"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Kerwen» söwda platformasy

Maglumatlar eýýamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak işewürligi ösdürmegiň esasy talaplarynyň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly hyzmatlary bilen adygan agzalarynyň biri-de «Kerwen» hojalyk jemgyýetidir. Ol ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyndan ugur alyp, elektron tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Häzirki döwürde onuň «Kerwen» söwda platformasyndan peýdalanýanlaryň sany has-da artýar. www.kerwen.com.tm salgysynda ýerleşýän internet söwda giňişliginiň «Biz barada», «Market», «Onlaýn sergi», «Onlaýn žurnal». «Bank hyzmatlary», «Öndürijiler», «Alyjylar» ýaly bölümleri hem onuň köpugurlydygyny görkezýär. Onuň maglumatlar binýadynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryna degişli agzalary hakynda giňişleýin, anyk maglumatlar berilýär. Onuň kömegi arkaly telekeçiler öz şahsy elektron otagyny açyp, ony ýöredip, müşderileridir hyzmatdaşlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik alýarlar.

Önümçilikde täze tapgyr

Telekeçilerimiz oba hojalyk pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, bu ugurda täze önümçilikleri yzygiderli ýola goýýarlar. Şolaryň biri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde «Maksada okgunly» hususy kärhanasy tarapyndan hindi towuklarynyň önümçiligi ýola goýlan guşçulyk toplumydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Maksat Ibragimowa ýüz tutduk. Telekeçi ylmy taýdan esaslandyrylan önümçilik barada şeýle gürrüň berdi: - Ýeri gelende bellesek, «Maksada okgunly» hususy kärhanamyz ýurdumyzda hindi towuklarynyň önümçiligini ilkinji bolup ýola goýdy. Önümçilikde bu towuklaryň ynsan bedeni üçin ýokumly görnüşlerini saýlap aldyk. Hususan-da, Fransiýanyň 2008-nji ýylda hindi towuklarynyň önümçiligini ýola goýan «Aviagen» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip, şol ýerde ýetişdirilýän guş tohumlaryny önümçilikde peýdalanýarys.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Ýurdumyzyň telekeçileri hususy önümçiligi ösdürmek boýunça döredilýän oňaýly şertlerden peýdalanyp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirip, bazarlarymyzy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmek ugrunda zähmet çekýärler. Terligine doňdurylyp, owadan gaplara gaplanan gök-bakja önümleri we miweler hem ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, aýratyn-da, gyş aýlary ýokary islegden peýdalanýar. Çünki bu döwürde alyjylar witaminlere baý gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleglerini terligine doňdurylan gök-bakja önümleri hem-de miweler bilen kanagatlandyrýarlar. Telekeçi Amandursun Begjanowa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, gelşikli gaplara gaplaýan kärhanada gyş möwsümine gyzgalaňly taýýarlyk görülýär. Her gün ençeme kilogramdan tonna çenli gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, gaplaýan kärhanada taýýarlanylan önümleri «Halk market» söwda merkezlerinde ýylyň islendik paslynda satyn almak bolýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde kärendesine alnan onlarça gektar ýerde ýeralma we beýleki bakja ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär.

Bereketli topragyň taýsyz tagamlary

Bereketli hasylyň ösüp ýetişýän şu günki günlerinde Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Selbi» daýhan hojalygynda hem işler gyzgalaňly depginde alnyp barylýar. Telekeçi Babajan Nuryýewiň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan hojalygynda yhlasly işçileriň 15-den gowragy zähmet çekip, önümleri arassalamak, saýlamak işlerinden başlap, bankalara gaplamak işlerini alyp barýarlar. Olaryň yhlasly zähmeti netijesinde şu günler gök-bakja önümleriň görnüşleri gaýtadan işlenilýär.

Üstünligiň açary

Ýigrimi dokuzynjy söhbet «7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021.

Döwrebap dokma önümleri

Toplum jins matasyndan jana ýakymly, pasla görä zenan we erkek adamlaryň, çagalaryň egin-eşiklerini taýýarlap, alyjylara hödürleýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary hilli jins önümlerine halk köpçüligi tarapyndan uly isleg bildirilýär. Tutýan meýdany 21,5 gektar bolan Türkmenbaşy jins toplumynyň işi üç sany uly — ýüplük egriji, boýag-dokma, tikinçilik fabriklerinde alnyp barylýar. Bu ýerde işgärleriň üç müňe golaýy üç çalşyk boýunça zähmet çekýär. Toplumyň esasy çig maly bolsa ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ak pagtadyr. Bu ýerdäki dürli görnüşli egin-eşikleri öndürmek üçin bir ýylyň dowamynda ak pagtanyň 10 müň tonnasy sarp edilýär.

Telekeçiligiň konstitusion esaslary

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, bazar gatnaşyklara geçmegi çaltlandyrmak, ykdysadyýetde hususy pudagy çalt depginler bilen özgertmek, kanunçylygy kämilleşdirmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle hem döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr.

Önümçilikde täze sepgitler

Tomsuň gyzgyn günlerinde süýt ýa-da süýt önümleri janyňa diýseň hoş ýakýar. Ertirlikde bir käse, käte bolsa bir okara süýdi başyňa çekseň, günortana çenli hörek küýsetmeýändigini heniz çagakak hem bilýärdik. Günortanlyk hem ýaýylyp, mesgesi alnyp, aýran hem başga nygmat isletmez. Umuman, süýt we ondan alynýan önümler durmuşyň datly nygmatlaryna öwrülip gidendir. Söwda nokatlarynyň islendigine barsaň, süýt önümleriniň giden bir toplumyna gözüň düşýär. Bu bolçulyk, elbetde, göwnüňi göterýär. Munda türkmen hususyýetçileriniň, şol sanda öz işlerini Lebap welaýatynda alyp barýan hususy taraplaryň uly paýynyň bardygy guwandyryjydyr.

Üstünligiň açary

Ýigrimi sekizinji söhbet               «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.

Telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy

Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. * * *

Owunjak daşlar uly sungaty döredýär

Bu, hakykatdan-da, şeýle. Ol «Beýik işler kiçijik zatlaryň jeminden hasyl bolýar» diýen aýtgynyň manysynda hem açylýar. Ony görmek üçin uzak bir ýere gitmek ýa-da bu barada internet sahypalaryndan maglumat gözlemek zerur däl. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda gurlan binalary synlasaňyz hem, bu sözleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň güýzünde paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň binalary gurlup ulanmaga berildi. Bu tapgyryň beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýandygyny siz ondaky ýaşaýyş jaýlarynyň iki gapdalynda owunjak daşlaryň köplügi bilen döredilen şekilleri synlanyňyzda-da duýýansyňyz. Ol şekiller özboluşly gözelligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Olarda eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapýar. Bilşimiz ýaly, owunjak, özem dürli reňkli daş hem-de aýna bölejiklerinden düzülip ýasalýan şekillere mozaika diýilýär. Mozaikanyň leksik manysy «muza» sözündendir. Ýagny grek mifologiýasynda «muza» sungata we ylma hemaýat edýän hudaýyň adydyr. Mozaika üçin gerek bolan daşlar ýörite peçlerde bişirilip, owunjak bölejiklere bölünýär. Bu daş bölejiklerine bolsa «smalta» diýilýär.

Bazarlarymyz ir-iýmiş we miwe önümlerinden doly

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Düzmergen ýaýlasynda, «Şamülk» meýdançasynyň demirgazyk tarapynda 2-nji bagçylyk hojalygynda miweli baglaryň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde bolsa, bu miweli baglardan bereketli hasyl ýygnalyp, içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Bu ýerde ýetişdirilýän miweli baglaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişlidigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ilatymyzyň gök-bakja önümleri, miweler bilen ýylyň dowamynda ygtybarly üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak miweli bagçylyk hojalygynyň eýesi bolan işjanly telekeçiniň baş maksady bolup durýar. Gök-bakja önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gektara barabar bolan bagçylyk hojalygynda 750 düýp garaly, 250 düýp ülje, 750 düýp alma, 250 düýp pisse, 750 düýp şetdaly, 500 düýp alça, 250 düýp hurma, 500 düýp armyt, 750 düýp erik agaç nahallary ekilen, jemi 5000-e golaý düýp miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär.

«Altyn guş» — islegli önüm

Saýat etrabynyň «Mülk» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Altyn guş» hususy guşçulyk toplumy diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň hem azyk bolçulygyna mynasyp goşandyny goşup gelýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Aksoltan Hajyýewanyň ýolbaşçylygyndaky toplum häzirki wagtda doly önümçilik ýoluna düşdi. Toplumyň önümçilik işi barada telekeçi şeýle gürrüň berdi: — Guşçulyk toplumy öň döwlet eýeçiligindedi. Ony bassyr iki ýyl kärendesine aldyk. Hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligiň ösdürilmegine we telekeçilik işleri bilen meşgul bolýan şahslara amatly şertleriň döredilmegine üns bermegi netijesinde, 2018-nji ýylda biziň guşçulyk toplumymyz hususy eýeçilige berildi. Şondan soň, Balkan welaýatynda hem guşçulyk toplumyny döretdik. Bu önümçiliklerde doganym Serdarmuhammet Nurmyradow bilen bilelikde iş alyp barýarys.

Keramika — gözelligiň öwüşgini

Ynsan mydama gözellige teşne. Ol gurýan binalarynyň-da özüne çekiji, gözel bolmagyny isleýär. Ata-babalarymyz munuň üçin öz döwründe toýundan dürli ölçegdäki küýzeleri, gap-gaçlary ýasap, gyzgyn otda bişiripdirler we soňra oňa syrça çaýypdyrlar. Şeýle usul bilen senetçiligi kemsiz ele alan eždatlarymyz gurýan binalarynyň gümmezlerini, dälizlerini we öň taraplaryny keramika daşlary bilen bezäpdirler. Şeýlelikde, barha giň gerime eýe bolan keramikadan bezeg usullary orta asyrlarda ençeme şäherlere, köşklere özboluşly görk beripdir. Hawa, uzaklardan Gün nuruna öwşün atýan, syrçalanan gümmezler seni haýrana goýýar. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabadyň birnäçe binalarynyň Gün nuruna ýalkym saçýan gümmezleri hut şol gözelliklerden habar berýär. Diýmek, çarhy-pelegiň aýlanyp durmagy bilen, biz ýene-de ata-baba ýörelen ýollara dolanýarys. «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň Halaç etrabynyň çäginde «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýetine gurduran keramika-bezeg önümler kärhanasy hem bina bezegleri üçin zerur bolan şeýle önümleri öndürýär. Ýurdumyzda bu ugurdan ýeke-täk bolan kärhana, geçen ýylyň dekabr aýynda işläp başlandygyna garamazdan, eýýäm on milliondan gowrak klinker kerpijini öndürdi. Taslama kuwwaty gije-gündizde 550 tonna çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhana üç iş çalşygynda işläp, onda dürli derejedäki hünärmenleriň, işçileriň 198-si zähmet çekýär.

Öňde möhüm wezipeler

9-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde ýurduň altyn gaznasyna deňelýän türkmen telekeçileri tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynyň gowy netijeler bilen jemlenendigi barada aýdyldy. Ýarym ýylyň jemleriniň netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136,3 göterime, senagat önümleriniň ösüşi 119 göterime deň boldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz sarp ediş harytlarynyň, aýratyn-da, olaryň oba hojalyk pudagynda öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleriň heniz haýal alnyp barylýandygy barada eden belligi hususy pudagyň öňküden-de yhlasly işlemelidigini aňladýar. Munuň özi içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda türkmen telekeçileriniň netijeli işlemegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe, maddy-tehniki taýdan kömek bermek hem-de sanly ulgamy önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak bilen söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek meselelerini mydama üns merkezinde saklaýar. Bu mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan telekeçiler önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen internet söwda dükanlaryny döredip, halkymyza on

Hyrydarly önümler

«Agaýana» hususy kärhanasynyň hünärmenleri islendik işe gözlegli we döredijilikli çemeleşýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Işe başlan ilkinji gününden öz öndürýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, owadan önümleri bilen içerki bazarda mynasyp orun aldy. Häzirki wagtda kärhana önümlerini daşary döwletlere-de çykaryp ugrady. Azerbaýjan, Özbegistan ýaly döwletler bu kärhananyň önümlerine isleg bildirýärler. Hususy kärhananyň esasy maksady daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmekdir. Ýerli çig mallary peýdalanmagyň hasabyna gurluşykda, hojalyk şertlerinde we beýlekilerde giňden ulanylýan DSP kärhananyň esasy önümidir. Bu önümçilikde hünärmenler hasyly alnan gowaça çöpüniň galyndylaryny hem-de agaç gyryndylaryny peýdalanýarlar. Bu usul önümiň elýeterli bolmagyna, goşmaça girdeji gazanmaga giň mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň söwda mümkinçiliklerini giňeltmek, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipeleri möhüm orun eýeleýär. Şunda ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynda bu gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar we halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady ulgamyna netijeli goşulmagynyň döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmagyň hem-de bazar gatnaşyklaryny, şeýle hem maýa goýum babatda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhüm şertidigini belleýär. Şu esasda söwdany we telekeçiligi ösdürmek milli Liderimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijelerini aýan edýär we bazar gatnaşyklaryny seljermäge, ilatyň durmuş ýagdaýynyň we onuň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Rowaçlyk yhlasdan başlanýar

Telekeçiler Saburdyr Timur Taşewleriň ady bilen baglanyşdyrlyp, «STT» diýlip atlandyrylan bu hususy kärhana Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýär. «STT» hususy kärhanasy etrabyň Garnas geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň çäginden peýdalanmak üçin bölünip berlen meýdanda önümhana açyp, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Telekeçiler häzirki wagtda hususy kärhanada düýpli gurluşyk işleri üçin niýetlenen serişdeleriň alty görnüşini öndürýärler. Köýtendagyň goýnunda ösüp-ulalan Sabur aga bu sebite bäş barmagy ýaly belet. Ol çagalyk ýyllarynda baýyrlarda kömelekdir ýuwa-ýelmik çöplän bolsa, ýetginjek ýyllary eýýäm bu ýerleriň genji-baýlygynyň peýdaly taraplary bilen gyzyklanyp başlapdyr. Megerem şu gyzyklanma onuň geolog kärini saýlamagyna sebäp bolandyr. Köýtendagda geçirilen buraw işleriniň ençemesine gatnaşan Sabur aga gojaman daglaryň goýnunda gizlenip ýatan tebigy baýlyklaryň ýerasty gory bilen, gör, näçe gezek «ýüzbe-ýüz» bolandyr?! Kükürt, gurşun, kaliý, nahar duzlary, daş kömri, polimetal ýaly onlarça himiki elementler bilen tanşyp, olaryň düzümini öwrenmegiň arzuwynda bolan ýaş hünärmen soňra bu işe has içgin baş goşmak baradaky karara geldi. Şeýlelik bilen, ol hususy eýeçilikde işe başlap, ýerli çig mallardan taýýarlan ilkinji önümlerini ilata hödürledi.

Eksport ugurly önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagyny ösdürmek, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleriň önümçiligini giňeltmek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlaryň möçberini artdyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň netijesinde «Akar» haryt nyşanly joraplary öndürýän kärhanamyzda hem üstünlikli işler alnyp barylýar. Kärhanamyz 2018-nji ýylda işe girizildi. Ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde «Akar» haryt nyşany bilen öndürilýän joraplar hil derejesiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, ekologiýa taýdan arassa, eksport ugurly önümlerimize diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem isleg ýokary.

SUW TYGŞYTLYLYGY - berekediň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen. tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir. Türkmen halky ähli döwürlerde hem suwy tygşytly ulanyp, ekerançylygyň, daýhançylygyň ençeme ýüzýyllyklaryň synagyndan geçen ajaýyp hem asylly däplerini kämilleşdiripdir. Suw damjasyny zer dänesine deňän ata-babalarymyz suwuň gadyr-gymmaty, onuň ynsan durmuşynda tutýan orny hakynda «Suw - atadyr, ýer - ene», «Suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş ýok», «Gyş suwy - gyzyl suwy», «Suw berseň, akary bilen, mal berseň, bakary bilen», «Suwly ýer - gül, suwsuz ýer - çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp - il» diýen nakyllary nesillere miras goýupdyrlar.