Öýkelek (Hekaýa)
Ol juda öýkelek. Üstesine-de dawaçyl. Biri göwnüne degäýse dagy, uzyn günläp öýüň burçunda süsek geçi ýaly mölerilip oturandyr. Şeýle bolansoň, hatda dostlary hem onuň bilen oýnamak islemeýärdiler. Dagy näme, aşyklaryny utdursa-da möňňüriberýär. Ol bu günem ejesiniň kejine kän gitdi. Bahanasyny hem jigisi Tultujagyň (Onuň ady Myratdy, ýöne tokarja bolansoň, oňa hemmeler Tultujak diýerdiler), hawa-hawa, Tultujagyň horazsüýjüsinden başlady. «Oňa uly horazsüýji beripsiňiz, ýogsam, meniň horazsüýjim gutaranda onuňkam gutarardy» diýip, şumjaryp otyr. Dişi bilen kitirdedip, lak-luk atypdyrdanym. Ejesi oňa: «Oglum, Täze ýylyň öňüsyrasynda öýkelemek bolmaýar, ýogsa Aýazbaba saňa sowgat getirip bermez» diýdi. Emma Kemaljyk ýene ejesiniň kejine gitdi: «Aldaýaňyz, hakyky Aýazbaba ýok. Geregem däl sowgat. Aýazbaba ýok hiç ýerde-de. Men çaga däl indi. Serediň boýuma, öň çyramyzy ýakamda aýagymyň aşagyna iki sany ýassyk goýýardym, indi ýassyk goýmanam öçürip bilýän» diýdi-de, çyrany ýakyp-söndürip, ýakyp-söndürip, bezzatlygyna tutduryberdi...