"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwletiň döwletli pudagy

Adamlaryň, esasan hem zenan maşgalanyň gündelik durmuşda iň köp barýan ýeri, megerem, söwda merkezleri bolsa gerek. Onuňam öýüne iň golaýdakysy. Özüm-ä şeýle. Ýaşaýan ýerime golaý söwda merkezine gün içinde bir ýa iki gezek däl, dört-bäş gezekden hem köp barýan bolmagym gaty ahmal. Öýçülik-dä, birden iýmit ugrundan bir gerek zat ýüze çykýar, birdenem başgarak görnüşli bir zat... Ýöne aýtjak bolýan esasy zadym, meniň nämeleri alýanyma satyjylaryň belet bolup gidenligi. Eger-de men olara gatyk ýa ýogurt gerekdi diýsem, «Elin» nyşanly, şöhlat önümlerini sorasam «Özgeriş» nyşanly, arassaçylyk serişdeleri ýa-da çagalar üçin arlyk aljakdygymy bilseler «Ak-bulut» nyşanly önümleri görkezerler. Bu ýagdaý indi däbe öwrülip barýar. Ýöne bu ýagdaýyň düýp sebäbi, meniň dandawçyllygym däl-de, ýurdumyzyň telekeçilik pudagynyň batly depgin bilen döwrebap derejede ösýändigi, hususy kärhanalaryň öz müşderileriniň göwnüni tapmak üçin golda baryny gaýgyrmaýandyklarydyr. Elbetde, öz ýurduňda öndürilen önümi iýip-içeniňde-de, ulananyňda-da, hamana öz gapyňdaky sygryň süýdünden ýa bolmasa, öz agylyňdaky malyň etinden taýýarlanan ýaly, özüňi arkaýyn hem göwnühoş halda duýýarsyň. Oýlanyp otursaň, şeýle ýakymly ýagdaýlaryň aňyrsynda hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň her bir raýatynyň birek-birege bolan hormat-sarpasyny ösdürip, agzybirligini berkitmek ugrunda edýän päk yhlasly işleriniň miwesi hem-de dö

Hyrydarly önümler

Hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilige berýän ünsi netijesinde Ahal welaýatynyň telekeçileriniň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňäp, olaryň tagallasy bilen öndürilýän dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa ýerli önümleriň möçberi artýar. Bu gün welaýatyň telekeçileriniň senagat, gurluşyk, oba hojalyk, azyk, söwda, hyzmat we beýleki ugurlar boýunça alyp barýan işleri belent sepgitlere çykýar. Munuň şeýledigine «Akar» haryt nyşanly joraplary öndürýän kärhananyň alyp barýan guwandyryjy işleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Serdar Annakowa degişli bolan bu kärhana 2018-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhananyň döredilmeginiň esasy maksady ýerli çig malyň hasabyna içerki we daşarky bazarlar üçin dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa jorap önümlerini öndürmekden ybaratdyr. Geçen gysga döwrüň içinde bu kärhanada önümçiligiň giň gerimde ýola goýulmagynyň netijesinde jorap önümleriniň ençeme görnüşi öndürildi.

Eksport giňeldilýär

Türkmen hususyýetçileri diňe milli ykdysadyýetimizdäki däl, eýsem, eksport bazaryndaky paýyny hem ýyldan-ýyla artdyrýarlar. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran mümkinçilikleriň gurşawynda işleýän türkmen telekeçileri beýleki önümler bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini eksport etmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde habar berlişi ýaly, geçen ýyl gündogar sebitiň hususyýetçileri Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Owganystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly döwletlere pomidor, noýba, ýorunja tohumy, dary, gara jöwen, mäş ýaly oba hojalyk önümlerini eksport etdiler. Bu önümleriň 5 müň tonnadan gowragy daşary ýurt bazarlarynda ýerlenip, olardan ABŞ-nyň 4 million 200 müň dollaryna golaý girdeji alyndy.

Dokma senagaty — üstünlikli ösüşiň ugry bilen

Ykdysady kuwwatyň uly serişdelerini özünde jemleýän, ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa iň güýçli tehnologik önümçilikler halkara bazarlarynda Türkmenistanyň dokma önümleriniň ýokary abraýyny üpjün edýär. Türkmen dokma önümleri arassa, nah matalara isleg bildirýän sarp edijileriň ünsüni özüne çekýär. Iň oňat inženerçilik çözgütleri esasynda, tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar kuwwatly dokma senagaty bolan döwlet hökmünde ornuny berkidýän hem-de dünýä bazarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzyň kuwwatynyň we mümkinçiliginiň nyşanydyr. Bu yzygiderli önümçiligiň täsin kärhanalary öz gurluşy we taýýarlanyş tehnologiýasy boýunça bir wagtda daşary ýurtlara ugratmaga niýetlenen dürli önümleri çykarmaga ukyplydyr. Ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynda pagta süýümi, nah ýüplük we matalar, taýýar tikin we trikotaž önümleri, çagalar we ulular üçin lybaslaryň dürli görnüşleri, ýüpek, ýüplük we sapaklar, panbarhat, milli keteni matalary öndürilýär. Milli dokma senagatynyň önümleri isleg-talaplary barha ösýän sarp edijileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Dokma harytlarymyz ekologiýa taýdan arassalygy, gelşikli dizaýny, ýokary hili, döwrebaplygy, bahasynyň elýeterliligi bilen bazarlarda uly islege eýedir. Dokma kärhanalarynyň dizaýnerleri nah we garyşyk matalardan çagalar we ulular üçin amatly, göze gelüwli

Söwda — telekeçiligiň iň gadymy we möhüm ugry

Megerem, bu taryhy tejribe bolsa gerek: täjirleriň ählisine telekeçilik ukyby mahsus däl hem bolsa, işewürleriň ählijesi täjirçiligi biläýmeli. Çünki işewür öndüren önüminden ýa-da hyzmatyndan bazarda diňe peýda gazanmaly, ol hutma-hut çyksa hem bolmaýar. Özem şeýle peýdanyň işewüre diňe bir maşgalasyny eklemäge, işini saklamaga ýeterlik bolany az: oba hojalygynda sap girdeji, beýleki pudaklarda peýda diýlip atlandyrylýan bu ykdysady görkeziji, ylaýta-da, ösüş-örňeýiş üçin gerek. Munuň üçinem ýene bir möhüm ykdysady görkezijiniň — düşewüntliligiň ýokary bolmagy zerur. Ýagny önümçilige ýa-da hyzmata çykaran her bir manadyň getirýän peýdasy köp bolmaly. Diýmek, telekeçi öndüren önümleriniň bazarlykdygyna, özem bäsdeşlikli bazara çykjak harytdygyna düşünip, ony ýerlemegiň aladasyny heniz önüm öndürmäge başlamanka edip, hasap-hesip çykarýar. Her hili bolup biläýjek ýagdaýlary mümkingadar nazara alýan şeýle çylşyrymly hasaba-da häzir «biznes-meýilnama» diýilýär. Ine, şeýdibem telekeçiniň täjirçilik başarnygy ýüze çykýar. Aslynda, «bazar ykdysadyýeti» düşünjesiniň ýüze çykmagy hem şunuň bilen baglanyşykly bolsa gerek. Bitiren işiň gymmatyny özüň kesgitläniň az: önümdir hyzmatyňa ahyrsoňunda bazar baha berýär. Şeýdibem, adamzadyň özi bilen deň dörän «natural hojalyk» diýilýän döwür ösüp-ösüp, adamlaryň tebigatdan alýan zatlarynyň artykmaçlygy emele gelýär, onsoň özünde

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

TÜRKMEN IŞEWÜRLIGINIŇ HÄZIRKI ZAMAN NUSGASY «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň rowaç menzilleriniň söhbedi

Şanly ýylda söwda merkezimize 10 ýyl dolýar

Türkmen halky myhmansöýer millet, şonuň üçin «Myhman — ataňdan uly» diýilýän pähime eýerýän halkymyz bu däbi dowam etdirýär. Öý eýesine myhmana saçagy giňden ýazyp, hezzet-hormat etmekde ýakyn ýardamçylaryň biri-de ýurdumyzyň her bir künjeginde açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap söwda merkezleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir welaýatynda ululy-kiçili söwda merkezleri hereket edýär. Olaryň arasynda ir bilen sagat 8:00-da açylyp, gije sagat tä 23:00-a çenli işleýänleri-de bar. Bu söwda merkezlerinden bolsa, göwün islän azyklyk harydyňy elýeterli bahadan satyn alyp, gelen myhmany-da, maşgala agzalaryny-da naz-u-nygmata baý desterhan bilen hezzetläp bolýar. Berkarar döwletimiziň gözel paýtagtynda şeýle söwda merkezleriniň ençemesi halkyň hyzmatynda. Hatda olar halka döwrebap hyzmat etmekde öz aralarynda bäsleşikleri-de yglan edýärler. Ynha, ýakynda biz hem söwdanyň gidişinden fotoreportaž taýýarlamak maksady bilen, ak şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan «Milli market» söwda merkezine bardyk. Alyjylara medeniýetli hyzmaty, harytlarynyň köp görnüşliligi we ýokary hilliligi bilen adygan bu söwda merkezi depesinde, uly harplar bilen «Söwda merkezi» diýlen ýazgy oturdylan köp gatly binanyň birinji gatynda ýerleşýär. Biz bu ýerde pomidoryň, hyýaryň, kelemiň, soganyň, süýji burçuň, badamjanyň aýnaly

Bäsdeşlige ukyply önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ösdürmek hem-de gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatdaky tagallalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda bu etrabyň Garagan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän gazbeton we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawodlar toplumynda bolanymyzda anyk göz ýetirdik. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasyna degişli bu zawodlar toplumynyň işe girizilenine sanlyja ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, gürrüňi edilýän innowasion tehnologiýaly zawodlar toplumy daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürmekde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde öndürilýän gazbeton önümleri we gury gurluşyk garyndylary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Harytlara isleg uly

Eziz Watanymyzda täze döredilen we häzirki zaman ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýan dokma kärhanalarynyň sanlylaşdyrylmagy dokma önümleriniň möçberini we görnüşlerini artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Aşgabadyň dokma toplumyny, Türkmenbaşy dokma toplumyny, Jinsi toplumyny, Ruhabat we Gökdepe dokma toplumlaryny, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigini görkezmek bolar. Bu günki gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän täze haryt nyşanly önümlere halkymyz we daşary ýurtly alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Muňa halk arasynda uly meşhurlygy gazanan «Bedew» haryt nyşanly jinsi önümleri, «Bürgüt» we «Gala» haryt nyşanly sport egin-eşikleri hem-de tikin-örme önümleri, şeýle hem «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Hyrydarly önümler

Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçiler özleriniň irginsiz zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hususy ulgamynda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri ýylyň-ýylyna guwandyryjy zähmet üstünliklerini gazanýarlar.

Hyrydarly önümler

«Gala»! Bagtyýar şu günümizi taryh bilen baglanyşdyrýan bu haryt nyşany Gökdepe dokma toplumynda öndürilýän önümleriň gymmatyny beýgeltmek bilen birlikde, türkmen dokmasynyň milli aýratynlygyny dünýä bazarynda tapawutlandyrýan özboluşly nusgadyr. Önümçilik düzümi yzygiderli artdyrylýan bu dokma kärhanasynda ýokary hilli ýüplükler bilen birlikde, taýýar tikin önümleriniň ençeme görnüşi öndürilýär. Gözellik, ykjamlyk berlip, ýokary derejede taýýarlanýan önümleriň hataryny ululy-kiçili oglan-gyzlar üçin niýetlenen sport lybaslary, trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri düzýär. Toplumyň bölümleriniň sazlaşykly hereketi netijesinde, ýokary hilde tikilýän önümler göwnemakul bezegler bilen baýlaşdyrylýar we göze gelüwli gaplara gaplanyp, halka hödürlenýär. Her bir başlangyç özüniň şowly netijesini berende, iş diňe öňe ilerlemek bilen bolýar. Golaýda ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda gyş pasly üçin niýetlenen kurtkalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önümçilik Gökdepe dokma toplumynyň bölümlerinde-de giň gerim aldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede garşylamagy öz öňünde belent maksat edinýän toplumyň hünärmenleri bu önümçiligi-de kemsiz ele aldylar. Geýeniňde amatly, döwrebap, ýokary hilde taýýarlanylan kurtkalar ildeşlerimiziň göwnünden turdy. Dokma önümlerine ýöriteleşdirilen dükanlaryň haýsy birine barsaň, ildeşlerimiziň ol kurtkalary höwes bilen

Paýtagta görk berýän ajap binalar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şäheriň gözel künjekleriniň birinde türkmen işewürleri tarapyndan gurulýan Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynda milli Liderimiz bu döwrebap binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigi mynasybetli, täze, döwrebap toplumy «Aşgabat» diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Türkmen telekeçileri paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyryna gatnaşyp, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň öňküden-de gözelleşmegine mynasyp goşant goşdular. Geçen ýylyň aýagynda açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap binalar toplumy baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna ajaýyp sowgat boldy. Binalar toplumy 12 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň 16-syny, söwda we dynç alyş merkezini özünde jemleýär. Şaýoluň iki tarapyny bezän ýaşaýyş jaýlarynyň 14-siniň, Söwda we dynç alyş merkeziniň hem-de jemi uzynlygy 5564 metr bolan ýollaryň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Weli gurluşyk», «Ajaýyp gurluşyk», «Nusaý ýollary», «Aktab»,

Eziz Diýar — ösüşleriň mekany

Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda dünýäde iri maýa goýumlaryň çekilýän ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm şertdir. Geljekde täze önümçilikleri ulanmaga bermegiň hem-de hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna içerki islegleri doly kanagatlandyrmak hem-de gymmatly mineral dökünleri daşarky bazarlara ibermek babatda bitirilen işler milli ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da artdyrýar.

Türkmen eksporty ösüş ýolunda

Şeýle at bilen golaýda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynyň dolandyryş binasynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat gümrükhanasynyň bilelikde guran bu maslahatyna degişli edara-kärhanalaryň, gulluklaryň wekilleri, telekeçiler, hususyýetçiler gatnaşdylar. Maslahaty TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Myratgeldi Goçmedow açdy. Soňra welaýat gümrükhanasynyň işgäri, uly leýtenant Döwlet Baýmyradow, Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri Narly Mämmedow, welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň döwlet gözegçisi Laçyn Sapardurdyýewa, TSTP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Bekmyrat Piriýew, «Altyn tug» hususy kärhanasynyň baş hasapçysy Rejepdurdy Kakabaýew dagy gün tertibindäki mesele boýunça giňişleýin çykyş etdiler.

«Ynamdar» ynam gazanýar

Baryp birnäçe ýyl mundan ozal hem «onlaýn söwda», «internet dükan» ýaly düşünjeler ildeşlerimiziň köpüsine nätanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda ýurdumyzda sanly ulgamyň güýçli depginde ornaşdyrylmagy netijesinde türkmen telekeçileri hem işewürligiň täzeçil usullaryny özleşdirip, ilata onlaýn söwda hyzmatlaryny hödürlemegi ýola goýdular. Bizem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy, ençeme ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýan telekeçileriň biri bolan Nurmuhammet GAPUROW bilen söhbetdeşlikde onuň esaslandyran «Ynamdar» onlaýn dükanynyň işi bilen tanyşdyk. — Nurmuhammet aga, «Ynamdar» onlaýn dükanyny döretmäge size näme itergi berdi?

Hilli önüme hyrydar kän

Saýat etrabynyň Çaltut geňeşliginde ýerleşýän «Aýna gap» hususy kärhanasynyň gök önümlerden we miwelerden dürli gaplamalary taýýarlap, welaýatyň çägindäki çagalar baglaryna ugradýandygyny ozal habar beripdik. Ýakynda bolsa bu hususy kärhanada önümçiligiň ikinji ugry boýunça hem işleriň depgini güýçlendirildi. Häzir bu ýerde her gün 15 müňe çenli polietilen haltalar hem dokalýar. Aslynda, bu hususy kärhanada halta dokamak işine geçen ýylyň ahyrynda girişildi. Mundan bir ýyl ozal Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen ýokary öndürijilikli ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, täze önümçilige badalga berildi.

«Halk market» halkyň hyzmatynda

Eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda, ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün etmekde ýurdumyzyň hususyýetçi ekerançylarynyň, telekeçileriň mynasyp paýy bar. Diýarymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän ak bazarlardyr söwda merkezleri söwda-satyk bilen meşgullanýan telekeçilerimiziň işleriniň ilerlemegine, halkymyzyň göwün islän harytlaryny we önümlerini uzakly günüň dowamynda elýeterli bahalardan satyn almagyna mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda biz hem paýtagtymyzyň 12-nji tapgyrynyň ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde ýerleşýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Halk market» söwda merkeziniň 2-nji şahamçasynda söwdanyň gidişi bilen gyzyklanyp, bu ýere bardyk. Bu söwda merkeziniň girelgesinden girenimizden tekjeleri dolduryp duran haryt bolçulygyna gözümiz düşdi. Harytlaryň aglaba böleginiň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümler bolmagy bizi has-da guwandyrdy. Dükanyň içine aýlanyp ýörkäk, gök-bakja önümleri bölüminiň deňine gelenimizde, bu bölümiň satyjysy, güler ýüzli Bägül Nurýagdyýewa bize söwdanyň gidişi, gelýän önümleriň saklanylyşy barada gürrüň berdi.

«Aýdyň gijeler» aýdyň ýollarda

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup elektron senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy. Yşyklandyryş enjamlaryny, şol sanda LED lampalaryny öndürýän önümçiligiň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly ugurlarynyň biri hasaplanýar. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň elektron senagatynyň ösdürilmegi netijesinde, uly isleg bildirilýän, daşary ýurtlarda öndürilýän şu kybap harytlara mynasyp bäsdeşlik edip biljek harytlaryň önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Täze, innowasion tehnologiýalarda işläp, döwür bilen aýakdaş barýan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde şahamça açyp, şol şahamçanyň düzüminde hem tehnologik merkezi döretdi. Bu merkez ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan dolandyrylyp, onuň esasy maksady ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hereket edýän edara-kärhanalara IT tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda, olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, hojalyk jemgyýeti dünýäniň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, öz önümlerini daşarky bazarlara eksport etmek boýunça hem iş alyp barýar. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşine uly goşantdyr.

Telekeçilikde müşderiniň we hiliň ähmiýeti (Ýaş telekeçilere maslahatlar)

«Daewoo» şereketini esaslandyran Kim Wu-Çonguň maslahatlary ■ Müşderiniň ynamyny gazanmakda satyjynyň müşderä berýän ünsi ilkinji orunda durýar. Şonuň üçin hem müşderini özüňe çekmekde hünärine ökde satyjylar hökmandyr.

Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri üstünlikli berjaý edilýär. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetde hususy pudagy goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysady giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeläp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işiniň ähmiýeti uludyr. Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy h