"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Peder pendi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. «Watan goragy iýen halal duzuňy haklamakdyr» diýen at bilen guralan bu çärede gümrük gullukçylarynyň baýramçylyk mynasybetli gutlag çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Sahnada we onlaýn arkaly welaýat gümrükhanalaryndan dabara gatnaşyp çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, harby gullukçylar üçin döredilen gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri, gümrük işiniň sanly esasdaky usulyýetiniň baýlaşdyrylyşy, gümrük nokatlarynda amala aşyrylýan gulluk-gözegçilik işiniň döwrebaplaşdyrylyşy barada uly buýsanç bilen bellediler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna beslenýän şanly sene mynasybetli guralan baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň aýdym-saz toparynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlara giň orun berlip, olarda ata Watanymyzyň waspy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik işleriniň tarypy ýetirildi. Dabaranyň ahyrynda göreldeli gulluk edýän harby gullukçylara baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Milli synçylara şahsyýetnamalar gowşuryldy

Şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny degişli kanunçylyga, milli demokratiýamyzyň ýörelgelerine laýyklykda geçirmäge welaýatymyzda ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Saýlawlara gatnaşjak milli synçylara degişli şahsyýetnamalaryň gowşurylmagy bolsa taýýarlyk işleriniň çäginde uly ähmiýete eýedir. Ahal welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsümiň çäginde milli synçylara şahadatnamalary gowşurmak mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa welaýat saýlaw toparynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Şanly ýyla bagyşlandy

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylyň çärelerine özboluşly badalga boldy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guralan dabara etrabyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işgärler gatnaşdylar. Dabarany etrabyň häkiminiň orunbasary Akgül Toporowa açyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde barha arşa göterilýän şan-şöhraty, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň etdi. Ol çykyşynda geçen, 2020-nji ýylda eziz Diýarymyzyň ýeten beýik sepgitleri hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalaryň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durup geçdi.

Zehin zehinden zyýada

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda Ak bugdaý etrabynda baý many-mazmunly çäreler guralýar. Etrabyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyrynyň guralmagy hem şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyna bagyşlandy. Onuň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan ajaýyp kitabynyň düýp many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmekden, olarda geçmiş taryhymyza, milli ýol-ýörelgelerimize buýsanjy artdyrmakdan hem-de watançylyk duýgularyny ösdürmekden ybarat boldy. Şeýle bolansoň, etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda bäsleşige gatnaşmaga höwes edenler az bolmady.

Möhüm wezipelerden ugur alyp

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi partiýanyň welaýat komitetleri bilen sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahat geçirdi. Oňa Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri hem gatnaşdylar. Maslahatda geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk işgärlerini, daýhanlary ýokary hilli önüm öndürmek ugrunda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak üçin wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ata Watanymyzy agrar döwletden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça geçirilýän işleri ilata düşündirmek babatda partiýanyň öňünde goýlan wezipeler barada durlup geçildi hem-de olary durmuşa geçirmegiň anyk ýollary kesgitlendi.

Akja gar

Şeýle bir owadan, şeýle bir gözel,Şeýle bir arassa, asuda säher.Dumly-duş ak gara bürenip otyr,Göýä ap-ak possun geýipdir şäher. Bütin gije maýdalapjyk ýagan gar,Keşp berdi zemine özüçe täze.Üçeklerde damjalar bulduraşdy,Meňzäp gaşyn kakyp näz edýän gyza.

Nesil terbiýesi — röwşen geljegiň dowamaty

Ata-babalarymyz ýaş nesli özbaşdak durmuşa taýýarlamaga uly üns beripdir. Öz nesillerine ene topragy, ata Watany janyň-teniň bilen söýmegi, aslyňa, däp-dessurlaryňa, ata-baba dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize buýsanmagy öwredipdirler. Türkmen halky öz nesliniň berk bedenli, erk-ygtyýarly, sagdyn pikirli bolmagy ugrunda çäksiz alada edipdir. Ata-enä, ula-kiçä hormat goýmagy, akylly, edep-tertipli bolmagy sargapdyrlar. Ata-babalarymyz öz ogul-gyzlaryny zähmetiň üsti bilen terbiýelemek arkaly ýaş nesliň öz ýagty geljegini özbaşdak, akylly-parasatly gurmagyny gazanypdyrlar. Aslynda, zähmet ynsan ýaşaýşynda iň zerur zatlaryň biridir. Halkymyz zähmete bolan söýgini, öz ukybyna görä hünär saýlamagy esasy şertleriň biri hasaplapdyr. Ýaşlary zähmetiň üsti bilen terbiýelemekde atalar sözüne we nakyllara ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Her bir türkmen maşgalasy çagalary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Halal zähmet — baky döwlet», «Az-az öwrenip, ussa bolarsyň, işlemeseň, hassa bolarsyň», «Hünärli ýigit — miweli agaç» ýaly müňlerçe parasatly sözlere salgylanypdyrlar.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

DEPDER. ÝAZMAK. OKAMAK Öňki ýazgy — bellik edýän depderim doldy-da, bu gün täzesini tutdum («Tutdum» diýäýýän, okuwçykak «Ýaşlyk» albom tutulýardy, şonuň täsiri bolsa gerek). Muny maňa agam berdi. «Özi ýazdyrýan ýaly» diýýär. Näçe taryp etseň, edibermeli ol depderi: sahypalarynda artykmaç ýazgy — sene, şekil we ş.m. ýok. Öýjük-öýjük däl-de, göni-göni çyzykly. Ýylpyldap, gözüňem gamaşdyranok. Ýüzünde galamyňy isleýşiňçe ýöredibermeli. Muňa nämedir bir zat ýazyp bilseň, ýene köp ýyldan soň hem ony arkaýyn okap bolsa gerek. Çünki kagyzy gowy. 2000-nji ýylda ýöreden bir gündelik depderim düşdi arada elime. Hatymyň düşnüksizligindenem beter, syýa kagyzyň ýüzüne ýaýrap, harplar ýognapdyr, solupdyr. Üstesine-de, sahypalaryň ýüzünde ugrukdyryjy çyzyklar hökmünde edilen öýjük-öýjükler şeýle bir ýiti welin, onuň derdinden ýaňa, haty okamak hyllalla.

Siz muny başararsyňyz! (Kämillige tarap)

Täsirli sözlemek we köpçüligiň öňünde çykyş etmek dogrusynda söhbet — Myrat, sen ertirki geçiriljek baýramçylyk dabarasynda çykyş edip, söz sözlemeli...

Üstünlige barýan ýol (Durmuş we biz)

Ägirtler bitiren işleri bilen ýatlanýar. Taryha ser salyp görsek, meşhur şahsyýetleriň aglabasynyň beýik işleri başarandygyna şaýat bolýarys. Şol gazanylan üstünlikleriň aňyrsynda irginsiz zähmet, barlyşyksyz göreş we ýüzlerçe synanyşyk bardyr. Ilkinji synanyşykdaky şowsuzlyk, päsgelçilik olaryň hiç birini hem ruhdan düşürmändir. ■ Lampany oýlap tapmaga synanyşan amerikan alymy Tomas Edisona bir gün şägirdi:

Iki palataly Parlament gurluşy: ilkinji saýlawlar

SYÝASY HUKUKLAR KEPILLENDIRILÝÄR Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty alnyp barylýar. Bu syýasatyň özeninde milli demokratiýany pugtalandyrmaga, raýat jemgyýetini berkarar etmäge gönükdirilen taglymatyň bolmagy guwandyryjy hakykatdyr.

Ýaşlar — ata Watanyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bitirilýän beýik işler türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty onuň zähmeti bilen kesgitlenýär. Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we bolçulykda ýaşamagynyň esasydyr. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy jemgyýetçilik işinde toplan tejribesine daýanyp, ýaş nesillerimize ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini bermekde netijeli işleri alyp barmalydyr» diýmek bilen ýaşlar babatda uly alada edilýändigine ünsi çekdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň egsilmez ykdysady kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky taýsyz aladadan nyşandyr. Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolu

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallar üçin şowly bolar. Bu döwürde ýaltalyga ýol bermän, işine çynlakaý çemeleşen hamallaryň işi oňuna bolar. Olaryň arasynda sylaga eýe bolup, wezipä çekilenleri-de bolar. Taýýarlan taslamalary iş ýüzüne geçirilip, önümçilikde ulanylar. Ýaşaýyş-durmuş şertini üýtgetmek isleýän hamallar üçin hepde diýseň amatlydyr.

Derwaýys meseleleriň maslahaty

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda raýat goranyşy we halas ediş işleri boýunça taýýarlygyň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmek bilen bagly derwaýys wezipelere uly ähmiýet berilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda goranyş we raýat goranyşy boýunça derwaýys meseleleriň oňyn çözgüdini gazanmak bagtyýarlyk zamanamyzda hemişe wajyp wezipe bolup durýar. Şu derwaýys meseleleriň şu günüň ösen talaplaryna laýyklykda çözülmegine gönükdirilen okuw-maslahat geçirilip, olarda gürrüňi edilýän wezipeler işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Täze, 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýokary ruhubelentlik bilen başlanan günlerinde ýokarda agzalan mesele bilen bagly maslahat geçirildi. Mary şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi, şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, welaýat baş bilim müdirliginiň jogapkär işgärleri, etrap we şäher bilim bölümleriniň wekilleri, welaýatymyzyň çägindäki ýokary, orta, başlangyç hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

27-nji ýanwar Watan goragçylarynyň günüdir!

Serhetden başlanýar bu eziz Watan Öz ussatlygy bilen dünýäni tutan bir tütjar baý täjir bolupdyr. Ol soňabaka dünýäni gezip, nirede gowy zat bolsa alyp, öýüni bezäp başlapdyr. Bir gezek bolsa ol ýurtlaryň birini aýlanyp ýörkä her dürli owadan, şirinden-şirin owaz edýän bilbili satyn alyp öýüne getiripdir. Ol mahmal owazly bilbile gelşiklije gözenekli öý ýasap, iým, suw berip öýüň oňaýly ýerinde goýupdyr. Aradan näçe wagt geçse-de, bilbil hiç hili saýramandyr. Gaýta, bir tüýsli zaryn owaz edipdir. Täjir munuň sebäbini bilmän, bir danany öýüne çagyryp, bilbil bilen gürleşmegini haýyş edýär. Bilbiliň bolşundan onuň öz Watanyny küýseýändigini, oňa şondan eziz zat ýokdugyny aňan dana bu zatlary täjire gürrüň berýär. Täjir bolsa, dana bilen dessine ýola düşüp bilbili alan ýerine äkidýär. Öz Watanynyň howasyndan dem alan bilbil täjire hoşallyk bildirip, şirin owazy bilen bagtyýar saýrapdyr...

Täze syýasy gurluş — täze wezipeler

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary hakynda söhbet «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde, 2-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine badalga berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu saýlawlar syýasy ulgamyň işiniň has-da döwrebaplaşdyrylyp, hil taýdan täze, iki palataly parlament gurluşynyň ýola goýulmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmeginde täze sepgidi alamatlandyrýar. Täze şertlerde ilkinji gezek geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň raýatlaryň syýasy işjeňligini ýokarlandyryp, olaryň syýasy-hukuk medeniýetini has-da kämilleşdirmekde möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.

Älem gözelligini özünde jemlän

Ynha, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbine aýratyn bezeg beren, milli binagärligi, döwrebap keşbi bilen göreni haýran edýän täze döredijilik merkeziniň «Jahan» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly manysy bar. «Jahan» diýlende, eýýäm göz öňüňe älem giňişligi gelýär. Onda ýaşaýyş bar, ol adamzat durmuşynyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýär. Älem gözelligini özünde jemleýän ol ajaýyplyklar bolsa, ilkinji nobatda, asuda hem parahat ýaşaýyş, sagdyn durmuş üçin zerur. Merjen şäherimiziň iň gözel künjeginde gurlan bu döredijilik merkezine aýlananymyzda, biz onuň mysalynda mähriban Arkadagymyzyň amal edýän işleriniň ählisinde ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek, sagdyn jemgyýeti döretmek meselesiniň esasy orunda durýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. «Jahan» döredijilik merkezi ýaş nesliň döwrebap terbiýesiniň, döredijilik başarnygynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi bilen birlikde, olaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagynda-da möhüm ähmiýetlidir. Onda döredilen aňrybaş şertler ýurdumyzda döredijiligiň dürli ugurlaryndan zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna, olaryň diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine-de gatnaşyp, baýrakly orunlary almagyna itergi berer.

Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

(Soňy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny kabul etmek üçin ol Mejlisiň garamagyna berildi. Mejlisiň maslahatynda deputatlar «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ählihalk maslahatda milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň maslahatynda deputatlaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň makullan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny we biragyzdan kabul edendigini habar berdi. Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň herekete giriziljekdigini aýtdy.

Üns beriň, bäsleşik!

Ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi, «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Dünýäň manysy bar ene sözünde, ene baky bahar ýeriň ýüzünde» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň maksady

Ýylyň zenany

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry şanly ýylymyzda hem uly ruhubelentlige eýe boldy. Etrabyň Medeniýet öýünde bolan bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Oňa etrabyň çäginden dürli pudaklarda zähmet çekýän bagtyýar zenanlar gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň hünär başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşyjylar onuň degişli ugurlary we şertleri esasynda çykyş etdiler. Öňdebaryjy zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işlerini özleriniň çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Olaryň asylly kärine bolan ukyp-başarnygy şol çykyşlarda aýdyň şöhlelendi.