Daşoguz welaýaty: Döwrebap işler, depginli ösüşler bilen
Şan-şöhraty dünýä dolýan ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynyň bagtyýar ilaty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere besleýär, täze zähmet ýeňişlerini gazanyp, şanly senäni mynasyp toý sowgady bilen garşy alýar. Baky bagtyň gözbaşy, ösüşleriň badalgasy, yhlasly zähmetiň ylham çeşmesi bolan şöhratly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylyk dabaralary göwünleri ganatlandyrýar. Zynat-bezmli bu toýly günlerde bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan alkyşlar bagt mukamy bolup, has belentden ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, welaýatyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki wagtda bu sebitde ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamlary täze döwrüň ruhunda sazlaşykly ösýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, netijeliligi ýokarlanýan täze kuwwatlyklar döredilýär. Welaýatyň çägindäki senagat kärhanal