"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Asuda serhede aýlanyp

Gursagyňda yşk möwç urar Watana,Asuda serhede aýlanyp görseň.Müň bir gözellik bar göwnüň açara,Asuda serhede aýlanyp görseň. Dag börüsi, çölüň gurduna kybap,Ýigitleri eder topraga togap.Duşar müňläp sowal, ýene müň jogap,Asuda serhede aýlanyp görseň.

Beýik özgertmeler bagtyýarlygyň kepilidir

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýokary derejede gülläp ösýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň barha ýokarlanýandygy ajaýyp zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr. «Geçilen ýollar, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolup geçýän beýik özgertmeler, amala aşyrylýan tutumly işler ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine göterýär. Dünýäde uly abraýa eýe bolýan ýurdumyzyň ähli ýerlerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilik toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, desgalar Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň döwlet derejesindäki aladalarynyň netijesidir. Gurluşyk işleri giň gerime eýe bolup, täze binalar we desgalar yzygiderli ulanyşa tabşyrylýar. Muňa mysal edip, welaýatymyzyň çäginde ulanmaga berlen «Etrek» elektrik bekedini, ýakyn günlerde ulanmaga beriljek Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Halkara howa menziliniň toplumyny görkezmek bolar. Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy dowam edýär.

Asudalygyň goragynda

Döwlet berkararlygynyň ykrarnamasy Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň binýadyny berkden tutýar. Konstitusiýamyz döwlet berkararlygynyň ykrarnamasy bolmak bilen, ol kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda iň ýokary güýje eýedir. Has anygyny aýtsak, Esasy Kanunymyz döwletimiziň mizemez berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň ähli ugurlaryndaky ösüş-özgertmeleriniň hukuk binýadyny kesgitleýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Guwandyryjy görkezijiler

Döwrüň talaplaryna eýerip

Ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak işine, bilim ulgamynyň ösdürilmegine, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym-bilim, önümçilik ulgamlaryndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ykdysadyýetiň işjeň ösüşini gazanmak, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şert bolup, ol ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. ürkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Gahryman Arkadagymyz geljek ýylda geçiriljek mejlise 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi.

Halal zähmetiň rehneti

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisinde hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, oba hojalyk pudagynda hem ösüş depgininiň 5,3 göterim artandygy bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, edermen daýhanlarymyzyň özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekendiklerini aňladýar. Daýhan zähmetiniň miwesi, ajaýyp güýz paslynyň bolluk bilen eçilen berekedi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilen Hasyl toýunda hem giň beýanyny tapdy. Halkymyzda güýz pasly, köplenç, “altyn güýz”, “bereketli güýz”, “hasylly güýz” ýaly, manysy goýazy jümleler bilen aňladylýar. “Türkmen güýzi” diýlende, göz öňüňde hasyl bolçulygy, rysgal-bereket janlanýar. Miwesinde baly süýjäp, harmanynda “ak altynyň” dagy dörän, gujagynda zähmet joşup, rehnet çogýan güýz paslyna babadaýhanlarymyz “jüýje sanaşylýan döwür” hem diýýärler. Bu pasyl arly ýyllap çekilen zähmetiň netijesinde ýetişdirilen bol hasylyň ak bazarlarymyza, her öýe, her ojaga rehnet bolup dolýan döwri.

Halklary we medeniýetleri baglanyşdyrýan döwür

Sungatyň çeper beýany 13 – 15-nji noýabrda ýurdumyzda «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal geçirildi. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan kino sungatyny öwrenijileriň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Bu halkara kinofestiwaly Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy.

Rowaçlyklaryň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nusgalyk obalar, şäherçedir şäherler gurulýar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurlan Arkadag şäheri bu babatda buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr. Arkadag şäheri tebigy gurşawa aýawly çemeleşmegi, ylmyň iň täze gazananlaryndan peýdalanylmagy üçin ýaşaýşyň täze garaýşyny özünde jemleýär. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi diňe ýurdumyzyň taryhynda däl, eýsem, dünýäniň şähergurluşygynda-da möhüm ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesine eýe bolan täze şäheriň birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ýerli binagärlerimiz tarapyndan guruldy. Döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklere we kuwwata eýedigini tassyklaýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň we onuň sanly gurşawynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary üçin öz nazary bilimlerini, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmakda özboluşly mekdep boldy.

Zähmetiň sarpaly diýary

Ata-babalarymyz döwlete humaý guşy saýa salsa, işleriň elmydama oňuna bolýandygyna asyrlarboýy yrym edipdirler. Döwürler we düşünjeler özgerse-de, hakydalarda bir hakykylyk elmydama ýylpyldap dur: Döwletiň başynda öňdengörüji, paýhasly, ýüregi halka ýakyn syýasy Baştutan oturanda, ähli mümkinçilikleri döwletiň, milletiň gülläp ösüşine bagyş edip, durmuşda garaşanyňdan has köp zatlary gazanyp bolýar. Bu gün türkmen halkynyň beýik ösüşler bilen galkynan ykbalynda şol humaý saýaly, Hydyr nazarly Gahryman Ogul hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowdyr. Garaşsyzlygyň, watansöýüjiligiň, dost-doganlygyň çuňňur manysy bilen nesilleri terbiýeläp, bagtly geljegi gurýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz uly ösüşleri gazanýar. Öňde goýlan belent maksatlara, arzyly sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty Türkmenistany taryhdaky şan-şöhratyndan hem has abraýly derejelere, türkmen halkyny uly sylaglara, mertebelere eltdi. Sözümiziň güwäligi hökmünde dünýäniň iri-iri döwlet ýolbaşçylarynyň, syýasatçylarynyň, alymlarynyň, syýahatçylarynyň we ykdysatçylarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryna, bereketli tutumlaryna, bitirýän ajaýyp işlerine berýän uly bahasyny ýatlamak ýeterlikdir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe

Ykbaly galkynan ýaşlar

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Öz gezeginde ýaşlar hem şeýle tagallalara yhlasly zähmeti bilen jogap berýärler. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 135-sine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz hem tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge goşant goşýan ýaş hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny bu baýraga mynasyp bolmagy bilen gutlap, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris. Allanur TÖRÄÝEW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň 2-nji derejeli inženeri:

Geljek ýylyň şygary maslahatlaşylýar

Milli parlamentiň binasynda hormatly Prezidentimiziň golaýda beren tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, deputatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek bilen bagly tekliplerini öwrenmek, ýerlerde bu babatda maslahatlary, duşuşyklary geçirmek bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýylyň adynyň hem-de nyşanynyň ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli içeri hem daşary syýasatyny, halkymyzyň jebisligini, bagtyýar durmuşyny şöhlelendirmelidigine üns çekildi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän her ýyla özboluşly at goýmagyň asylly däbe öwrülendigini, 2025-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin möhüm wakalara baý boljakdygyny nygtady. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan, şe

Innowasion taslamalarda giň gözýetimler

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda üç günläp dowam eden telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň jemleýji gününde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt — 2024» innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik şu ýyl “Sanly lukmançylyk”, “Emeli aň”, “Akylly” oba hojalyk tehnologiýalary”, “Bilim we elektron okuw”, “Hyzmatlar ulgamy”, “Smart city”, “Robototehnika we awtomatizasiýa” ugurlaryny öz içine alyp, oňa ýurdumyzyň orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň taslamalarynyň 305-si hödürlenildi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, her ugur boýunça bir birinji, iki ikinji, üç sany hem üçünji orun, jemi 42 sany ýaş oýlap tapyjy ýeňiji diýlip yglan edildi we olara diplomlar, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Kitap marafonunyň» ýeňijileri sylaglanyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky «Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris. Munuň üçin dünýä tejribesinden nusga alyp, öz tejribelerimizi peýdalanyp, käbir zatlary has kämilleşdirip, milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp bileris. Ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy» diýen çuňňur manyly sözlerinden ylham alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş alymlar geňeşiniň» guramagynda ýurdumyzyň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda 2024-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan 13-nji noýabry aralygynda «Kitap marafony» geçirildi. Ýaşlarda kitap okamak endigini ösdürmek, pikirlenmegi we hyýaly düşünjeleri kämilleşdirmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 336 sany gatnaşyjy hasaba alyndy. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 13-nji noýabrda onuň jemi jemlenildi we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Tapawutlanan gatnaşyjylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Asylly ýörelgeler dowamat-dowam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde raýatlaryň sagdyn, bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň gözelligini has-da artdyrmak, tebigatyň arassalygyny gorap saklamak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. 9-njy noýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi il-ýurt bähbitli bu işleriň ajaýyp zamanamyzda dowamat-dowamdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. ...Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Rowaçlyga beslenýän beýik işler

Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip nygtaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli bu tutum ýokary depginlerde dowam etdirilip, soňky ýyllarda saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda gazanylan öňegidişlikler ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hem bu barada gürrüň edildi. Şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşylan mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Gymmatly gollanma

Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Eziz Diýarymyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sene mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň täze XVI jildi çapdan çykdy. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitap diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin däl, eýsem, tutuş türkmen halky, galyberse-de, dünýä jemgyýetçiligi üçin örän uly gollanma hem-de ähmiýetli eser bolup durýar.

Bagy-bossan Diýarym

9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirilip, hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine badalga bolan nobatdaky asylly çärä ildeşlerimiz uly hyjuw bilen gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki döwürde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, jana şypaly, arassa howaly türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýurdumyz ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Şu gezekki bag ekmek çäresine gatnaşyjylaryň tutanýerli zähmeti halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we jebisliginiň, asylly işlere pugta ygrarlydygynyň, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däpleriniň häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Ýurdumyzyň ähli ýeri

Ady dünýä dolan Magtymguludyr

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr

Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösen sport ulgamyna eýe bolan, abraýly ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan Türkmenistan häzirki wagta çenli ençeme döwletler bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dürli hökümetara we pudagara derejedäki ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekdi. Ýurdumyz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär.

The ocean of wisdom

Excellent conditions are created for the younger generations to study the life, creativity, and literary heritage of Magtymguly Pyragy, and to promote them in our country in the year ‘Ocean of Wisdom of Magtymguly Pyragy’. The youth in Turkmenistan grow up to be the developed, physically and mentally healthy, educated people with a broad outlook. In our epoch, great importance is attached to studying the cultural heritage of the Turkmen people and promoting it in the world. In this context, the international conferences and meetings are held in the country on a regular basis. They create an excellent opportunity for exchange of experience between scientists, writers, and historians.