Hamal (Guzy 21.03—20.04)

Salgyt ulgamyndaky täze ýeňillikler

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi döwletiň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, durmuş ulgamyny ösdürmäge ýardam edýär. Garaşsyz döwletimizde döwrüň talaplaryna we dünýä ösüşiniň ýörelgelerine esaslanylyp, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösüşini dowam edýär. Milli Liderimiz tarapyndan ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, köpugurly esasda ösdürmäge, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli işler yzygiderli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda hereket edýän «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna hem birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini berkitmäge täsir edýän gural bolup çykyş edýär.

Welaýatymyzyň giňişliklerinde

Zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňligi ýokarlanýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine ýurdumyzyň zenanlary mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar dürli ulgamlarda göreldeli zähmet çekmek bilen, jemgyýetimiziň sagdynlygyny, maşgala abadançylygyny gorap saklamakda durmuşymyzda möhüm orny eýeleýärler. Zenanlarymyzyň jemgyýetçilik işjeňliginiň barha artýandygyna Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň guramalarynda alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär.

Çagalaryň röwşen geljegi — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy» boýunça ýerine ýetirilmeli işlere hem badalga berildi. Bu maksatnama ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly çäreleriň depginini çaltlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we islendik ýaşda hemmeler üçin abadançylyga ýardam bermek» diýip atlandyrylýan 3-nji hem-de «Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin tutuş ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek» atly 4-nji maksadynyň, ilkinji nobatda, çagalaryň ösüşi hem-de abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy göz öňünde tutulanda, munuň özi ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň öňünde hem jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Gahryman Arkadagymyz: «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir» diýmek bilen, ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün

Sarpaly ýörelgeler

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelýän edim-gylymlary, asylly däp-dessurlary bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň şeýle türkmençilik ýol-ýörelgeleri hakynda ylmy-filosofiki söhbet edilýär. Türkmen halky uzak asyrlardan bäri durmuş tejribesine salgylanyp, käbir sanlary şowly hasaplap gelýär. Şol sebäpli-de üçlükler, ýedilikler, dokuzlyklar barada il içinde gyzykly gürrüňler saklanyp galypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda-da şol sanlar barada gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Milli Liderimiz şeýle belleýär: «Täze dogan Aý ýüze sylynýar, aslynda türkmençilikde ýedi sany zady ýüze sylmak parz hasap edilýär. Ýüze sylynýan şol durmuş pursatlaryny beýan edeýin:

Söýgi we pasyllar hakynda

■ Pasyllaryň hiç hili dahyly ýok, sensizlik elmydama sowukdyr. ■ Söýgiň möwsümleýin bolmasyn, baharda açylyp, aňzakda solmasyn.

Ömrüň manysy – Watanyň parahatçylygynda

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly belent watançylyk duýgularyna ýugrulan Şadiwanyndan alnan sözbaşydan aňlanylyşy ýaly, Watan parahatçylygyny, ýurt asudalygyny, il abadançylygyny, durmuş bagtyýarlygyny döredip, onuň goragynyň ygtybarlylygyny gazanyp bilmek, ynsan ömrüniň manysyny ölçeýän işlerdir, mukaddes wezipelerdir. Bu barada milli Liderimiz ýokarda agzalan kitabynda: «Her bir adamyň ýürekden eden ýagşy işini nesiller taryha ýazýarlar. Şeýdip, Watany söýmegiň mekdebiniň dowamlydygy aýan edilýär» diýip, bize ýagty geljege barýan nurana ýol görkezýär we «Watanyň ykbalyny öz ykbaly bilen bitewülikde duýýan, Watany üçin her pursatda öz hany-manyny bermäge taýýar, hakyky ynsanlar kemala gelýärler. Eziz Watanymyzyň geljegi bolsa, watansöýüjilik nusgasy bilen terbiýelenen ýaşlara baglydyr» diýen ajaýyp jümleler bilen, şol nurana ýoldan buýsançly gadam urmaga ruhlandyrýar. Eziz Watana, mukaddes topraga, il-halka bolan söýgi, yhlas her bir ynsanyň aňyna ene hüwdüsi, ata öwüdi, pederleriň pähim-paýhasa ýugrulan pentleri bilen geçýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa şeýle watançylyk duýgular ýaş nesliň kalbyna Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarydyr nusgalyk göreldesi bilen ornaşýar. Şeýle çuňňur watansöýüjilige ýugrulan kitaplar ýurdumyzyň parahatçylygyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny gözleriniň göreji kimin goraýan, Wa

Milli goşun — mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak, ony mundan beýläk hem has-da kämilleşdirmek, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap goranyş ulgamyny kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaragly Güýçlerimizde häzirki zaman harby tehnikalaryna we ýaraglaryna erk edýän harby gullukçylaryň taýýarlanylyşyny yzygiderli ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ähli amatlyklar bilen üpjün etmek, ýokary düzgün-tertibi saklamak, Watan goragçylaryna harby-watançylyk terbiýesiniň çuňňur many-mazmunda berilmegini gazanmak esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndaky: «Watany goramak borjy Watanyň gadyr-gymmatyna çensiz uly sarpa goýýan il-halkymyzyň emer-damarynda ýaşaýar» diýlip beýan edilen çuňňur manyly sözler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň harby hünäriň inçe syrlaryny ürç edip öwrenmekleri, şeýle-de Watan goragçylarynyň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly bildirýän talaplary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginde hem netijeli durmuşa

Juwanlygyň şäheri — Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uludan toýlanylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda hem uly ösüşler gazanyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk önümlerine barha artýan islegleri şertlendirip, ýerli çig malyň esasynda olary öndürmek babatda uly işler amala aşyryldy. Gurluşyk serişdeleriniň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilmegi taslamalaryň özüne düşýän gymmatyny has-da arzanladýar. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar — 12 gatly ýaşaýyş jaýlary, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi diňe bir paýtagtlylaryň däl, eýsem, ähli halkymyzyň amal edilýän beýik işlere bolan buýsanjyny goşalandyrdy.

Tapawutlananlar höweslendirildi

Ýakynda podpolkownik Myrat Hojagulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Iň gowy diwar gazeti» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde maddy üpjünçilik rotasynyň sürüjisi, esger Arzuw Atajanow has-da tapawutlanyp, 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy, şeýle-de gorag rotasynyň 3-nji bölümçesiniň esgeri Röwşen Ataýew 2-nji, aragatnaşyk wzwodynyň kompýuter we wideogözegçilik bölümçesiniň gözegçisi, esger Akmyrat Şükürow 3-nji baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňijilere Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Orazmuhammet MUHAMMEDOW, kapitan.

Ýatdagalyjy hepdelik

Türkmen halky ýetip gelen 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen garşy aldy. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde geçirilen hepdelik hem, täze ýylyň belent maksatly ady bilen baglanyşdyryldy. Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan hepdelik ýokary depginde dowam etdirilip, meýilnamada görkezilen çäreler birkemsiz ýerine ýetirildi. Harby gullukçylar syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli maglumatlar, ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlar, täzelikler bilen gündelik tanyşdyryldy. Gullugymyzyň Okuw merkezlerinde tälim alýan ýaş esgerleriň ruhy-ahlak ýagdaýlaryny öwrenmek, wagyz-nesihat işlerini geçirmek maksady bilen, dolandyryşyň serkerdeleri tarapyndan olaryň arasynda ýörite işler geçirildi. Şonuň ýaly-da, ähli harby bölümleriň şahsy düzüminiň arasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň many-mazmunyny açyp görkezýän çäreler bilen bir hatarda, howanyň aýazly günleriniň dowam etmegi bilen baglanyşykly, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk kadalary barada, ýiti öýken sowuklama we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de beýleki möhüm wakalar boýunça okuw sapaklary, wagyz-nesihat hem-de beýleki çäreler guraldy. Hepdeligiň dowamynda harby gullukçylaryň, esasan hem esgerleriň ahlak-ruhy ýagdaýy nazarda tutulyp, Gullugymyzyň degişli gulluklary tarapyn

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Gerçek ýigit, goç ýigit Watan daýanjy, halkyň guwanjy

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni Taryhdan mälim bolşy ýaly, döwletleriň berkligi, belentligi, beýikligi şol döwletiň erkek göbeklisiniň sagdyn, ylymly-bilimli, watansöýüji, merdi-merdana, dogumly, gerçek ýigit bolup ýetişmegine baglydyr. Ata-babalarymyz ogul perzentlerini çagalykdan terbiýeläp, olaryň geljekde maşgalasyny, ata Watanyny gözüniň göreji dek gorap biljek är ýigitler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edipdirler.

Tebigatyň görki

Kimde kim bir agaç ekse ýadygär,Dünýäň kitabynda onuň ady bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde miweli we saýaly agaçlaryň köpçülikleýin oturdylmagy daşky gurşawyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Emeli tokaýlaryň sanynyň artmagy bolsa howanyň arassa bolmagyna getirýär.

Watan!

«Halkymyzyň merdanalyk, lebzihalallyk mekdebi dowamlydyr. Köňli nurly Watan ogullaryna şöhrat bolsun!» Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. «Mertler Watany beýgeldýär»

Jemgyýetçilik guramalarynda

Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda «Parahatçylyk we ynanyşmak türkmeniň döwletlilik ýörelgesidir» diýen at bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Her birimiziň borjumyz

Taryhy we ylmy maglumatlara nazar aýlanymyzda, adamzat tarapyndan oduň hojalykdadyr önümçilikde giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösmegine hem-de ylmyň kämilleşmegine, durmuşda öňegidişlikleriň gazanylmagyna giň ýol açandygyna göz ýetirýäris. Ýöne oduň gözegçiliksiz galdyrylan ýa-da oňa eýeçilik gözi bilen çemeleşilmedik halatlarynda, adamyň janyna, daşky gurşawa, döwlet, hususy we jemgyýetçilik emläklerine düýpli zeper ýetmegine getirýändigini hem unutmaly däldiris. Bagtyýarlyk döwrümiziň abadan binalarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdygy öz-özünden düşnüklidir. Çünki bu häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş, önümçilik we beýleki maksatly binalardyr desgalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen, ägirt uly býujet we maýa goýum serişdeleriniň miwesidir.

Zenan gözelliginiň gözbaşy

Ata Watanymyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpa belentdir. Gahryman Arkadagymyz mährem enelerimizi, gül ýüzli gelin-gyzlarymyzy beýik mertebe bilen arzylaýar. Olar baradaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýär. Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlaryň uly topary Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady, «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Köp çagaly enelerimize ähli amatlylyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary berilýär, şeýle-de pul sowgatlary gowşurylýar. Mähir-muhabbete ýugrulan bu aladalaryň ählisi zenanlarymyzy diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzda gender deňligi ileri tutulýar. Şonuň esasynda zenanlar erkekler bilen deň hatarda ähli ugurlarda zähmet çekýärler. Bu hormata biz — zenanlar hem mynasyp jogap bermelidiris. Ýagny, haýsy kärde zähmet çekýändigimize garamazdan, milliligimizi, edepliligi gözden salmaly däldiris. Çünki zenan edebi gözelligiň gözbaşydyr. Zenan edepli, agras, mylakatly bolanda, şol öýüň gözelligi hem düýbünden başgaça bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de zenanlara öýüň tämizligi, biş-düş, çaga terbiýesi, olara görüm-görelde bolmak hem mahsusdyr. Öýe girmänkäň, öýüň arassaçylygyndan öýde nähili bikäniň bardygyny aňmak bolýar. Şol öýuň myhman kabul edişi hem öý bikesine gönüden-göni baglydyr.

Serhetçiden gelen hat (hekaýa)

Şol günden soň, serhetçi esgeriň göwni bir ýerde karar tapmady. Aýsähra hat ýazmak üçin sözleriň süýjüden-süýjüsini, täsirliden-täsirlisini agtaryp başlady. Çagalyk ýyllary adam ömrüniň iň gyzykly we ýatdagalyjy ýatlamalaryndan, wakalaryndan doly döwri bolýar. Meniň size gürrüň berjek wakam hem, çagalyk ýyllarynda bile önüp-ösüp, bileje oýnap ulalan deň-duş oglan bilen gyz hakynda.