Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen döwletli ýolumyz ak geljege rowana
Taryh kitaplarynda haýsydyr bir döwletiň döreýşi baradaky gürrüňleriň, köplenç, «Bu döwlet pylanynjy ýylda, pylany tarapyndan esaslandyrylypdyr. Ol pylan şanyň, soltanyň hökümdarlyk eden ýyllarynda has-da gülläp ösüpdir...» diýen ýaly birmeňzeş terzde başlanýandygy hemmämize mälim. «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Beýik işleri bolsa beýik şahsyýetler amal edýärler» diýen jümläniň düýp many-maňzy-da şu hakykatda jemlenýän bolsa gerek. Şular hakynda oýlanýarkaň, döwürdeş şahyrymyzyň: «Bag bagdyr irginsiz idegi bilen, // Milletler tanalar Lideri bilen» diýen setirleri biygtyýar seriňe dolýar. Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä kartasynda «Türkmenistan» atly beýik döwletiň has-da ýiti ýalkym saçmagyny gazanan Liderdigi ykrar edilen hakykat. Iki ýarym ýyl mundan ozal halkymyzyň ykbalyny egnine alan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmegi, başy başlanan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslemegi bilen, Garaşsyz Watanymyz bu gün Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini barha beýgeldýär. Ýaňy doglan çaganyň kemally perzent bolmagy üçin oňat terbiýäniň, binýady goýlan binanyň boýunyň ýetirilmegi üçin irginsiz zähmetiň, gunçanyň gülläp-gül açmagy üçin bagbanyň yhlasynyň gerek bolşy ýaly, döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenmegi üçin-de, ozaly bilen-ä, dogry saýlanyp alnan ýo