Garaşsyzlyk — baky bagtym
«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024 Garaşsyz ösüş ýoluna düşen döwletleriň her birinde öz milli buýsanjyna öwrülen binalaryň, milli gymmatlyklaryň bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem Garaşsyzlyk binasy her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýan desgalaryň biridir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň mizemezliginiň nyşany bolan bu bina paýtagtymyza aýratyn bezeg berýär hem-de özüniň özboluşly binagärlik çözgüdi bilen göreni haýrana goýýar. Uzaklardan seleňläp görünýän Garaşsyzlyk binasy ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerini, ýetýän belent sepgitlerini alamatlandyrýar.