"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Nvidia» dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Ýakynda grafiki prosessorlary öndürýän «Nvidia» kapitalyny 3,53 trillion amerikan dollaryna ýetirip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. «Nvidia» bu görkeziji boýunça kapitaly, degişlilikde, 3,52 hem-de 3,2 trillion amerikan dollaryna deň bolan «Apple» we «Microsoft» kompaniýalaryndan öňe geçdi. «Nvidia» kompaniýasynyň kapitalynyň beýle artmagyna emeli aň üçin niýetlenen çiplere islegleriň ýokarlanmagy itergi berdi.

Üç şahamçasyny ýapmagy meýilleşdirýär

«Volkswagen» Germaniýada özüniň üç şahamçasyny ýapmagy, müňlerçe hünärmenini işden boşatmagy, galan işgärleriniň bolsa aýlyklaryny 10 göterim kemeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Financial Times» gazeti ýazýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň Germaniýadaky işgärler düzümi 300 müň adamdan ybaratdyr.

«Xiaomi» elýeter bahadan kir ýuwujy hem-de sowadyjy hödürledi

«Xiaomi» kompaniýasy elýeter bahadan «Mijia Washing Machine Pro» atly kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Kompaniýanyň täze harydynyň bahasy 420 amerikan dollaryna deň bolar. Kir ýuwujy maşyn bir gezekde 10 kilograma çenli egin-eşikleri ýuwmaga niýetlenendir. Şeýle-de «Xiaomi» arzanladylan «Mijia Pro» sowadyjysyny hödürledi. Sowadyjynyň 560 amerikan dollaryndan satuwa çykarylandygyna garamazdan, kompaniýa oňa 10 ýyl kepillik berýär.

«Intel» uly göwrümli ýitgi çekdi

Dünýä belli «Intel» korporasiýasy garaşylmadyk ýagdaýda şu ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça uly göwrümli ýitgi çekdi. Bu «Inteliň» girdejisiniň üçünji çärýekde 6 göterim pese düşmegi bilen baglanyşyklydyr. Korporasiýanyň çeken ýitgisi 16,64 milliard amerikan dollary möçberindedir.

«Türkmentel – 2024» - innowasiýa we tehnologiki ösüşleriniň halkara forumy

«Türkmenragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy dünýäniň ylmy-tehniki ösüşi we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlaryň özboluşly işläp taýýarlamalary bilen gyzyklanýanlary «Türkmentel-2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. 14-16-njy noýabr aralynda geçiriljek halkara forum tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesi, Aragatnaşyk pudagynda gazanylan üstünlikler, şeýle hem «akylly ulgamlardan», täze hemra we robot tehnologiýalaryna çenli telekommunikasiýa pudagynyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşyşyga gatnaşanlar bilelikdäki işleriň netijelerine, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygy ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar.

«Sanly çözgüt – 2024» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle hem tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleri 300-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşymyza barha giňden ornaşýan sanly dolandyryş ulgamy ildeşlerimiziň gündelik ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly dolandyryş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak diýmek ykdysadyýetde, senagatda, bilimde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda işleriň hilini häzirki zaman ösen dünýäsiniň nukdaýnazaryndan üzül-kesil özgertmek diýmekdir. Sanly ulgam ykdysadyýetiň pudaklarynda işleriň, amallaryň ýerine ýetirilişini tizleşdirýär, hilini ýokarlandyrýar, el güýji bilen amala aşyrylýan işleriň tizligini, mukdaryny artdyrmak bilen, el güýjüniň zerurlygyny köp derejede aradan aýyrýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu kanunçylyk resminamasy esasynda ýurdumyzda eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli bolan edara-kärhanalarda işler we hyzmatlar ýokary derejede ýerine ýetirilýär.

«Apple» kompaniýasynyň iň gowy maňlaý kamerasyny ýasady

«Apple» kompaniýasynyň «iPhone 16 Pro Max» smartfony esasy kameralaryň sanawynda birinjilige mynasyp bolup bilmedi. Emma smartfon başga sanawda öz abraýyny dikeltdi. Gürrüň smartfonlaryň maňlaý kameralary dogrusynda gidýär. «DxOMark»-yň düzen sanawynda «iPhone 16 Pro Max» «Honor Magic6 Pro», «iPhone 15 Pro Max», «iPhone 15 Pro» hem-de «Google Pixel 9 Pro XL» smartfonlaryndan öňe geçdi.

«Intelden» täze prosessor

«Intel» kompaniýasy «Intel Core Ultra 200K» diýlip atlandyrylan prosessoryny öndürdi. Bu barada «Overclock 3D» habarlar portaly nygtaýar. Maglumat üçin, «Inteliň» iň gymmat prosessory «Intel Xeon Platinum 8180M» 13 müň amerikan dollary möçberinde bahalanýar.

Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.  Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

«Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14 - 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär. Forumy guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralaryň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini halkara foruma gatnaşmaga çagyrýar.

"Sanly çözgüt - 2024" bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady

"Sanly çözgüt - 2024" innowasiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady. Çäre "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň binasynda geçirilýär we programma üpjünçiligini, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary işläp düzýän zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär: emeli aň, robotlaryň tehnikasy we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, "Akylly şäher", bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmat ediş ulgamy.

Çagaňyzyň bilimi — siziň telefonyňyzda

Ýurdumyzda elektron hökümeti döretmek we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak arkaly döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Hususan-da, sanlylaşdyrma hususy ulgamdaky edaralary we kärhanalary bir sanly ulgama birikdirýär. Bu bolsa ýokary hilli tehnologiýalara esaslanýan önümçilikde öndürilýän harytlaryň hil taýdan ýokarlanmagyna we möçberiniň artmagyna, hyzmatlar ulgamynyň has-da kämilleşmegine ýardam edýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi Türkmenistanda mundan beýläk-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunda okuw şertlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, okuwyň hilini dünýä derejesinde kämilleşdirmek maksady bilen, ençeme sanly çözgütler işlenip düzülýär. Şeýle sanly taslamalaryň biri-de «eMekdep» ulgamydyr.

Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy açylar

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat meseleleri boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, B.Annamämmedow şeýle hem Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çäreler barada hasabat berdi.

«Xiaomi» kompaniýasy gan basyşy ölçeýän sagat çykardy

Dünýäniň iň öňdebaryjy liderleriniň hatarynda ýer alýan «Xiaomi» hytaý kompaniýasy ikinji derejeli lukmançylyk enjamy diýlip tassyklanan «Xiaomi Watch H1 E» «akylly» sagadyny köpçülige tanyşdyrdy. Habarda bellenilişine görä, kompaniýanyň täze brendi 269 amerikan dollaryndan satuwa çykaryldy. Ýeri gelende, «Xiaomi» kompaniýasynyň bu sagadynyň lukmançylyk barlaglarynyň Pekin uniwersiteti bilen bilelikde geçirilendigi aýratyn bellärliklidir.

Biriniň bahasy iki sany «Porsche 911» bilen deň

«Richard Mille» kompaniýasy biriniň bahasy iki awtomobile deň bolan sagat öndürdi. Ol «RM 65-01 McLaren Automatic Split-Seconds Chronograph W1» diýlip atlandyrylýar. Adyny birbada aýdaýmak kyn bolan bu üýtgeşik sagadyň häzirlikçe bary-ýogy 500 nusgasy öndürilipdir. Maglumat berlişine görä, sagadyň biriniň bahasy 250 müň ýewro bahadan satuwa çykaryldy.

Sessiz blender satuwa çykaryldy

Soňky ýyllarda tehnologiýa enjamlary bazarynda mynasyp orun alan «Xiaomi» hytaý kompaniýasy «Smart Quiet Blender P1» atly sessiz aşhana enjamyny hödürledi. Has giňişleýin belläp geçsek, «Smart Quiet Blender P1» «HyperOS» operasion ulgamynyň buýruklary esasynda işleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri bu täze modeliň öňki blenderlerden düýpgöter tapawutly boljakdygy hakda belleýärler. Maglumat üçin aýtsak, kompaniýanyň «Smart Quiet Blender P1» blenderini 98 amerikan dollaryndan satyn alyp bolar.

«Apple» kompaniýasy arzanladylan AR (wirtual) äýneklerini satuwa çykarar

«Interbrandyň» sanawynda dünýäniň iň gymmat kompaniýasy diýlip hasaba alnan «Apple» kompaniýasy 2025-nji ýylda arzanladylan AR (wirtual) äýnekleri satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Belläp geçsek, arzanladylan «Apple» äýneginiň bahasynyň 2 müň amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Maglumat üçin, «Apple» kompaniýasy bu brendiniň bahasynyň arzanladylmagynyň sebäbini enjamdan «EyeSight» funksiýasynyň aýrylmagy bilen baglanyşyklydygyny düşündirýär.

«BMW 2 Series Gran Coupe 2025» görkezildi

Germaniýanyň meşhur awtomobil öndürijisi «BMW» kompaniýasynyň «BMW 2 Series Gran Coupe 2025» modelinde öňki nusgalaryna garanyňda, has güýçli hereketlendiriji hem-de «BMW iDrive» ulgamy ornaşdyryljakdygy habar berildi. Habara laýyklykda, kompaniýa «BMW 2 Series Gran Coupe 2025» modelini 2025-nji ýylyň mart aýynda satuwa çykarmagy göz öňünde tutýar. Awtomobiliň bahasy onuň hiline laýyklykda, ýagny ortaça 40775 — 50675 amerikan dollary möçberinde bahalanar.