Üns beriň, bäsleşik!
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde çeper elli zenanlarymyzyň gadymyýetden bagtyýar nesillerimize miras goýan, ajaýyp hem-de nepis el işleriniň çeper waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen geçirilýär. Bu ugurda geçirilýän bäsleşikler gelin-gyzlarymyzyň, döredijilik işgärleriniň, ylaýta-da, sungata höwesek ýaşlaryň döredijilik ylhamyny artdyrmaga ýardam berýär.