Türkmen tebigatynyň gözelligi
Eziz Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini, ajaýyplygyny söz bilen beýan edip bolmasa gerek. Çünki ajaýyp sähralar, dag-düzler, dereler we beýleki ýerler gözelligiň nusgasy bolup, köňüllere ylham paýlaýar. Bu gözellikleri gorap saklamak we aýawly peýdalanmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýär. Bu sene mynasybetli ýurdumyzda hem dabaralar geçirilýär, wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Bu günki günde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, tebigatyň gözelliklerini goramakda we baýlaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň hataryndaky howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça çäreleri kabul etmek, ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini goramak, ekoulgamyň gury ýerlerini dikeltmek, tokaýlardan oýlanyşykly peýdalanmak, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek hem-de bioköpdürlüligi saklamak ýaly maksatlar gönüden-göni tebigaty goramak işleri bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi umumadamzat bähbitli işler bolmak bilen bir hatarda, ösüşiň geljegini kesgitleýän ugurlardyr. Şonuň üçin hem geljegiň innowasiýalary, tehnologiýalary ekoulgamdan gözbaş alýar, has takygy, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýaly ugurlar aýratyn many-mazmuna eýedir.