"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Zähmet — bag, adam — bagban

Hünär öwrenmek kämillige we bagtyýar durmuşa açylýan esasy ýoldur. Şu nukdaýnazardan, hünär babatda kämil nesli kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Çagalykda her kim bir hünäre höwesli bolýar. Biri mugallym bolmagy arzuw etse, beýlekisi lukman, ýene biri uçarman bolmak isleýär. Kämillik ýaşyna ýetilenden soňra bolsa, ýetginjek belli bir käriň eýesi bolmak, ilkinji hünär bilimini almak barada pikir edýär. Durmuşynyň şu gyzykly döwründe her bir adamda hünär barada gyzyklanmalarynyň artmagy tebigydyr. Munuň sebäbi durmuşda kesp-kärleriň, hünärleriň görnüşleriniň köpdürlüligi bilen düşündirilýär. Diňe bir köplügi bilenem tapawutlanman, eýsem, her hünär özboluşly gyzyklylygy, özüne çekijiligi, täsirliligi bilen hem tapawutlanýar. Şonuň netijesinde hem, her bir adam özüniň ukybyna görä hünär saýlap almaga ymtylýar. Islendik kär zähmetsöýerligi, gujurlylygy, gaýratlylygy talap edýär. Islendik kärde-de yhlas siňdirilip, der dökülip, halal zähmet çekilse, üstünlige ýetip bolýar. Çünki hünärleriň ählisi ynsan yhlasynyň miwesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Zähmet endiklerini özleşdirmek hünäre ezberligi hem kemala getirýär» diýip belleýär. Akyldarlar hünärli adamlary miweli daragta, senedi bolsa eliniň altyn bilezigine meňzedipdirler. Ozal bir şägirt halypasyndan haýsy işiň aňsatdygyny sorapdyr. Halypa:

Hakyda hazynasy

Geň galaýmaly, wagt ýyldyrym tizliginde geçip, saçlaryma ak sepelän bolsa-da, çagalygymdaky atamdyr babamyň gulagyma guýan öwüt-ündewleri hiç haçan ýadymdan çykmaýar. Olar heniz hem meniň hakyda hazynamda ýaşap ýör. Olar hemişe maşgala mukaddesligi, ony goramagyň usullary hakynda wagyz-nesihat ederdiler. Şol döwürler atamdyr babamyň şirinden şirin söhbetleri, sargytlary etmesi aňsat zat ýaly bolup görünýärdi. Emma, ýaşadygymça maşgala gurmagyň, onuň abraýyny we agzybirligini gorap saklamagyň nähili uly zähmeti, irginsiz yhlasy, akyl-paýhasy talap edýändigine göz ýetirdim. Türkmençilik däplerini berk berjaý etmek, peder ýoluny saklamak parz işdir. Halkymyzda aýdylyşy ýaly, alma agajyndan daş düşmeýär, ýa-da arpa ekseň arpa alýarsyň, bugdaý ekseň bugdaý. Şu nukdaýnazardan alanymyzda kemally, ilhalar ata-eneden akylly we asylly nesiller döreýär. Uly-uly döwletleriň maşgalalardan başlanyşy ýaly, biziň çagalarymyza berýän gündelik terbiýämiz olaryň röwşen geljegine şamçyrag boljak edep mekdebidir. Hut şonuň üçin hem «edebi başdan, çagany ýaşdan» diýlen nakyla eýerip, biz ýaş nesillerimizi ýaşlykdan ilhalar edip ýetişdirmegiň aladasyny etmeli. Munuň üçin bolsa türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly atamyzyň şygyrlaryna ýüzlenmek has dogrudyr. Sebäbi Magtmguly Pyragy dünýäniň göze görünýän we görünmeýän syrlaryna akyl ýetiren şahyrdyr. Şahyryň goşgularynda türkmen bolup ýaşamagyň beýik

Çaga eziz, edebi ondanam eziz

Çaga terbiýesi islendik maşgalada maşgala abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen meseleleriň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu meseläniň oňyn çözgüdini tapmakda ata-ene bilen çaganyň özara düşünişmegini gazanmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. žurnalist Narjan Kasymowa bu babatda peýdaly maslahatlary bermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti Muhabbet Azziýewadan haýyş etdi. Gözegçilik etmek gerek, ýöne...

Terbiýe — röwşen geljegiň açary

Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaý boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda merdana ýaşlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipeler hakynda täsirli söhbet edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp  eserinde: «Men «Watan» we «Halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Diýmek, ýaşlara bildirilýän bu günki ynam dowamat-dowamymyza, ertirlerimiziň röwşenligine bildirilýän ynamdyr. Şundan ugur alyp, biz — mugallymlar ýaşlara döwrebap bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli, kämil terbiýe almagyny gazanmaly. Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlaryna, müňýyllyklaryň synagyndan geçip, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten milli ýörelgämize, Watana

Mähir ojagy

Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biz, ilkinji nobatda, milli gymmatlyklarymyza, edebi we medeni mirasymyza, asylly däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza daýanmaly, şeýdip çagalarda milli aňyýetiň berk hem sarsmaz binýadynyň esasyny kemala getirmeli. Gahryman Arkadagymyzyň ündeýşi ýaly, islendik terbiýeçilik işiniň gönezliginde milli mazmun, milli öwüşgin, türkmen ruhy bolmaly. Şahsyýetiň aňynda türkmen milli ruhy kemala gelip, goýazylaşan halatynda onuň öz halkynyň hakyky merdana ogly bolup ýetişjekdigi gümansyzdyr. Şeýle şahsyýetiň ata Watana, ene topraga bolan söýgüsi bimöçberdir, biserhetdir, uç-gyraksyzdyr. Ata Watanyňa, göbek ganyň daman topragyna, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň soňky nesillere galdyran maddy we ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasymyza bolan söýgi, guwanç, buýsanç hem mähir duýgulary öz-özünden döremeýär. Bu belent mukaddes söýginiň, guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki-damary maşgala terbiýesinden hem görüm-göreldesinden gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz: «Ýagşy aýal — öýüň rysgalynyň daýanjydyr» diýipdir. Maşgalasyny, çagalaryny açlykdan, hor-homsulykdan başbitin alyp çykmak üçin ýanbermez enelerimiziň asyrlarboýy ähli kynçylyklary egni bilen çekip gelendigi bize geçmiş taryhymyzdan mälim. Olar ýygnanja ätiýaç azyklaryny, çörekdir höreklerini, nandyr huruşlaryny günlere, hepdelere, aýlara bölüşdirip, çagalarynyň gündelik iýjek iými

Rahatlandyryjy daş

Flýuorit özboluşly we özüne çekiji reňkleri bilen tanalýan tebigy, gymmat bahaly daşdyr. Daşyň durmuşymyzda abadançylygy döretmäge we deňagramlylyga täsirini ýetirip biljek güýçli häsiýetleri bar. Flýuoritiň akyl aýdyňlygyny we ünslüligi gowulandyrmaga, duýgy, ruhy taýdan sagdyn bolmaga, duýgurlygy güýçlendirmäge täsiri ýokarydyr. Gadymy döwürde flýuoritden tumar edinseň, zyýandan we ýaramaz täsirlerden goraýar diýlen ynanç bolupdyr. Bu ynançlar häzirki döwürde hem ähmiýetli bolup, flýuorit ylmy taýdan öwrenilen güýçli metafiziki aýratynlyklary sebäpli bejergide möhüm daş bolup galmagyny dowam etdirýär.

Her tary bir sünbül...

Millilik düşünjesi her bir türkmeniň süňňünde bar. Ol dogduk topragyň ysy, ilkinji ýaz ýagşynyň bugy, ene süýdüniň tagamy, ata gujagynyň ýylysy bilen körpäniň süňňüne ornaýar, aňyna durmuş kadasy bolup ýazylýar. Dünýä inen gününden başy tutulýan terbiýe bu aň damaryň diňe düýbüni berkidýär, watançylyk duýgusynyň gözbaşyny durlaýar. Gözlerini giňden açyp, töwerek-daşyna bakýan çagajygyň kalbyna durmuş sapagynyň tilsimi ilkinji aýdylan ertekiler bilen ornaýar. Enem pahyryň aýdyp beren ertekisi şu wagtky ýaly ýadymda. Ertekide Maral atly edenli türkmen gyzy eýmenç aždarhadan heder etmän, dört örüm saçlaryny guýa sallap, kyrk gulaç guýa gaçan doganyny göni ajaldan halas edýär. Çaga syny ýiti bolýan ekeni. Biraz ulalyp, agy-garany saýgaryp başlamsoň, köçämiziň ileri çetinde ýaşaýan gyza synym düşdi. Her gün irden turan badyma, şol ýana eňýärdim. Ol säher bilen uzyn saçlaryny başyna orap, boýnundan bedre asyp, düýelerini sagardy. Düýe maly asyl hem agrasdan nazarkerde bolsa-da, durky çaga gözüne haýbatly görünýär. Ol gyzyň bu nazarkerde maldan birjigem eýmenmeýändigi enemiň aýdyp beren ertekisindäki gyzy ýatladýardy.

Tegelek ýassygyň taýýarlanylyşy

Gerekli zatlar: - tikmek üçin dürli reňkli panbarhat ýa-da welwet matalar;

Öý bikesi öwrense...

Jigirdekli çörek Gerekli önümler: 800 g un, 250 g jigirdek, hamyrturşy, duz we suw.

Ýyldyzlar näme diýýär? Iýul 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Hamallar iýul aýynda üstünlik gazanmak üçin diňe özlerine bil baglamaly bolarlar. Munuň üçin darykmaň, siz ähli zatdan baş alyp çykmagy birkemsiz oňararsyňyz. Iýul aýynda hamallar üçin durmuş akymy birneme haýallan ýaly bolar, ýöne şeýle ýagdaý öz içki dünýäňe ser salmak üçin diýseň oňaýlydyr. Mundan ýerlikli peýdalanyň. Ýakynlaryňyz bilen şahsy gatnaşyklarda birneme giňgöwünli bolmaga çalşyň. Olaryň öz pikirini aýtmaklaryna, kalplaryny açmaklaryna mümkinçilik dörediň.

Körpeleriň şatlygy

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dabaralar guraldy. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ruhy-ahlak däplerine, umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde konsertler, teatrlaşdyrylan sahnalar, sirk çykyşlary, sergiler, bäsleşikler, sport ýaryşlary we beýleki çäreler guraldy. Şol gün bu şanly waka mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. * * *

Ene hüwdüsi

Dünýäde «Iň şirin aýdym — haýsy aýdym?» diýip soralsa, eglenmän «Ene hüwdüsi!» diýip jogap berjekler örän kändir. Belki-de, hemmeler şeýle jogap berer... Hakykatdan hem, şahyryň aýdyşy ýaly, ene ýüregi dek ýürek tapylmaýan bolsa, onda şol ýüregiň mährine ezip, söýgä siňdirip aýdan aýdymyna hem taý ýokdur. Çaga hut ene hüwdüsiniň üsti bilen, dünýä syýahata çykýar. Enelik duýgusynyň gaýmagy bolan hüwdüniň her biri bala batyrylan ýaly süýji sözleriniň dadyndan hoş bolan çaga ähli zady iň gowy görnüşde kabul edýär. Hüwdüdäki sözleriň äheňi, buýsanja garylan birsydyrgyn heňi diňe çagany däl, eýsem şol ýerdäki uly adamlary hem maýyl etmäge ukyply. Hüwdini diňleýän adamyň beýnisi öz-özünden rahatlanyp, ýürek urgusy kadalaşýar, arzuw kölüne çümüp, ýagşy niýet-hyýallara imrinýär. Megerem, «ene hüwdüsinde gudrat bar» diýilmeginiň aňrysynda hem şu syrly ahwal duran bolmaly. Ene hüwdüsi dünýä halklarynyň ählisinde bar. hüwdüler her halkyň hüý-häsiýetine görä bolup, olaryň ählisiniň hem çaganyň kemally bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar. Meselem, gündogar halklarynda mähirsiz, doňýürek adamy sypatlandyrjak bolsalar: «Çagaka ene hüwdüsini eşitmedik» diýip baha berilýär. Rus halkynda bolsa: «Sallançakda üwrelmedigiň dünýäsi düşnüksiz bolar» diýen nakyl bilen suratlandyrylýar. Şulardan hem görnüşi ýaly, hüwdi çaga mähir, söýgi siňdirmegiň esasy guraly bolup durýar. Dürli milletleriň hüwdüleri

Arzymanym—atam öýüm (durmuş pursaty)

Gyz kişi maşgalasy bolýar. Wagtyň geçmegi bilen özbaşyna öý-ojak, maşgala bolup gidýän hem bolsa, gyzlar atasy öýündäki geçirilen bagtyýar günlerini hiç haçan ýatdan çykarmaýarlar. Atam öýümde tutuljak toýa sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Toýa gelenimde agamdyr gelnejem, jigilerim, doganymyň agtyklary meni we meniň maşgalamy güler ýüz bilen garşy aldylar. Atam janyň eden sargydyna wepadar nesilleri onuň ojagyny has giňeldip, täzeçe — döwrebap bezän hem bolsalar, atam bilen enemiň öz ýaşan otagyna degmändirler. Meniň göwnüme bolmasa bu otagyň ysy hem başgaça. Men ajaýyp keçeler düşelen, töründe gadymy sandyk goýlan otaga girenimde durkum bilen ýatlama berildim. Atamyň ýognasdan mähriban sesi, enem janyň jigilerimi hüwdüleýän owazy gulagyma eşidilip başlady. Gadymy, çüý bilen deşilip güllenen, owadan sandyk bolsa ýaňy ýasalan ýaly öwşün atýardy. Atam ogullaryna öz otagyny ellemezligi tabşyran eken. Ol:

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli medeniýeti bu günki günde ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle asylly ýörelgelerimiziň biri hem nesil terbiýesidir. Halkymyz asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesine uly üns berip gelipdir we bu barada parasatly sözleri döredipdir. Özi hem nesil terbiýesiniň nusgasyny kemala getiripdir, şeýle nusgalyk ýörelgäni arkama-arka kämilleşdiripdir. Şunda ýaş nesliň watansöýüji, il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin alada edipdirler. Nesil terbiýesi bilen bagly öwüt-ündewleri halk döredijiliginde, nusgawy şahyrlaryň eserlerinde aýdyň görmek bolýar. Nusgawy eserleriň her birinde milliligimiz, milli medeniýetimiz öz beýanyny tapýar. Munuň özi nesil terbiýesinde hem nusgalyk ýoluň kemala gelendigini alamatlandyrýar. Şeýle asylly ýoly wagyz etmek we ýaşlara öwretmek, olaryň ilhalar ynsanlar bolup kemala gelmeklerini üpjün etmek bilim işgärleriniň mukaddes borjuna öwrüldi. Şonuň üçin hem geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde nesil terbiýesi hakynda çykyşlar diňlenilýär.

Maşgala binýadynyň kämilligi ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maşgala baradaky alada döwletimizde esasy orunda durýar. Çünki maşgala — bu kiçijik döwlet. Her bir kiçijik döwlet bolsa ýurdumyzyň sarsmaz sütünini emele getirýär. Müňlerçe ýyllyk taryhyň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz her bir nesilde ýokary ruhy-ahlak başlangyjyny, dogruçyllygy, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi, ululara bolan hormaty kemala getirýän mukaddes maşgala gymmatlyklaryny saklap gelýär. Ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan belent maşgala islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti diýseň uludyr. Maşgala adamlara ruhy baýlyk, ahlak gymmatlyklaryny siňdirýär. Maşgalada iň gowy gylyk-häsiýetler kemala getirilýär. Şundan ugur alyp, biz hem ýurdumyzda halkymyzyň maşgala hormat goýmak ýörelgeleriniň hukuk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek maksady bilen, alnyp barylýan işlere mynasyp jogap bermäge çalyşýarys. Bu il-ýurt bähbitli işlere saldamly goşant goşmak maksady bilen, ilat arasynda wagyz-ündew işlerini yzygiderli alyp barýarys. Geçirýän duşuşyklarymyza jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň jogapkär işgärleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri bilen birlikde halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagy bu işleriň netijeliligini has-da artdyrýar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň

Zenan mertebesini sarpalap

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň jemgyýetimizdäki orunlarynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda lebzihalal, watansöýüji, zähmetsöýer, ile-ýurda wepaly, kämil pikirli, belent ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde eziz enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr. Maşgaladaky agzybirligiň we rowaçlygyň açary zenanlarymyzyň, ýagny mährem enelerimiziň elindedir. Türkmen zenanlaryny dünýä nusgalyk ajaýyp gylyk-häsiýetleri bezeýär. Salyhatlylyk, edeplilik, wepalylyk, kanagatlylyk, dogruçyllyk, halallyk — türkmen zenanyna mahsus bolan bu häsiýetler ene-mamalarymyzdan nesilme-nesil geçip gelýär. Özüniň zähmetsöýerligi, ýiti zehini bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp türkmen halylarynyň şan-şöhratyny äleme dolduran zenanlara ata-babalarymyz hem uly sarpa goýupdyrlar. Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deňlik ýörelgeleri ýurduň hukuk ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar we ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Konstitusion ýörelgelere esaslanyp, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda gender ugurly işjeň milli syýasat durmuşa geçirilýär. Erkekler we aýallar üçin deň hukuklar we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adam hukuklary boýunça halkara konwens

Durmuşymyzyň gülleri

Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagy üçin maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegi bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. 1-nji iýunda, tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler halkymyzyň, şadyýan körpelerimiziň kalbynda buýsanç döredýär. Bu diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň t

Watanyň nurana geljegi

Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ylmyň-bilimiň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini çaltlandyrmak we onuň belent basgançaklaryna ýetmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar. Şol bilimleri hem watançylykdan aýratynlykda göz öňüne getirmek kyndyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip nygtaýar. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi, saglygy, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» hem bu babatdaky anyk mysallaryň birid

Gyz edebi — il edebi

HALKYŇ GENJI-HAZYNASY Halk arasynda gyz edebi barada juda köp gürrüň edilýär. Munuň özi, türkmeniň gyz maşgala bilen bagly gadymy ýörelgeleriniň hiç wagt ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr. Çünki, gyz maşgalaly öý — şol ojagyň synagly, sylagly öýdügini enelerimiz ýönelige ündemändirler. Gyz maşgalanyň haýalylygy, sabyr-takatlylygy, edasy halkyň genji-hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.

Bagtyýar geljegimiz Watanymyzy wasp edýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Döwletimiz geljekde-de ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, çagalary durmuş taýdan goldamak babatda beýleki köp sanly çäreleri işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Çünki çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir. Ýurdumyzda ýaş nesil baradaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Durmuşyň bezegi, geljegiň eýeleri saýylýan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär.