"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Myhman öz rysgaly bilen gelýär

Bir ýigidiň obalaryndaky bir gyza göwni gidipdir. Ýöne onuň sözaýdyjylary gyzyň: «Bile ýaşamaga razy, ýöne yzyna adam tirkäp gelse halaman. Şoňa razy bolsa, toý şaýyny tutaýsyn» diýýändigini oňa jikme-jik aýdypdyrlar. Ýigidiň birbada gahary geljek bolupdyr. Garaz, ýaş maşgala, wagt geçse özgerer diýen pikir bilen onuň şertine razy bolup, oňa öýlenipdir. Bir günem daşarda böreňläp ýagyş ýagypdyr. Ýoldan barýan ötegçiniň biri ýagyşdan goranmak üçin, olaryň öýüniň yk tarapyna çekilip durupdyr. Oňa gözi düşen ýigit näme etjegini bilmändir. Ony yzyna tirkäp gelse, gelnine beren sözünde durmadygy boljak. Ol ahyry: — Ejize hossarlyk etmeýänden adam bolmaz. Meniň bir wagtky beren sözüm ýadymda. Ýöne tamymyzyň ygynda duran bendäni öýümize salmasak bolmaz. Sen garşy bolsaňam, men oňa: «Gel!» diýmän bilmerin — diýipdir.

Täze jaýlarda — Täze ýyl!

Täze öý, täze jaý düşünjesi durmuşymyzdaky iň gowy arzuwlary özünde jemleýär. Hut şonuň üçin hem täze jaýa göçüp gelmek, onda ilkinji Täze ýyl baýramyny ajaýyp arzuwlar bilen garşylamak ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — her bir bagtyýar maşgalada uludan bellenildi. Täze taryhymyza köp sanly şanly seneler bilen ýazylan 2020-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşamak üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. Şol jaýlardan paýly bolan watandaşlarymyz ilkinji gezek täze jaýlarynda süýji arzuwlar, ýagşy niýetler bilen täze ýyly garşyladylar. Biz hem ildeşimiz Jumakulyýewleriň maşgalasyny Täze ýyl baýramy bilen gutlamak üçin olara myhmançylyga bardyk. Baýramçylyk desterhany giňden ýazylypdyr. Bizi döwletli ojagyň ýaşulusy Bäşim aga güler ýüz bilen garşylady. Tüweleme, bu bagtyýar maşgala lukmanlar maşgalasy diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek. Döwletli ojagyň käbesi Ýazgül gelneje stomatolog, gyzy Ogulnar bolsa reanimatolog lukmany bolup zähmet çekýär.

Täze ýylyň eýjejik bagty

Çagakak ürç edip okaýan Täze ýyl goşgularymyzyň biri: «Täzeden täze bagtyAlyp gelen Täze ýyl...»