"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YÖB-niň Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Pursatdan peýdalanyp, jenap Muhammad Al Jasser hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada şu gezekki saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Oba hojalyk pudagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Onda möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen hem tanşyp bolýar.

Ikitaraplaýyn bähbitli duşuşyklar

17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Söhbetdeşler «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşygyň meseleleri boýunça pikir alşyp, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Iş maslahaty geçirildi

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň dowamynda welaýat häkimleri özlerine degişli sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde pagta ýygyjy kombaýnlar, beýleki tehnikalar netijeli işledilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär. Bulardan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdiri

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YÖB-niň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri, giň gerimli düzümleýin maksatnamalary amala aşyrýan Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Pursatdan peýdalanyp, jenap Muhammad Al Jasser hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Pikir alyşmalaryň barşynda energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine üns çekildi. Baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly bu ulgamy ösdürmäge ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!

Gerimi giňeýän gatnaşyklar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Germaniýa bilen ikitaraplaýyn, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa bileleşiginiň çäklerinde gatnaşyklary alyp barýar. Gatnaşyklaryň geriminiň giňemeginde Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ornuny aýratyn bellemelidir. Şu ýerde bir zady — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda hut şu ýurduň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendiklerini, ösüşli menzillerimize öz goşantlaryny goşandyklaryny buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär. Hut şeýle başlangyçlar hem ýyllaryň dowamynda birek-birege bolan ynamy, hormaty berkidýär. Netijede, gatnaşyklaryň täzeden-täze tapgyrlaryna gadam basylýar. Geçilen ýyllara nazar aýlasaň, bu dostlukly ýurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmegi, «Magtymguly nemesleriň gözi bilen» atly kitabyň neşir edilendigi ýaly dostlukly gatnaşyklara goýulýan sarpanyň nyşany bolan wakalary näçe diýseň görse bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary-da türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykýandygyny dünýä äşgär etdi. Şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň Baştutanlarynyň derejesinde geçirilen möhüm duşuşyklar, wajyp ähmiýetli köptaraplaýyn çäreler geljekki ädimlere täze badalga bolup hyzmat etdi. Iş saparynyň barşynda Germ

Doganlaryň toý geňeşi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanylýan günlerinde zeminiň çar künjünde ýaşaýan watandaşlarymyzy bir supranyň başyna jemläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ykbalyň emri bilen taryhyň dürli döwürlerinde alys ýurtlarda mekan tutan türkmenleriň Watan telwasy bilen bagly arzuwlarynyň hasyl bolýandygynyň durmuşy mysaly bolup durýar. 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna-da daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri toý şatlygyna beslenip gatnaşdylar. Bu bolsa dünýä ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzyň hem mukaddes Garaşsyzlyk atly bagtymyza şärikli saýylýandygyny dünýä äşgär edýär. Haýyr-sahawat işlerini, Watanymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmaklygy asylly ýörelgä öwren Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi 1991-nji ýylda döredildi. Bu günki günde birleşigiň dünýäniň 14 döwletinde 27 sany bölümi hereket edýär. Dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan ildeşlerimiz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geriminiň barha giňeýändigine birleşigiň şu gezekki maslahatynda edilen çykyşlardan hem göz ýetirmek bolýar. Birleşigiň toý salamy bilen gelen agzalary millionlarça daşary ýurtly ildeşlerimiziň ösüşlerden-ösüşlere barýan ata Watanymyza, myhmansöýer halkymyza çäksiz buýsanç, guwanç duýgular

Nesilleriň aragatnaşygy

17-19-njy sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we medeniýetleriň köpdürlüligi» atly XVII forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylym-bilim, döredijilik ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly Döwletara baýragyň we «Arkalaşygyň debýutlary» atly halkara baýragyň gowşurylyş dabaralary, «Arkalaşygyň medeni paýtagty» atly Döwletara maksatnamanyň görkezilişi ýatda galyjy pursatlara baý boldy. «Başkortostan» Döwlet konsert zalyndaky GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy forumyň özboluşly bezegine öwrüldi. Orkestre watandaşymyz Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmegi bizi has-da buýsandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Kämil şäher — ajap sungat eseri

Milli Liderimiziň ylhamyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän täze şäherde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine örän jogapkärli çemeleşilip, Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleriň takyk bolmagyny we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  beýik  işleri: şöhratly  taryhymyzyň  şanly  sahypalary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri maddy we ruhy bereketi bilen kalplary joşdurýar. Döwlet Baştutanymyzyň beýik pikirleri, parasatly tagallalary, nusgalyk göreldesi hemmeleri asylly işlere ugrukdyrýar. Halkymyzyň: «Sanasaň sogaby bar» diýen pähimi ýagşylyk getirýän,  bagta eltýän keramatly zatlar babatda aýdylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hak iş etseň Hak biler» diýip nesihat edişi ýaly,  döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini sanamakda hem ykbalymyza, ojagymyza nur-bereket berýän keramat bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasy parahatçylykly ösüşde täzeçilliklere we netijeli üstünliklere badalga boldy.  Hut şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda her günde halkara derejesindäki öňegidişlikleri getirýän tutuş dünýä ähmiýetli üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy»  atly eserindäki: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen çuňňur paýhasa ýugrulan manyly setirlerini hakydaňda janlandyrýar. Şol pursatda halkymyzyň bagty hem sapaly durmuşy hormatly Prezidentimiziň yhlas-alada

Halk maslahaty: agzybirligiň we jebisligiň binýady

Her bir jemgyýetiň geljege tarap hereketiniň öz aýratynlygy bolýar. Eger döwlet we jemgyýet ösüşiň netijeli ýoluny saýlap bilen bolsa, üstünlikli hereket etmegiň ugur-ýollaryny dogry kesgitlän bolsa, onda halk geljege has ynamly we ünsli garaýar. Çünki adamlar şu günki gazanylan üstünlikleriň has belent derejesine geljekden garaşýarlar. Hut şonuň üçin hem ata-babalarymyzdan miras galan ýaşuly nesle geňeşme däbini halkymyz özüniň jemgyýet we döwlet ösüşiniň esasy aýratynlygy hökmünde saýlap aldy hem-de bu asylly däbe yzygiderli eýerýär. Döwleti dolandyrmakda, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerini tejribä ornaşdyrmakda, olary döwrebaplaşdyrmakda we bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly kämilleşdirmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir. Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biri bolup, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edýär. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, wajyp syýasy-ykdysady, harby meseleleri çözmekde olaryň parasatly maslahatlaryna ýokary baha beripdirler. Ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigini tassyklaýar. Halkymyzyň taryhy hakydasynd

Bir suprada jem bolup

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Dünýä türkmenlerini bir supranyň başyna has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu gurama 1991-nji ýyldan bäri hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi işleýär. Türkmenistanda geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlaryň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahatda birleşigiň agzalary Hormat hatlary bilen sylaglandy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen gu

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Durdymyrat SAPARMYRADOW,Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň kazyýeti, kazynyň kömekçisi: — Milli ykdysadyýetiň iň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan toplumlaýyn özgertmeleriniň ileri tutulýan ugrudyr. Ýerli daýhanlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, tohumçylyk-seçgiçilik ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly üns berilýär. Ýakynda paýtagtymyzda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky geňeşiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Halkara çäräniň geçirilýän günlerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilip, olaryň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylmagy özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürip, halkymyzy ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrundaky işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!