"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

3 milliard amerikan dollarlyk paýnama satar

Milliarder Jeff Bezos «Blue Origin» kärhanasyna we «Bezos Day One Fond» haýyr-sahawat gaznasyna maýa goýmak üçin «Amazon» kompaniýasynyň paýnamalaryny satmagyny dowam edýär. Bu gezek Bezos 3 milliard amerikan dollary möçberinde paýnamalaryny satar. Ýeri gelende aýtsak, Jeff Bezosyň mundan öňki satan paýnamalary onuň pul goruny 222 milliard amerikan dollaryna ýetipdi.

«UniCredit SpA» girdejisini artdyrdy

Italiýanyň «UniCredit SpA» banky özüniň düşewündini 3 göterim, arassa girdejisini bolsa 8 göterim artdyrdy. Bu ösüş soňky çärýegiň dowamynda bolup geçdi. Bankyň habarlar bölüminiň mälim etmegine görä, «UniCredit SpA» üçünji çärýegiň dowamynda 6,14 milliard ýewro düşewünt, 2,51 milliard ýewro arassa girdeji gazandy.

55 million ýewro arassa girdeji gazandy

Germaniýanyň «Hugo Boss AG» kompaniýasy şu ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça 55 million ýewro arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, 16 göterim pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi bolsa 1,03 milliard ýewro deň boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary ýylyň jemi boýunça «Hugo Bossyň» girdejisi 4,2 – 4,35 milliard ýewro ýeter diýip çaklaýarlar.

«DHL Groupyň» düşewündi ýokarlandy

Germaniýanyň «DHL Group» logistika kompaniýasynyň üçünji çärýekde düşewündi 6,2 göterim ýokarlansa-da, onuň arassa girdejisi 6,9 göterim pese gaçdy. Has dogrusy, kompaniýanyň düşewündi 20,592 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa 751 million amerikan dollaryna deň boldy. Ýeri gelende bellesek, logistika bazarynda «DHL Group» kompaniýasy dünýäniň iň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar.

Dünýä bazarynda kofäniň eksporty ýokarlanýar

Dünýä bazarynda iň geçginli harytlaryň biri kofedir. Käbir döwletler her ýyl millionlarça halta kofe eksport edýär. 2024-nji ýylda kofe eksportynda öňdebaryjy ýurtlaryň arasynda birinjiligi Braziliýa, ikinjiligi Wýetnam eýeledi, başdaky üçlügi bolsa Kolumbiýa jemledi. Maglumat üçin, kofe eksportynda birinjiligi eýelän Braziliýa şu ýylyň dowamynda 66,3 million halta kofe eksport etdi.

Sanly ykdysadyýet: döwrebaplyk, millilik, ösüş

Häzirki döwürde adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny berkitmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan ygtybarly ösüşimizi üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny buýsançly bellemelidiris. Ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ykdysady üstünliklerimiziň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmeginiň möhüm wezipeleriň biridigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine dürli ugurlar bilen bir hatarda, 2026 — 2052-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasyny hödürlemegi teklip etdi. Munuň özi sanly ykdysadyýeti has-da kämilleşdirmekde möhüm başlangyçdyr.

Gazagystandan we Hytaýdan awtoulag arkaly ýük daşamalaryna bolan sargytlar birnäçe esse artdy

ATI.SU saýtynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň III çärýeginde Russiýa daşary ýurtlardan ýük daşamak üçin berlen sargytlaryň sany ýyllyk möçberde 68% göterim ýokarlandy. Bu ösüşe esasy itergi berenleriň biri Gazagystan boldy: Gazagystandan Russiýa ýük daşamak üçin berlen sargytlaryň sany «birnäçe esse» artdy (takyk sanlar barada habar berilmeýär). Artan isleg köp derejede Hytaý bilen söwda aragatnaşyklary bilen baglydyr: ýükleriň belli bir bölegi (ýörite tehnika, awtoulaglar, ilat tarapyndan sarp edýän harytlar) häzirki wagtda töleg meseleleri sebäpli Russiýa Federasiýasyna Gazagystanyň üstünden ugradylýar. Ýük daşamak isleginiň ýokarlanmagy bu ugurda tarif nyrhlarynyň ýyllyk möçberde 45% göterime çenli artmagyna sebäp boldy.

“Daýhanbank”: döwrebap hyzmatlaryň gerimini giňeldip

Türkmenistanda alnyp barylýan oňyn pul-karz syýasaty esasynda bank ulgamynda täze sanly bank hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ornaşdyrylýar we raýatlara yzygiderli hödürlenilýär. Sebäbi adam üçin iň gymmatly zatlaryň biri wagtdyr. Bank ulgamynyň sanly hyzmatlaryndan peýdalanyp, her bir raýat öz wagtyny tygşytlap bilýär. Bu, öz gezeginde, ulgamyň işini kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işleriň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň, kiçi we orta telekeçileriniň önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryny merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna ýeňillikli şertlerde, bankyň özüniň we çekilen serişdeleriniň hasabyna karzlaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilip, gerimi has-da giňeldilýär. Bank tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bölegine 4,5 milliard manat, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk bölegine we raýatlara 3,4 milliard manat möçberinde karzlar berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda, raýatlara şäherlerde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn almak üçin uzak möhletli karz s

Yhlasyň, zähmetiň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulan güni — geçen ýylyň 3-nji noýabry halkymyzyň hakydasyndan hemişelik orun aldy. Dabaranyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibi goldamagy bu pudaklaryň täze taryhynyň başyny başlady. Ine, bu ýyl bolsa Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän täze baýram — Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek uly dabara bilen bellenildi. Bu pudaklaryň işgärleriniň ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýandyklary hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli Gutlagynda hem aýdylýar. «Häzirki döwürde gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär» diýlen sözler bu pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyza indiki belent sepgitlere ýetmekde täze joşgun bagyş etdi.

Parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň ýoly

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag geçelgelerini döretmekde öňe sürýän parasatly başlangyçlary dünýäde parahatçylygy berkitmekde, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary we halkara giňişliginiň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Mähriban Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetinde hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagynda nähili ornunyň bardygyna düşünip, biz tutuş sebitde durnuklylygy hem-de parahatçylygy mundan buýana hem berkitmekde ähli başarnyklarymyzy jemleýäris, munuň özi adamzadyň geljekki ösüşleriniň hatyrasyna giň möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiz üçin esasy şert bolup durýar» diýen sözleriniň gymmatyny artdyrýar.

Türkmenistanyň, Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply tarifleri ornaşdyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply nyrh meýilnamalaryny ornaşdyrmagy hem-de ýük daşamalarynyň häzirki wagtda hereket edýän nyrhlaryny uzaltmagy ylalaşdylar.  “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu meselä sişenbe güni Özbegistanyň Daşkent şäherinde GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 81-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda garaldy. 

Barha ilerleýän pudagyň üstünlikleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3 – 5-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Serginiň maksady ýurdumyzyň gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda gazanan üstünliklerini hem-de dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalaryny tanyşdyrmakdan ybarat. «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä «Geljege Miras», «Demir ölçeg», «Maksatly gerçek», «Yhlas Kagyz», «Arap ulagy», «Ajaýyp gurluşyk», «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanalary, «Rysgally Nesip», «Elektron Ylhamy», «Oguzabat», «Ak bulut», «Ynamly ojak», «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetleri bilen birlikde Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşdylar.

Täze desga — täze belentliklere badalga

Berkarar Diýarymyzda türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bu ugurdaky işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Amyderýanyň kenarlarynda bitýän buýanyň köki milli baýlyklarymyzyň biridir. Mälim bolşy ýaly, buýanyň köki gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda hem-de häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şeýle hem konditer we kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar. Buýan köküni ýygnamak, täzeden işlemek we ýurdumyzyň içki bazarlaryna ýerlemek, şeýle hem daşary döwletlere eksport etmek işleri Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy tarapyndan alnyp barylýar. Kärhana boýunça her ýyl 19 müň tonna töweregi çig görnüşindäki buýan köki taýýarlanylýar. Kärhanada buýan köki täzeden işlenilip arassalanylýar we baglanylýar. Şeýle hem bu ýerde buýan köküniň ekstrakty taýýarlanylýar. Bu önümlere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen welaýatymyzyň merkezinde işe girizilen buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhana bu önümçiligiň gerimini has-da giňeltmeklig

Ykdysadyýetiň ygtybarly daýanjy

Halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň we milli däp-dessurlarynyň özboluşly sazlaşygyny düzýän Hasyl toýunyň milletimiziň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, halallygynyň özboluşly waspyna öwrülýän günlerinde welaýatymyzyň babadaýhanlary hem ýyly netijeli jemleýärler. Oba hojalyk ýylynyň jemini jemläp, ekerançylarymyzyň yhlasly zähmetini, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýan Hasyl toýy ýetip geldi. Biz ýurdumyzyň gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň mekanydygyna buýsanýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe topraga aýawly garamak täze many-mazmuna eýe bolýar, oba zähmetkeşleri kämil we kuwwatly häzirkizaman oba hojalyk tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde dünýäniň we ata-babalarymyzyň ekerançylyk tejribelerinden ýerlikli peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän obasenagat toplumyndaky giň möçberli özgertmeleriniň esasynda ulgamy tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak işi üstünlikli amala aşyrylýar, ata-babalarymyzyň ýeri oýlanyşykly peýdalanyşlary baradaky köp asyrlyk tejribeleri bilen sazlaşykda işjeň durmuşa geçirilýän innowasiýalar oba hojalygyny çalt ösdürmäge oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän yzygiderli döwlet goldawlary pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň kuwwatly ykdysady binýadyny berkidýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Abadan geljegiň wezipeleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy.

Gurluşyk-senagat toplumy — döwrebaplygyň binýady

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar». Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde toplumyň aýratyn ähmiýete eýediginiň subutnamasy bolup durýar. Häzirki döwürde gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu syýasatyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň her ýylda ençemesi gurlup ulanmaga berilýär, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şeýle giň gerimli işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir obalarda halkara ülňülere laýyk gelýän möhüm düzümleri kemala getirmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netije

Ulgam ösüş ýolunda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi we ylmy ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalara erk edýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Türkmen ylmyny we bilimini belent sepgitlere çykarmaga hem-de bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan sanly ulgamda tejribäni artdyrmak maksady bilen öz hünärmenlerini daşary ýurtlara iberýär hem-de ýurdumyza dürli ugurlardan daşary ýurtly hünärmenleri çagyrýar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda okatmagyň öňdebaryjy, täze usullary giňden ornaşdyrylýar. Interaktiw, multimedia tagtalarynyň ulanylmagy sapak geçmek işini ýeňilleşdirmäge, alnan bilimleriň has çuňlaşdyrylyp özleşdirilmegine, öwrenilýän temanyň many-mazmunyna has çuň düşünilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýan dünýä tejribesi mugallym üçinem, ýaş nesil üçinem bahasyz gymmatlykdyr, täzelikdir. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ojaklarynda alnyp barylýan işleriň hilini gowulandyrmaga, ösüşiň täze belentliklerine çykmaga mümkinçilik döredýär. Ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwri döredijilikli pikirlenýän, döwrebap maglumat kommunikasion tehnologiýalardan baş çykarýan, öz ene dilini oňat bilýän, daşary ýurt dillerinden habarly, ökde nesilleriň terbiýelenmegini talap

Täze elektrik bekedi ulanmaga berildi

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler berkarar Diýarymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar we bolelin durmuşynyň, röwşen ertiriniň ygtybarly üpjün edilmegine gönükdirilendir. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowat bolan täze elektrik bekediniň dabaraly ýagdaýda açylyp işe girizilmegi hem bu buýsançly hakykatyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmen telekeçileri Sianda geçiriljek sanly ykdysadyýet sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 5–7-nji dekabrda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek  5-nji Günbatar Hytaý sanly ykdysadyýet sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi duşenbe güni habar berdi. Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň sanlylaşdyrmak ulgamyndaky bu möhüm çäre ilkinji gezek geçirilip başlan wagtyndan bäri bir müňden gowrak senagat kärhanalaryny we 72 döwletiň wekiliýetlerini özüne çekdi. Ozalky geçirilen sergilere baryp görenleriň umumy sany 60 müň adamdan geçýär.

Milli ykdysadyýetiň kuwwatly toplumy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy köpugurly ösdürmek boýunça badalga beren maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň uly paýy bardyr. Her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň bellenilmegi, ugurdaş halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň kuwwatly ösüşini dabaralandyrýar. Bu gün ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, welaýatlary ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar gurluşyk, energetika, senagat pudaklarynyň binýatlaýyn ösüşini pugtalandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň dürli künjeginde alnyp barylýan gurluşyklar, täze senagat kärhanalarynda, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümlerdir edilýän hyzmatlaryň möçberiniň, görnüşleriniň artdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlary önümçilik tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, önümleriň görnüşini giňeltmek we iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen, olaryň täze görnüşlerini özleşdirmek, şeýle hem ýerli mineral çig mallary rejeli we netijeli peýdalanmak bolup durýar. Prezident Maksatnamasynda eksporty artdyrmaga we milli bazary üpjün etmek üçin öz önümçiligimizi ösdürmäge gönükdirilen kärhanalaryň döredilmegi bilen bagly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudaklaýyn gurluşda gaýtadan işleýän we taýýar önü