"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hoşniýetliligiň ykraryýeti

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu baýramçylygy esaslandyrmak hakynda başlangyç 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan beýan edildi. Bu sene parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk we hoşniýetli erk ýörelgeleriniň, deňsiz-taýsyz umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüldi.

Parahatçylyk — köňülleriň aýdymy

Parahatçylyk ynsanlara bagyşlanan eşretleriň iň belendidir. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen maslahat Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylyna badalga boldy.

Döwletliligiň dünýä rowaçlygy

«Halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr. Çünki bu dostluk döwletleriň ählumumy ýörelgelere ygrarlylyk babatda bitewüleşmegidir».Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmeniň nusgalyk ruhy gymmatlyklary köp sanly täsirli rowaýatlaryň, aýtgylaryň, ýatlamalaryň, meşhur taryhy şahsyýetleriň ykballary beýan edilýär. Halkymyzyň etniki keşbini aýdyň şöhlelendirmekde bu gymmatly eser ylmy dolanyşyga täze maglumatlary girizýär, okyjyny pikirlenmäge, halk mirasy bilen has içgin gyzyklanmaga, öwrenmäge, döretmäge çagyrýar.

Ýyllar şöhrata beslenýär

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, her bir ýyl uly üstünliklere, täze rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer baş ýörelgämiz üstünlikli durmuşa geçirilip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri barha gowulanýar. Halkymyzyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilip, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardyr binalary gurmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagy halk hakyndaky aladanyň aýrylmaz bir bölegi bolup, ýurdumyzyň parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň hem-de ynanyşmagyň Watanydygyny görkezýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistan sebitde durnuklylygyň, täze başlangyçlaryň hem ösüşiň merkezi hasaplanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň teklibi bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu zatlaryň ählisi bolsa, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr. BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde öňe çykýar. 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem, bu ugurda ýurdumyzyň te

Baky bagtyýarlygyň Diýary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz gözümiziň alnynda ösüp, tanalmaz derejede özgerýär. Ýurdumyzyň ösüşlerini halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygynyň, ýaş nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň belent ýaňlanýandygynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Eziz Diýarymyzda höküm sürýän asudalygyň, abadan durmuşyň özi hem bagtyýarlykdan nyşandyr. Şeýle eşretli durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek, gurmak, döretmek Arkadagly döwrümiziň ildeşlerimize eçilen ajaýyp peşgeşidir. Bu gün Diýarymyzyň ähli sebitleri gyradeň ösýär. Prezident Maksatnamasy esasynda gurulýan durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalar sebitleriň mundan beýläk-de özgermegine, döwrebap keşbe girmegine oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Kaka etrabynda hem iri taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygy bizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda etrap merkezinde gurluşygy alnyp barylýan iri dokma toplumyny, Gowşut geňeşliginde gurulýan täze, döwrebap obany agzamak örän ýakymlydyr.

Dünýä derejeli ösüşler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary ýurdumyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürdi. Dünýäde ykrar edilýän milli Liderimiziň ulag diplomatiýasy, suw-ekologiýa diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy ýurdumyzda, şol bir wagtyň özünde dünýä döwletleriniň ençemesinde önümçiligiň artyp, ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagyna, iş orunlaryň köpelmegine, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine giň mümkinçilikler döredýär. Arkadagly eýýamymyzyň dünýä ähmiýetli ösüşleri baky Bitaraplyk ýörelgelerimize laýyklykda rowaçlyklardan-rowaçlyklara beslenýär. Ol ösüşler milli Liderimiziň ösüş arkaly parahatçylyk taglymatynyň buýsançly beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisi hem taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ösüşlerimiziň nobatdaky sahypasyny ýazdy.

Bu Bitarap, bu bagtyýar Watanda

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek, Watanymyzyň ykdysady we syýasy durnuklylygyny berkitmek, durmuş we medeni özgerişleriň ýagty geljegini kepillendirmek babatynda atalyk aladasy jemgyýetçilik jebisliginiň esasyny emele getirdi. Hukuk döwletiniň aýrylmaz wezipeleriniň biri hem ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň ykrar edilmegini we goralmagyny kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet belligine almakdan ybarat bolup durýar. Döwlet belligine almak boýunça ygtyýarlyklar adalat edaralarynyň işini düzgünleşdirýän ýörite kanunlarynda öz beýanyny tapýar. Şolaryň biri hem «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup durýar. Kanuna laýyklykda, Gozgalmaýan emlägiň bazarynyň emele gelmegine ýardam edilmegi gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Eziz Watanymyzyň parahatçylyk ýoly

Parahatçylyk atly beýik ýörelgäniň özenini düzýän adalatlylyk, agzybirlik, düşünişmek, hormat-sarpa türkmen halkynyň ata-baba zandynda bar häsiýetlerdir. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaýýan parahatçylyk taglymatynyň esasynda birek-birege uzan dostlukly gollarda geljekki ösüşlere bolan beýik ynam, egsilmez ruhy güýç bar. Ýer ýüzüne parahatçylyk ýörelgesini ýaýmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz adamzadyň ykbalyna dahylly meselelere oňyn täsir edýän ýurtdugyny dünýä jemgyýetçiligine aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly adamzadyň ömrüniň manysyna öwrülen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebit we ählumumy derejede abadançylygy hem-de ösüşi üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýandygyny hemişe nygtaýar. Baky Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen giň gatnaşyklary ýola goýmagy ugur edinýär. Şolaryň hatarynda parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek, sebit we dünýä boýunça energetika howpsuzlygynyň täsirli gurallaryny döretmek, durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, ykdysady, ynsanperwer hem-de ekologiýa taslamalaryny ilerletmek wezipeleri bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir ý

Bitaraplyk senasy

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilip geçilen ýylda giň möçberli işler amala aşyryldy. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hem şanly senäni ýokary üstünlikler bilen jemledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda şanly seneler mynasybetli durmuş we beýleki maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny guramak asylly däbe öwrüldi. Bu şanly senä gabatlanyp, mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi milli lukmançylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga gönükdirilen giň möçberli tagallalaryň aýdyň netijesi bolup durýar.

Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynyň möhüm şertidir

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly seneleriň ýyly boldy – Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk toýy giňden tutuldy. BMG-niň derejesine üýtgewsiz ygrarly döwletimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny alyp barýar. Çärýek asyryň döwründe parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Şu döwürde ýurdumyz ägirt uly ösüşleri gazanyp, halkara giňişliginde kuwwatly ykdysadyýetli we durmuş düzümli, sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda ornuny pugtalandyrdy hem-de Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşy we abraýly agzasy hökmünde ykrar edildi.

Ýylyň şygaryna bagyşlandy

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygaryny il içinde wagyz etmek, dabaralandyrmak we mahabatlandyrmak maksady bilen, şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Olara gatnaşýan ildeşlerimiz, ylaýta-da, ýaşlar ýylyň şygarynyň many-mazmun taýdan tüýs ýerine düşendigi dogrusynda buýsançly sözleri aýdýarlar. Ýakynda şeýle dabaraly maslahatlaryň biri Mary şäherinde ýerleşýän «Mary» myhmanhanasynda geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýanyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler ýurtda we dünýäde parahatçylygy berkitmek, birek-birege ysnyşmak arkaly ykdysady ösüşleriň täze belentliklerine çykmak dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän dünýä nusgalyk başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň barha jebisleşýändigini aýratyn bellediler. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şygarynyň düýp many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmekde, onuň maksatlaryny wagyz etmekde alnyp barylmaly giň gerimli çäreler, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilmeli onlaýn duşuşyklardyr maslahatlar barada durlup geçildi. Öz halkynyň erkana durmuşy,

Lebap welaýaty: guwandyryjy netijeler, belent wezipeler

Tamamlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurduň, milletiň, mähriban Arkadagymyzyň abraý-mertebesini beýgelden şeýle wakalaryň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligi türkmeniň şöhratly ösüş ýolunyň mizemezdigine, halkynyň agzybir we bir maksada gulluk edýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdi. Parahatçylygyň gadyr-gymmatyna oňat düşünýän halkymyz gazanýan üstünlikleriniň hözirini görýär. Muny Lebap welaýatynyň obadyr şäherleriniň ösüş-özgerişlerinde-de aýdyň görmek bolýar.

Bitaraplyk, parahatlyk merkezi sen, Aşgabat!

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dünýä nusga ýörelgämiz, ýolumyz

Güneşli Diýarymyzda uly ynam bilen garşylanan täze, 2021-nji ýylyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara abraýyny, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny we syýasy, ykdysady hem-de medeni hyzmatdaşlygyny aýdyň alamatlandyryp, täze üstünliklere, has uly öňegidişliklere ýol açdy. Milli Liderimiziň öňe süren ajaýyp başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň bütin dünýä nusga bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara bileleşigindäki orny has-da pugtalanýar, parahatçylyk söýüji halkymyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Muny baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda bolup geçen dünýä ähmiýetli taryhy wakalar ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyz tarapyndan halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara badalga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etdi we şol bir wagtyň özünde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has giňelmegine-de oňyn şertleri döretdi. Bu bol

Bagy-bossanly diýarymyz

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelinlikde, oňat durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli alada edýär. Taryh üçin uzak bolmadyk ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda gazanylan ykdysady ösüşler, durmuşa geçirilen dürli maksatnamalar, alnyp barylýan öňdengörüjilikli ykdysady, syýasy ösüşi dowam etdirip, halkymyz üçin uly möçberli mümkinçilikleri berdi we bu işler dowam edip gelýär. Garaşsyzlygymyzyň her bir ýyly syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitleri bilen ak geljegi nazarlap barmagy halkara abraýynyň ýokarlanýandygyndan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar tarapyndan goldanylýandygyndan, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirilýändiginden nyşandyr.

Rowaçlyga beslenen ýyl bolar

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň giňden belleniljek ýylynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Eziz Arkadagymyzyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma, goldawa eýe bolýan döwlet syýasatynda ählumumy parahatçylygy berkitmek, dostlugy, hoşniýetliligi, birek-birege ynanyşmagy dabaralandyrmak asylly ýörelgeler bolup durýar. Dünýäniň abraýly halkara bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden gelip çykýan bu ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk esasyny düzýär, dünýä döwletleri, halklary bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarymyzy baýlaşdyryp, onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gural bolup durýar, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Berkarar Diýarymyz halkara ähmiýetli iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän ajaýyp mekanyna öwrülýär, özüniň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahatçylykly durmuşyň, döredijilikli ösüşiň rowaçlyklaryna gönükdirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly beýik tutumlary bilen bu hakykaty ýene bir ýola dünýä ýaýar.

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki pamyk egriji fabrigiň işçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp zähmet goşantlaryny goşdular. Geçen ýylda fabrigiň öndüren ýokary hilli nah ýüplükleriniň 80 göterimi Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Polşa ýaly döwletlere eksporta ugradyldy. Bu ýerde ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän ýüplük önümleri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hili bilen aýratyn tapawutlanýar. Kämil tilsimatlar ornaşdyrylan önümçilikde işleýänleriň iş şertleri öňküsinden has gowulandy. Üç çalşykda işleýänleriň ulaglarda gatnadylmagy kadaly ýola goýuldy, işçileriň saglygyna lukmançylyk gözegçiligi amala aşyrylýar, iş arakesmelerinde dynç almak we naharlanmak üçin ähli amatlylyklar döredildi. Bu bolsa zähmet görkezijileriniň ýokarlanmagyna-da täsirini ýetirýär. Kärhananyň ýolbaşçysy Nargül Abdyýewa 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilendigini aýdyp, täze ýyla ruhubelent gadamlar bilen girişendiklerini aýdýar.

Žurnallaryň nobatdaky sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garalýar.

Hemişelik Bitaraplyk — ösüşleriň şamçyragy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy häzirki wagtda sözüň doly manysynda bagtyýar halkymyzyň abadan, asuda ýaşaýşynyň ygtybarly binýady bolmak bilen Ýer ýüzünde dabaralanýan syýasat ugry bolup durýar. Paýtagtymyzyň özgerýän, günsaýyn gözelleşýän, abadanlaşýan keşbi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parasatly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijeleridir.