"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany

Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak bilen, dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda goňşy Owganystan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berlip, bu gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça okgunly işjeňleşdirilýär. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji sentýabrynda iki ýurduň iň täze taryhyna altyn sahypa bolup ýazylan şanly wakalar nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylmagy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüniň tutulmagy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi ata Watanymyzyň ýokary ykdysady kuwwatyny görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky çykyşy

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!

Merkezi Aziýa — Germaniýa: köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli meýdançasy

Hormatly Prezidentimiz ikinji «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşdy Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we döwlet Baştutanymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, umumy bähbitlere laýyklykda, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşmagy munuň nobatdaky güwäsidir.

Işewür gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, abraýly maliýe guramalary we bank düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmek möhüm orny eýeleýär. Şunda YÖB bilen hyzmatdaşlyk netijeli, uzak möhletli häsiýete eýedir. Şu jähetden, 19-njy sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etmegi bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwürde bu bank ýurdumyzda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşdy we olar döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Olar, esasan, saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýar. Şunda lukmançylyk merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak taslamalaryny amala aşyrmakda YÖB-niň orny bellenildi. Bu ulgamda Yslam ösüş banky bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty giň gerimli taslamalarda we forumlarda aýdyň şöhlelenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. 16-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly maslahatyň geçirilmegi munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Halkara amaly maslahata ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Bu hakykaty ikinji «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammiti nobatdaky gezek tassyklady 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine iş saparyny amala aşyryp, ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşdy we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri, şeýle-de german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. ÝUNESKO tarapyndan «Dünýäniň şäheri» diýen ada mynasyp görlen şäherde sebit ýurtlary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynda täze sahypa ýazyldy.

Oba hojalyk pudagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Onda möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen hem tanşyp bolýar.

Halkara forumyň jemlerine bagyşlandy

16-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly-maslahat geçirildi. Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda hem-de döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen, Türkmenistanyň we Owganystanyň serhedinde energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa desgalary işe girizildi. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär

Düýn paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Onda möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen hem tanşyp bolýar.

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy we özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda öňde duran bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YÖB-niň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri, giň gerimli düzümleýin maksatnamalary amala aşyrýan Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Pursatdan peýdalanyp, jenap Muhammad Al Jasser hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Oba hojalyk pudagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi.

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip

Düýn paýtagtymyzda öz işine başlan Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata degişli pudakda iri taslamalary durmuşa geçirýän öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri, türkmen we daşary ýurt alymlary gatnaşdylar. Biz hem tejribeli oba hojalykçylaryň, alymdyr hünärmenleriň, işewürleriň käbirleriniň bu ylmy maslahatyň geçirilmeginiň maksady barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Wasiliý WOLOŞIN,Gazagystan Respublikasynyň «Agro Pro Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory:

«Merkezi Aziýa — Germaniýa»: ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde täze meýdança

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bilşimiz ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilen birinji sammiti «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýakyn gatnaşyklaryň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Taryhy duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşypdy.

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda “Ulag diplomatiýasy: Türkmenistan we Rumyniýa – Aziýanyň we Ýewropanyň birleşmesi” atly tegelek stol geçirildi. Çärä Rumyniýada ulag we infrastruktura ministrligiň Döwlet sekretary Adrian Jorj Fogiş, şeýle hem  Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň ulag we üstaşyr mümkinçilikleri, ýurdumyzyň çäginde döredilýän multimodal ulag infrastrukturasy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag pudagyndaky halkara başlangyçlary bilen tanyş edildi. Hususan-da, dünýä jemgyýetçiliginiň we halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-nyň goldawy we Türkmenistanyň bu pudagy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada söhbet edildi. Şol bir wagtyň özünde, ulag pudagynyň häzirki ýagdaýy, öňde goýulan taslamalar we geljek meýilnamalar barada söhbet etdiler.

Astana sammiti: Aziýanyň ýüreginden ýewropanyň merkezine çenli

Pederlerden galan pent bar: «Ýeke ýöräp tiz gidip bilersiňiz. Emma diňe birleşip, bileleşip, uzak menzilleri aşyp bolar». Öňňin, 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşmak maksady bilen gazak paýtagtyna amal eden iş saparynyň hem uzak geljegi nazarlap, bilelikde hereket etmegiň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň çarhyna bat bermegiň möhüm pursadyna öwrülendigi aýdyňdyr. GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we iri nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary-da öz içine alan bu sapar köpugurly gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açdy. Bitewi bähbitler, umumy maksatlar

Dost-doganlygyň ýurdy

Berkarar Diýarymyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýelik etmek bilen, diwersifikasiýanyň, dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň köpasyrlaýyn ulgamyny döretmek arkaly, mawy ýangyjy eksport etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. «Galkynyş» ýatagyndan gözbaş alýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, sebitde öňde duran meseleleri çözmek bilen birlikde, parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge hem uly ýardam eder. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlipdi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbi tutuldy.

Parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Taryhy ösüşleriň gazanylýan zamanasynda dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlyga beslenip, halkymyzyň köküni asyrlardan alyp gaýdýan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Muny berkarar ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy wakalar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dost-doganlyk däplerine esaslanmak we halklaryň bähbidinden ugur almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze sahypalaryny açýar. Esasynda dost-doganlyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri bolan gatnaşyklaryň halklaryň dostlaşmagyna hem-de ýurtlaryň gülläp ösmegine şert döredýändigini belläp geçmek gerek. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş, «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «N

Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi.  «Ykdysadyýet biziň gatnaşyklarymyzyň öňbaşçysy bolmalydyr, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmelidir» – diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

German kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler

Ýakynda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.  Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Federal ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanma köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly şertler bilen şertlendirilendir.