"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pyragynyň syýahatlary

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Be­lent mer­te­be­li Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de dö­re­dil­ýän äh­li müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­ýan ýaş ne­sil hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk geç­miş ta­ry­hy, onuň ga­za­nan ýe­ňiş­le­ri we wa­jyp geç­miş wa­ka­la­ry, şol ha­dy­sa­la­ryň esa­syn­da be­ýik türk­men şa­hyr­la­ry ta­ra­pyn­dan ke­ma­la ge­len ýi­ti maz­mun­ly şy­gyr­lar bi­len do­ly ta­n­şyp bil­ýär­ler.

Ab­ra­ham Lin­kol­nyň og­lu­nyň mu­gal­ly­my­na ýa­zan ha­ty

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Wag­ty­ňy­zy al­jak­dy­gy­ny bil­ýä­rin, em­ma oňa öw­re­dip bil­se­ňiz,ga­za­ny­lan 1 li­ra­nyň, ta­py­lan 5 li­ra­dan has gym­mat­ly­dy­gy­ny öw­ret.

Şöhratly taryhymyzyň beýany

«Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» diýlişi ýaly, kitap geçmiş taryha göz aýlamaga, ynsanyň jemgyýetdäki ornuna aň ýetirmäge, nurana geljegi gurmaga mümkinçilik döredýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza şan-şöhratly taryhymyz, geçmiş mirasymyz hakynda gymmatly kitaby sowgat etdi. Eziz Arkadagymyzyň her bir çuň mazmunly eserleri diňe şu gün üçin däl, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin hem gymmatly hazynadyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, gadymy mirasyny açyp görkezmekde gymmatly ylmy garaýyşlary özünde jemleýän Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby «Taryha syýahat» hem-de «Ruhy miras» ýaly iki bapdan ybarat bolup, her bapda hem birnäçe bölümler ýerleşdirilipdir. Kitabyň ilkinji babynda Gahryman Arkadagymyz okyjyny söz mülküniň üsti bilen taryhyň syrly gatlaryna syýahata çagyrýar. Kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň dowamynda dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.

Magtymgulynyň tebigat bilen bagly tapmaça häsiýetli syrly setirleri

Magtymgulynyň ajaýyp şygyrlary uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly «gürleşýär». Onda çagajyklardyr ýetginjekler üçin hem, ululardyr dürli kärdäki adamlar üçin hem gyzyklanara, pikirlenere we öwrenip sapak alara zat köp. Ol — ähli adamlar üçin hem deň derejede soňsuz we tükeniksiz ylham çeşmesi. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň birnäçesi tapmaça häsiýetlidir. Şahyryň haýsydyr bir rowaýaty ýa-da tymsaly aňladýan syrly setirleriniň many-mazmuny, ähmiýeti, maksady hemişe-de okyjylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Ýöne şahyryň beýle häsiýetli goşgularynyň syryny açmak aňsat däl. Olaryň birnäçesiniň syryny bilmek üçin köp okamaly, köp zatlardan habarly bolmaly, käbirini bilmek üçin üşügiň ýiti, pikirleniş ukybyň ösen bolmaly, ýene birnäçesini aňmak üçin bolsa, bularyň ikisiniň hem ýokary derejede bolmagy gerek.

Goşgular çemeni

Şu gün Aýdylmaly bolsa eger çyn zady,Görmedim gözlerden başga çuň zady.Täze ýyl saçagnyň duzundan dadyp,Arzuwlar ýürekden diýilsin şu gün!

Hoşallyk haty

(Hekaýa) «Gadyrly Aýazbaba! Şu ýylam saňa hat ýazýan. Ýöne bu ýyl senden hiç zat sorajak däl. Enem aýtmyşlaýyn, «ynsap ýagşy!». Sen eýýäm üç-dört ýyl bäri näme sorasam getirip, arçamyzyň aşagynda goýup gidäýýäň. Diňe geçen ýylky haýyşymy arçanyň aşagynda goýmadyň. Onuňam sebäbi bar. Sebäbi ol sowgat arçanyň aşagyna ýerleşenok. Sowgat diýýänim kakam-da. Heý, kakalaram arçanyň aşagyna ýerleşermi diýsene!

Çaga kalbynyň owazy

Eziz Watan Türkmenistan Säherleri hoş owazly,Eziz Watan Türkmenistan.Goýny mydam baky ýazly,Eziz Watan Türkmenistan.

Mekir tilki we ugurtapyjy serçejik

(Erteki) Serçejik agajyň şahasynda aýdym aýdyp, daş-töweregiň gözelligini synlap otyrdy.

Täze ýylyň goşa şatlygy

(Hekaýa) Orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýan, iň göreldeli okuwçylaryň biri hasaplanylýan Maral bu gün ir säher bilen oýandy. Şol gün hemmeleriň gowy görýän hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy bellenýän bolsa-da, gyzjagazyň eýýäm iki gündür kän bir keýpi ýokdy. Sebäbi her säherde: «Turduňmy, meniň owadanja gyzjagazym!» diýip, başyny sypalaýan mähriban ejesi mundan iki gün ozal şäherlerindäki bäbekhana, mamasynyň aýdyşy ýaly, «akja bäbejik getirmäge» gidipdi.

Häsiýet

Gatnaşýarlar:Enesi.Adyl.Aýperi.Melike.Mähriban. Enesi çaý içip otyr. Sahna Adyl ylgap gelýär. Onuň elinde gök reňkli top bar.

Jadyly boýaglar

(Erteki) Ýewgeniý PERMÝAK, rus ýazyjysy.

Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Mähriban Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly günlerimiziň gujagy durşuna toý-baýram. Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredijilikde, zähmetde tapawutlanan ildeşlerimize Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek Permany bilen meniň hem bu serpaýa mynasyp görülmegim, şygyrlaryma, şelpeli setirlerime goýlan uly ünsüň ýene bir güwäsi boldy. Aslynda şahyr sesine hä berilmeginiň, diňlenilmeginiň, heňine üns goýulmagynyň isleg-arzuwynda ahbetin. Beýik döwür tüýs edebiýata gadyr-gymmat goýulýan zamandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hut şu döwri arzuwlandyr. Şahyryň beýle belentlige göterilen zamany ýokdur. Şol belentlik Gahryman Arkadagymyzda bar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzda bar. Beýik Ogullary şanly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen gyzgyn gutlaýaryn, il-günüň, dünýäniň asudalygy, abadanlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Şa serpaýy üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlarym tükeniksizdir.

Ylhamdarym — ajap zamanamyz

Halkymyzda “aýagy düşmek”, “düşümlilik” ýaly düşünjeler bar. Bu babatda şu ýylymyz ähli halkymyz üçin turuwbaşdan düşümli boldy diýip arkaýyn aýdyp bileris. Adynyň akyldar şahyrymyzyň, geljege welilik nazary bilen garan pähimdar Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly bolmagy bu ýylymyza berlen ak pata bolup kalplara doldy. Halkymyz ýylyň ilkinji günlerinden uly toýa taýýarlanyp başlady. Özi-de goşa toýa. Bu ýyl gadymy Änewiň «türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly-da Garaşsyz Diýarymyzy toýhana öwürdi. Şeýle taryhy sene mynasybetli akyldar şahyrymyzyň heýkelleriniň taýýarlanylmagyna dahylly bolmak meni iň bagtyýar ynsanlaryň hatarynda goýýar. Ilki bilen, şeýle ynam üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerimi beýan edesim gelýär. Şeýle şowly ykbal üçin Ýaradana şükürler bilen başlan işimiz öz miwesini-de eçildi. Şu ýyl akyldar şahyrymyzyň daşary ýurtlardaky heýkelleriniň sany artdy. Dana Pyragynyň Moskwa şäherindäki heýkeli ussadyň bu dostlukly ýurtdaky ýadygärlikleriniň üstüni ýetirdi. Akyldaryň Astanada heýkeliniň peýda bolmagyna dahyllylygym täze-täze gözleglere ylhamlandyrdy. Döredijilik adamsy hökmünde ömrümdäki iň bagtyýar pursatlar barada söz açmaly bolsa, Magtymguly atamyzyň gojaman Köpetdagdaky äpet heýkelini döretmek ynanylan gününden tä onuň hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylmagyny, i

Iki şaýy (Gülküli hekaýa)

«Iki şaýy» — halypa ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiň metbugatda çap edilen ilkinji hekaýasy. Bu hekaýany 1980-nji ýylda «Edebiýat we sungatyň» redaksiýasyna alyp gelşi, onuň gazet sahypasynda ýerleşdirilişi bilen baglanyşykly ýazyjynyň öz ýatlamasyny mundan sanlyja ýyl öň okyjylara ýetiripdik. Meretgeldi elmydama çagalaryna köçeden tapan zatlaryny öýe getirmezligi tabşyrardy. Ine, ol häzirem ýedi ýaşly uluja ogly Sähedi çat maňlaýynda oturdyp, gök çaýyň bady bilen hemişekije öwüdini berip otyr:

Durmuş mugallymy (Hekaýa)

Oňa hemmeler «Maýa mugallym» diýip ýüzlenerdiler. Syrgynymyzda ýaşansoň, ötenimizde-geçenimizde ol bizi hökman ýanyna çagyrardy. Gapdalynda oturdyp, ondan-mundan gürrüň bererdi. Çagalygyň iň bol çöpi — sowallar. Maýa mugallymyň biziň soňsuz sowallarymyzyň öňünde durup bilşine haýran galaýmalydy. Diňe bir jogap bermegem däl, käte sowallarymyzyň hersine degişli rowaýatdyr tymsal hem aýdyp goýbererdi. Onsoň Maýa mugallymyň töweregi hemişe diýen ýaly çagalardan ýaňa hümer bolar durardy. Ulularyň dünýäsine tarap ýaňy bir ümzük atyp ugran döwürlerimiz Maýa mugallymyň gürrüňleriniň çagalygymyzdaky täsiriniň «güýji gaçyşdy». Oňa-muňa gidenimizde-de, Maýa mugallymlaryň howlusyndan sowarak ýoly saýlanymyzy kem görmän ugradyk. Hernä bu ýagdaý uzaga çekmedi. Biraz ulalyşanymyzdan ýene-de şol çagalygyň yz ýasan ýoluna dolandyk. Emma ol döwre çenli eýýäm Maýa mugallym hemişekileri ýaly, howlularynyň köçe tarapynda gurlan sekide oturmasyny seýrekletdi. Şonda-da ötenimizde-geçenimizde sowlup, ondan habar alardyk. Dogrusy, bu ýagdaýyň ýörelgä öwrülmeginde ulularyňam paýy bardy. Uzak bir ýere gidip gelseň dagy, öýe baranyňdan hal-ahwaldan soňky sowallaryň biri: «Maýa mugallymlara sowuldyňmy?» bolardy. Dogrusy, «ýok» diýeniň bilenem temmi beriljek gümany ýokdur welin, özüňi şeýle bir oňaýsyz duýarsyň hemem şondan soň beýle «säwlige» ýol bermersiň.

Şahyryň ýylynda şahyr hakynda

Halkyň taryhy onuň dilinde, edebiýatynda, medeniýetinde hem sungatynda ýaşaýar. Biz hem türkmen dilini öwrenmekde uly işleri bitiren alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Begmyrat Weýisowyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow hakyndaky ýatlamasyny okyjylara ýetirýäris. — Men Gurbannazar bilen talyplyk ýyllarymdan bäri tanyş. Biz häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýardyk, men 3-nji ýyl, Gurbannazar bolsa 5-nji ýyl talypdy. Biz iküç ýyl bile tirkeşdik. Ol wagtlar her aýda diýen ýaly edebiýat birleşmesi bolardy. Şonda herimiz öz goşgymyzy joşup okardyk. Edebiýat birleşmesine gatnaşýanlaryň arasynda Gurbannazar iň ekabyrymyzdy.

Şygryýet

Parahat ýurt Parahatlyk, ynanyşmak Watany bu pederleň,Dünýäniň ähli dilleri seniň waspyň ederler,Bagtyýardyr gahryman halk, nesillermiz edermen,Garaşsyz biz, Bitarap biz, uzak howpdan-hederden,Ýeňişlerden ýeňişlere diňe öňe giderler,Arkadag hem Gerçek Ogul geljegmize çyragdyr,Peder-perzent gudratynda biziň bagtymyz bardyr!

«Magtymgulyny» ýazan

Käbir döredijilik işgärleri bolýar, olar haýsydyr bir eseri, ýa bolmasa döreden keşbi bilen adamlaryň aňynda galýarlar. Olaryň atlaryny eserleriniň ýada gahrymanynyň adynyň eýeleýän ýagdaýlaryda az bolmaýar. Ýazyjy Gylyç Kulyýewede, başgada ýatda galyjy eserleriniň az däldigine garamazdan, «Hä, «Magtymgulyny» ýazanmy?» diýläýýändir. Muny ýazyjynyň Pyragy baradaky eseri döretmäge sarp eden ýyllary, çäksiz yhlasy bilen düşündirip bolar. 1913nji ýylyň 14nji aprelinde Marynyň birinji Gökje obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inen Gylyç Kulyýew başlangyç bilimi internatda alýar. Ol 1948nji ýylda şol wagtky Aşgabat pedagogik institutyny, soň bolsa Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlaýar.

Körpelere okap beriň!

Garry we garga Unaş bişrende garypIýmegi edip tama,Çekizeden togarlap,Garry gurt serdi tama.

Pyraga bagyşlanan monografiýa

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Tagandurdy Bekjäýewiň «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly monografiýasy neşir edildi. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki frazeologizmleriň etimologiýasy, leksik-semantik aýratynlyklary, grammatik gurluşy ylmy taýdan derňew edilýär, şahyryň eserleriniň poetik dili dogrusynda täzeçe garaýyşlar öňe sürülýär. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserlerindäki düzüminde reňkler, sanlar, beden agzalary, aryflyk bilen bagly sözler, tirkeş sözler bolan frazeologizmler ýörite seljerilýär. Kitabyň ahyrynda Magtymguly atamyzyň eserleriniň gysgaça frazeologik sözlügi ýerleşdirilipdir. Magtymgulyşynas mugallymyň täze kitaby ýokary we orta mekdepleriň dil we edebiýat mugallymlaryna, bu ugurdan bilim alýan talyplara we dana Pyragynyň döredijiligi, türkmen diliniň taryhy bilen içgin gyzyklanýan adamlara gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.