Sanly ulgam: ynamly gadamlar
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz deňsiz-taýsyz ösüşlere eýe bolýar. Ähli pudaklara ylmyň iň soňky gazananlary, innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde sanly ulgamyň ähmiýetli ornuny her ädimde görýäris. Munuň özi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk bilen hem aýrylmaz baglydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «...innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar». «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we önümçilige ornaşdyrmak işleri döwrebap derejede ýola goýlup, maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň bu ugurdan has-da kämilleşip, innowasion ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna oňyn täsir edýär. Hünärmenler, aýratyn-da, ýaşlar täze ylmy taglymatlary öwrenip, dünýä tejribesinden, öňdebaryjy tehnologiýalardan habarly bolýarlar. «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amal edilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjü