Edebi miras — ebedi miras
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy taryhy, edebiýaty, sungaty düýpli öwrenilýär. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna deňelen, medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan milli mirasymyzyň beýanyny, müňýyllyklaryň wakasyny özünde jemleýän golýazmalary, danyşment alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň edebi mirasyny abat saklamak üçin olara aýawly çemeleşilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawynda orun almagy, şeýle-de TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi-de dünýäde türkmeniň edebi mirasyna goýulýan hormatyň uludygyny äşgär edýär. Halkymyzda döwletimiziň şanly taryhyny, edebi hem-de medeni gymmatlyklaryny, alym-ulamalarymyzyň pähimlerini özünde jemlän golýazmalar nesilden nesle geçirilip, ýazuw ýadygärlikleri hökmünde aýawly saklanylýar. Geçmiş taryhymyzda alymlarymyz, şahyrlarymyz, bagşy-sazandalarymyz uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar öz döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşi