Belent sepgitlere badalga
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralary bilen utgaşyp gidýän, iri maýa goýumlary çekilýän ajaýyp taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we täzelerine badalga berilmegi kuwwatly milli ykdysadyýetiň we döredijilikli durmuş syýasatynyň aýdyň şöhlelenmesidir. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri-de gurluşygy depginli alnyp barylýan Ahal welaýatanyň täze dolandyryş merkezidir. Bu täze şähergurluşyk maksatnamasy Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bolar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň mart aýynda Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan welaýatyň täze döwrebap edara merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanşanynda, bu gurluşykda hünärmenleriň 15 müňden gowragynyň zähmet çekýändigini aýdyp, olaryň bu ýerde toplan tejribesiniň «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynda hem ulanylyp bilinjekdigini belläpdi. Hormatly Prezidentimiz täze edara ediş merkezinde sanly tehnologiýalary we intellektual ulgamlary ornaşdyryp, «akylly şäher» konsepsiýasyny durmuşa geçirmekligiň wajyplygyna ünsi çekipdi. Şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Aşgabat şäheriniň demirgazygynda sanly tehnol