"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn sazlaşyk

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda adam saglygy hakynda edilýän aladalar köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň sagdynlyk baradaky asylly ýörelgeleri halkyň ruhy taýdan kämil, fiziki taýdan sagdyn bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň ekoulgamyny, ajaýyp bagy-bossanlyklaryny, tokaýlaryny gorap saklamak, olary ylmy taýdan ösdürmek boýunça döwletimiz tarapyndan möhüm işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturtmak däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatyny ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri, bilen yzygiderli üpjün etmek baradaky tabşyryklary esasynda miweli baglaryň ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmegiň esasy çeşmeleriniň bir bolup durýar.

Sapaly durmuşyň seresi

Şäherlerdäki ýaşyl zolaklar diňe bir owadanlyk üçin döredilmeýär. Seýilgählerdir ýaşyl zolaklar şäherde ekologiýa taýdan arassa gurşawy hem-de sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek üçin zerurdyr. Şol sebäpden-de, şäher ýaşaýjylaryna diňe bir bag nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek arkaly ýaşyl zolaklary döretmek ýaly asylly işlere goşant goşmak ýeterlik bolman, eýsem, boş wagtlaryny seýilgählerde, agaçlaryň saýasynda geçirmek hem zerurdyr. Şäherler we agaçlar

Dünýäniň nebit bazary

Gazetiň şu sanynda dünýäniň iň köp nebit öndürijileri, ony eksport etmekde öňdebaryjy döwletler we benziniň iň köp ulanylýan markalary baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik. Nebit öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy döwletleri

Dünýä habarlary

«7/24. tm», № 42 (125), 17.10. 2022 Şweýsariýanyň «rýöşti» atly milli tagamyny taýýarlamak üçin 1300 kilogram ýeralama gerek boldy. Ululygy 13,7 inedördül metr ölçegli bolan bu tagamy taýýarlan Berndäki aşpezler rekord goýmagy başardylar.

Ekologiýa howpsuzlygy – jemgyýetiň abadançylygy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Alymlaryň arasynda umumy ykrar edilen garaýyşlara görä, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi tebigy we adam tarapyndan daşky gurşawa ýetirilýän täsirleriň netijesinde ýüze çykýan howplardan jemgyýetçilik köpçüligini hem-de döwletiň goraglygyny üpjün edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ý

Howadan energiýa alnar

«Nature Communications» žurnalynda arassa energiýanyň bir görnüşi bolan wodorodyň dikeldilýän energiýa bilen işleýän elektroliz tehnologiýasy arkaly göni howadan energiýa alyp boljakdygy baradaky makalany çap etdi. Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Ganjiang innowasiýa akademiýasynyň, Mançester uniwersitetiniň we Melburn uniwersitetiniň alymlar topary bilelikde geçirilen ylmy-barlagyň netijesinde elektrolitik öýjük prototipini döretdiler.

Ekologik ätiýaçlandyryşyň artykmaçlyklary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem öz işini döwrüň talabyna laýyk guramakda netijeli iş alyp barýar. Şeýe işleriň hatarynda guramamyz tarapyndan meýletin ekologik ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagyny görkezmek bolar. Ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyrylýanyň arasynda meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak döwrebaplaşdyryldy, ýönekeýleşdirildi we ýeňilleşdirildi. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrylan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatanjy tölenen pursadyndan başlap, baglaşylan hasaplanýar. Şonda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrylýany ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryp, oňa meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurýar.

Te­bi­ga­ta ber­len wa­da

— Güller, guwanjym, güller! Siz ne beýle näzijek! — diýip, giren otagymda mährini siňdiren gülleri bilen gürleşýän kärdeşimiň sözüne goşuldym.— Akkeýik Çaryýewna, görýän weli, bu güller seniň diliňe düşünýär!— Dogrusyny aýtsam, bu bereketli topraga kesewiňi dürtseň, gögeräýýä-dä. Şu gülleri ösdürelim bäri, iş otagymyň howasy täzelenen ýaly bolaýdy. Şujagaz gülüň özi bu uly otagyň howasyny açýan bolsa, onda daş-töweregimizdäki ekilýän baglar dem alýan howamyza, gör, nähili täsirleri ýetirýändir?!— Aýdýanyň gaty dogry, Akkeýik! Daş-töweregimiziň ekologiki taýdan arassalygy biziň ählimiziň saglymyz üçin uly bir baýlyk. Munuň üçin diňe bir bag ekmek däl, eýsem dünýä ähmiýetli işler alnyp barylýar. Hut biziň döwletimizde hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan atmosferany hapalaýan gazlary azaltmak üçin «ýaşyl» wodorod ýangyjyny öndürmegiň zerurlygy boýunça «ýol kartasyny» döretmek teklip edildi.— Diýmek, sen indi munuň üçin «Hakdan içeni» gözlemeli bolýarsyň?! — diýen Akkeýigiň degişme äheňli sözlerini kagyza geçiriljek ýazgylaryň başlangyjy diýip kabul edipdim. Baýrammuhammet aga bilen Döwletjemal gelnejäniň ilkinji göz guwanjy Şamuhammediň çagalyk ýyllary iň gözel tebigatly ýerlerimiziň bir bolan Magtymguly etrabynyň Hojagala obasynda geçipdi. «Oglan atadan öwrener saçak açmagy» diýlişi ýaly, atadan gaýdýan mugallymçylyk kesbi onda hem höwesi, yhlaslylyg

Barlygyň baýlygy

Eziz Diýarymyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigy baýlyklary, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasy, belent-belent gerişli daglary, jana tenekar howasy bar. Häzirki wagtda tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlaryň her biri babatda oňyn tejribeler toplanyldy. Aýdylanlara mysal hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde her ýylda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň geçirilmegi bilen Watanymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegini, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagyny görkezmek bolar. Asyryň iri taslamasy bolan «Altyn asyr» Türkmen köli zeý suwlaryny has netijeli peýdalanmaga, ony ägirt uly suw howdany bolan kölde jemlemegiň hasabyna, ýurdumyzyň suw gorlarynyň möçberiniň ep-esli artmagyna mümkinçilik döredýär.

Ekologiýa abadançylygy — dünýäniň abatlygy

16-njy sentýabrda dünýäniň ýurtlary Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününi belläp geçýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy we atmosferany goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Atmosferanyň möhüm düzüm bölegi bolan ozon gatlagyny hapalaýjy zyýanly zyňyndylaryndan goramak, bug we metan gazlarynyň howa aralaşmagynyň derejesini azaltmak babatdaky işler sazlaşykly durmuşa geçirilýär. Türkmenistan atmosferany goramak boýunça BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy baradaky ylalaşyklary boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Hususan-da, Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny we onuň Kiota teswirnamasyny, Pariž ylalaşygyny, ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda atmosfera howasyny senagat önümçilikleriniň zyýanly zyňyndylaryndan goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, pes uglerodly energetika geçmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça halkara ekologiýa kadalaryna laýyk getirmek üçin giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Jennet mekan - Türkmenistan

Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde durmuş-ykdysady ugurlar bilen birlikde, ilkinji nobatda, ekologiýa howpsuzlygyny, daşky gurşaw bilen adamzat ýaşaýşynyň sazlaşygyny gazanmak möhüm çözülmeli wezipeleriň biri bolup durýar. Barha senagatlaşýan häzirki zaman dünýäsi daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, tebigaty arassa saklamak, ekologiýa ýagdaýlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek, hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda özara gatnaşyklaryň ylalaşyklaryny kemala getirmek ýaly gaýragoýulmasyz wezipeleriň çözgütlerine zerurlygy öňe çykardy. Bilşimiz ýaly, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky tagallalarda häzirki wagta çenli dünýä, halkara derejesinde umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ençeme maslahatlar, sammitler geçirildi. Bitewülik ýörelgelerini talap edýän şeýle gaýragoýulmasyz möhüm wezipelerde Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, şeýle hem hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, ählumumy tagallalaryň zerurdygyny ynamly öňe sürmegi, bu babatdaky başlangyçlary bütin dünýäde giň goldawa eýe boldy.

Ekologiýa medeniýeti kemala gelýär

Ekologik düşünje we tebigata söýgi çagalykdan başlap kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesillere tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaşlaryň ekologik medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär. Şeýle döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şeýle belent wezipäni amala aşyrmakda ýaşlaryň ekologik çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Däp bolup gelşi ýaly, şu ýylyň baharynyň ilkinji günlerinde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresi geçirilip, ýaşlar hem bu asylly çärä işjeň gatnaşdylar. Geljekde ekilen baglar ösüp boý alyp, ajaýyp bir gözelligi we iň esasysy tebigatymyzyň howa sazlaşygynyň arassa ulgamyny döretmekde berk esas bolar. Şeýle ynsanperwer çärä gatnaşan ýaş nesliň ýüregi buýsançdan doly. Çünki tebigat biziň öýümizdir, ýaşaýyş gurşawymyzdyr. Bu gurşawda özboluşly medeniýet kemala gelip, edil adamlaryň birek-birek bilen mähirli gatnaşyşy ýaly, adam bilen t

Bahasyz baýlygyň goragynda

Ýurdumyzda tebigy gözellikleriň goralyp saklanylmagynda, ilatyň ekologiýa düşünjeleriniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň hem möhüm orny bardyr. Bu jemgyýet 1968-nji ýylda döredilip, ol daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli ylmy, wagyz-nesihat, aň-bilim, amaly işleri alyp barýar. Bu guramanyň esasy maksady ülkämizde tebigaty goramakda jemgyýetçilik işlerine ýolbaşçylyk etmekden we sagdyn, ekologiýa abadançylygy ugrundaky jemgyýetçilik hereketlerini goldamakdan, şu hereketiň esasynda tebigy baýlyklary aýawly saklap, gaýtadan dikeldip, goramak, peýdalanmak boýunça raýatlaryň höwesjeňligini we işjeňligini ösdürmekden, bu babatdaky döwlet syýasatlaryny goldamakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti Diýarymyzda umumymilli jemgyýetçilik guramasy bolup, işini höwesjeňlik bilen öz-özüni maliýeleşdirip dolandyrmak we guramak usulynda alyp barýar. Tebigaty goramak jemgyýeti ähli jemgyýetçilik, ylmy döredijilik birleşikleri, döwlet guramalary bilen, şeýle-de alyp barýan işleri tebigaty goramak meselelerini çözmäge gönükdirilen beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Jemgyýetiň guramaçylyk işi hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk şertlerinde amala aşyrylyp, özara bähbitlerdir maksatlaryň umumylygy bilen kesgitlenilýär.

Belki, gulakda galsyn!

(Çümmüklenip çöplenen setirler) Taryhyň sahypalaryna ser salyp görseň, nebitdir tebigy gaz hakda täsin setirleriň üstünden barýarsyň. «Nebit» diýlen zady ilkinji burawlamak işi 1859-njy ýylda polkownik Edwin Dreýk tarapyndan amala aşyrylypdyr. ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň demirgazygynda, Kanada bilen araçäkde ýeriň ýüzüne çogup çykan gara suwuklygy ýüzlerine çalyp, şol ýere haýdan-haý demir ýol eltmegiň ugruna çykypdyrlar. Soňlugy bilen, şol ýatak dünýäde ilkinji gezek senagat taýdan özleşdirilen, öz döwrüniň ilkinji nebiti gaýtadan işleýän zawody bolup taryha girip gidipdir.

Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr

Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ekologik abadançylyk babatdaky başlangyçlaryny ilerletmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ol Garaşsyz Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýan ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esas edinýär. Häzirki wagtda bu ugurda milli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyny, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy b

Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr

Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ekologik abadançylyk babatdaky başlangyçlaryny ilerletmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ol Garaşsyz Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýan ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esas edinýär. Häzirki wagtda bu ugurda milli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyny, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy b

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge, ýaş nesillerde tebigata söýgini artdyrmaga gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar. Täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr. Türkmenistan daşky gurşawy we atmosferany goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyna goşulmak bilen, BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Olaryň hatarynda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, Azon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreş boýunça BMG-niň konwensiýasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalmagyna we ýok edilmegine gözegçilik etmek boýunça Bazel konwensiýasyny, Biodürlülik baradaky konwensiýasyny, Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna degişli Kiota teswirnamasyny, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny görkezmek bolar.

Saglygyňyzy hem tebigaty goraň!

Daşky gurşawyň goragy hem-de ekologiýa medeniýeti baradaky makalalarymyzyň nobatdakysy plastik önümleriň görnüşlerine bagyşlanýar. Plastikden ýasalýan önümleriň köpüsi tebigat üçin hem, ynsan saglygy üçinem zyýanlydyr. Emma senagatyň ösmegi bilen, şeýle önümler durmuşymyza giňden ornap, onuň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hut şonuň üçinem, plastik önümleriniň aýratynlyklaryny bilmek hem-de olardan ýerlikli peýdalanmak zerurdyr. Gaýtadan işlemek üçin oňaýly

Ekologiýa abadançylygynyň hukuk goragy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşlerine, ilatymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere ulaşýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň maý aýynda «Ösümlikleriň karantini hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilip, herekete girizilmegi ekologiýa abadançylygyny, daşky gurşawy we ösümlik dünýäsini goramak babatda alnyp barylýan işlerde möhüm ähmiýete eýedir. Ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň ýörite Karary bilen Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda daşky gurşawyň goragyny we amatly ekologiýa gurşawyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan anyk işleriň subutnamasydyr. Ösümlikleriň goramagyň Döwlet maksatnamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden hem-de haşal otlardan goramak maksady bilen kabul edildi.

Sazakly, sözenli, selinli... sähra

Garagum sährasy halkymyzyň ümmülmez genji-hazynasy, tebigatymyzyň egsilmez baýlygy, guwanjydyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giň sähra seýrana çyksaň, sazak, sözen, selin, gandym, çerkez, çeti, borjak ýaly dürli görnüşli gyrymsy agaçlary görüp, göwnüň açylýar, kalbyň heýjana gelýär. Garagum! Ol indi gazabyna tutanda, asman-zemini gapyşdyryp, çäge syrgyny tutaşyp, gözüňi açyp bolmaýan birmahalky düňle çöl däl. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ygtybarly penasy bolup gelen bereketli Garagum sährasynda tomsuň jöwzaly yssy günlerinde-de kuwwatly tehnikalaryň sesi ýatmaýar. Öz milli baýlyklaryna hemişe uly sarpa goýýan agzybir hem zähmetsöýer, merdana halkymyz asty-da, üsti-de durşy bilen hazyna bolan Garagum sährasyna aýratyn hormat bilen, mukaddeslik hökmünde garaýar. Bu ýerde ösümlikleriň we ýabany haýwanlaryň, janly-jandarlaryň köp dürli görnüşine duşmak bolýar.