"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — melhemler mekany

Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň saglyga hem-de sagdyn ýaşaýşa aýratyn üns bermegi netijesinde, ata-babalarymyz nesillerimiziň arassaçylyk kadalaryna eýermeklerini, dogry iýmitlenmeklerini, bedenlerini taplap gezmeklerini gazanypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda durmuşa geçirilýän işleriň düýp özeninde bu kadalaryň ýylsaýyn kämilleşip, döwrebaplaşýandygynyň gözli şaýady bolýarys. Çünki adamy baş gymmatlyk hasaplaýan ýurdumyzda raýatlaryň saglygy baradaky alada ileri tutulýan wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelip, şu ýyl Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde eýýäm XVI jilti giň okyjylar köpçüligine ýetirilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri dünýäniň köp dillerine terjime edilip, tebigy melhemler arkaly keselleri bejermekde giňden ulanylýan ýankitaba öwrüldi. Bu kitapda öz beýanyny tapyp, keramatly türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri esasynda taýýarlanylýan jana şypa beriji melhem çaýlary gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar. Bu melhem içgileriň diňe bir keselleri bejermekde däl-de, olaryň öňüni almakda-da peýdasy diýseň uludyr.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Durmuşyň ähli gözelligi saglykda

Halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir. Ynsan saglygy babatdaky şeýle giň möçberli aladalaryň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakdaky ägirt uly maksat-tutumlar bilen sazlaşykly alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. 

Beden maşklary barada

Lukman Hekim: «Ýuwaşdan we öz wagtynda beden maşklary bilen meşgullanýan adam syrkawlygy aradan aýyrmaga gönükdirilen bejerişe mätäç däldir» diýse, Gippokrat: «Kim iş ukyplylygyny, saglygyny, gymmatly we şadyýan ömrüni saklamak islese, gimnastikany, beden maşklaryny, pyýada ýöremekligi gündelik durmuşyna berk girizmeli» diýip belläp geçýär. Bular beden maşklarynyň adamyň saglygy üçin örän peýdalydygyny görkezýär. Beden maşklary adamyň beden taýdan kämilleşmegidir. Irdenki maşklar hasam ähmiýetlidir. Säher bilen ýerine ýetirilýän maşklar adam bedenini taplaýar, nerw dartgynlylygynyň öňüni alýar, bedeniň gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Hut şonuň üçinem muny endige öwürmek hökmandyr. Yzygiderli edilýän maşklar ýürek myşsalaryny güýçlendirýär, öýkeni türgenleşdirýär. Munuň özi bedeniň kislorod bilen üpjünçiligini kadalaşdyrýar. Fiziki işjeňlik çagalaryň we ýetginjekleriň süňk ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrýar, myşsalaryň sagdyn ösmegine ýardam edýär. Maşklaryň ukyňy kadalaşdyrmakda, keýpiňi çaglamakda hem peýdalydygyny bellemek gerek.

Magtymguly Pyragynyň saglyk barada aýdanlaryndan

Dürdür bu janyň lezzeti,Saglyk anyň soltanydyr.  *  *  *Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun.  *  *  *Jany sagyň sözlär dili,Jomardyň dek durmaz eli.*  *  *Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.  *  *  *Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy.*  *  *Magtymguly, ýigitlik bir ýaz görner,Jany saga mydam söhbet-saz görner.

Ýaglar we saglyk

Häzirki döwürde iýmitimizde dürli ýaglary ulanýarys. Adamyň iýmitinde ýaglaryň köptaraply ähmiýeti bar. Sagdyn iýmitlenmekde ýaglaryň bolmagy hem möhümdir. Şunda olaryň görnüşine we mukdaryna üns bermeli.  Ösümlik ýaglary sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir. Künji ýagy. Künji ösümliginiň dänesinden alynýan ýagynyň peýdasy irki döwürlerden bäri bellidir. Ol halk lukmançylygynda giňden peýdalanylypdyr. Künjiniň dänesiniň 50-60 göterimi ýagdan ybarat bolýar. Künji ýagy mikroelementlere we ýag turşularyna baýdyr. Onda E we K witaminleri bardyr. Künjüdäki ýag turşulary ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr we sowuklama garşy täsiri bilen bellidir. Ol iýmitlere goşulanda, adam bedeninde ýeňil siňýär. Künji ýagy nerw ulgamynyň, beýniniň kadaly we oňat işlemegine ýardam edýär. Ýatkeşligi gowulandyrmakda, içege, bagyr kesellerinde hem künji ýagy peýdaly hasaplanylýar. Ol ganda ýaramaz holesterinleriň, şekeriň derejesini azaldýar. Deriniň we saçyň sagdynlygyny gazanmakda hem peýdalydyr.

Sowuk howada bedeniňi taplap durmaly

Her paslyň özüne görä aýratynlyklary bolýar. Şonuň üçinem saglygymyzy gorap saklamak üçin her paslyň aýratynlyklaryna görä, möwsümleýin kadalary berk berjaý etmeli. Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek  möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmaly. Sowuk howada kesel dörediji wiruslaryň işjeňligi ýokarlanýar. Şonuň üçinem bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin iýmite aýratyn üns bermeli. Sagdyn iýmitlenmek adama güýç-kuwwat, saglyk berýär, kesellerden goraýar. Sowuk howada adam bedenine mikroelementler has zerur bolup durýar. Kalsä, demre, ýoda, sinke we beýleki mikro- elementlere baý önümleri iýmek maslahat berilýär. Gündelik iýmitiň tertibinde miweler, ir-iýmişler, ter otlar, gök-bakja, süýt we süýt önümleri bolmalydyr. C witaminine baý bolan önümleri iýmek bilen, saglygyňyzy berkidip bilersiňiz. Limon, apelsin, mandarin ýaly sitrus miweleri witaminlere baýdyr. Ýokanç kesellerden goranmakda düzüminde fitonsidler bolan sarymsagyň peýdasy ýokarydyr.

Melhemler mekany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň çap edilmegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Milli Liderimiziň bu köp jiltli ylmy neşiri diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döretdi. Şu jähetden, tutuş adamzat nesliniň saglygynyň goragy ugrundaky ägirt uly zähmeti özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik işiň her jildi okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar. Eşretli durmuşyň baş sakasynyň saglykdadygy baradaky halk paýhasyndan ugur alýan döwlet syýasatymyzda adamlaryň saglygyny goramak, berkitmek we ömürlerini uzaltmak maksatly tagallalar ähli babatda ileri tutulýar. Şu jähetden, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ygtybarly ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ylmy esasda, dünýä derejesine galdyrmaga aýratyn uly yhlas siňdirilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň häzirki ajaýyp günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyran möhüm wakadyr.

Peýdaly maslahatlar

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. — Arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli.

Gök çaý

Çaý... Bu sözde näçe many bar, näçe ylham bar...Çaý başynda näçe nusgawy eserler döredi, näçe söhbetler edildi, näçe arzuw-hyýallaryň başy tutuldy. Çaýy ylmy taýdan öwrenen Tan döwrüniň şahyry Lu Ýuý «Çaýy uzak içseň, ganat berer» diýip belläpdir. Onuň «Çaý kanuny» atly kitaby dünýä ýüzünde çaý barada ýazylan ilkinji ylmy işdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly eserinde hem bu şahyr barada aýdylyp geçilýär. Şahyr öz eserinde çaýyň ösdürilişi, taýýarlanylyşy we demlenilişi barada jikme-jik maglumat berýär.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyz gysga döwrüň içinde ähli ugurlarda ýokary üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 11 — 16-njy noýabry aralygynda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegi we onda türkmen türgenleriniň uly üstünlikleri gazanmaklary hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistan dünýäde sportuň işjeň ösdürilýän ýurdy hökmünde mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ýokary netijeli sporty ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň we beýleki sport bäsleşikleriniň geçirilmegi ýatdan çykmajak wakalar boldy.

Bronhitden ägä boluň!

Bronhit dem alyş turbajyklaryna, ýagny bronhlara wiruslaryň düşmegi sebäpli döreýän keseldir. Bu keseliň kliniki alamatlary we geçişi boýunça bir-birinden tapawutlanýan ýiti hem-de dowamly görnüşleri bar. Lukmanlar onuň ýene-de bir görnüşini — obstruktiw bronhiti tapawutlandyrýarlar. Ýiti bronhit näsagyň güýçli üsgürmegi, gakylygyň bölünip çykmagy we onuň mukdarynyň kem-kemden artmagy bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň ilkinji alamatlary gury üsgülewik hasaplanýar.

Uzak hem ma­ny­ly öm­rüň göz­ba­şy

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Sag­lyk — yn­sa­nyň iň gym­mat­ly baý­ly­gy. Yn­san ja­ny sag bo­la­nyn­da öňün­de aý­dyň mak­sat­la­ry goý­ýar, dur­mu­şa, ýa­şaý­şa hö­we­si art­ýar. Edil şo­nuň ýa­ly, sag­dyn ru­huň bol­ma­gy hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Sag­dyn ruh, sag­dyn be­den­li bol­mak üçin bol­sa sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­jaý et­mek mö­hüm­dir.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri — mak­sat­la­ryň çel­gi­si

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry bi­len eziz Di­ýa­ry­myz Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny­na öw­rül­di. Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, jem­gy­ýe­ti­mi­ze sag­dyn ýa­şa­ýyş-dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan adyl sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Bü­tin­dün­ýä süý­ji ke­se­li­ne gar­şy gö­reş gü­ni

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Bü­tin­dün­ýä süý­ji ke­se­line gar­şy gö­reş gü­ni 1991-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl bel­le­nil­ýär. Bu ke­sel hä­zir­ki wag­ta çen­li dün­ýä­dä­ki iň howp­ly ke­sel­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Bu hal­ka­ra se­ne bü­tin­dün­ýä süý­ji ke­sel­li­ler jem­gy­ýe­ti­niň, şol san­da luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri­niň, gu­ra­ma­la­ryň we şah­sy­ýet­le­riň ösü­şi art­ýan bu epi­de­mi­ýa gar­şy gö­reş­de bir­leş­ýän gü­ni bo­lup dur­ýar. Süý­ji ke­se­li­ne gar­şy bü­tin­dün­ýä gü­ni il­kin­ji ge­zek 1991-nji ýyl­da Hal­ka­ra dia­bet fe­de­ra­si­ýa­sy we Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan bu ke­se­liň ýaý­ra­ma­gy­na jo­gap hök­mün­de dö­re­dil­di.

Sarymsagyň saglyga peýdasy

Oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň her biri öz peýdaly alamatlary bilen tapawutlanýar. Şeýle ekinleriň biri hem sarymsakdyr. Sarymsak dürli naharlary we işdäaçarlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Gadymy wagtlardan bäri peýdalanylyp gelinýän sarymsagyň adam saglygyna peýdaly taraplary köpdür. Sarymsagyň düzüminde köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar – fitonsidler bar. Mundan başga-da, ondaky A, E, C, B1, B6, D, K, P toparlarynyň witaminleri, aminoturşylar, kaliý, marganes, sink ýaly mineral maddalara baýdyr.

Hassa bolmazdan burun...

Güýzde howanyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli; Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly;

Güýzüň görki saglykda

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Pasla görä geýinmeli;

Sagdyn diş — sagdyn beden

Dişleriň kariýesiniň, dişýany dokumalaryň we agzyň nemli bardasynyň keselleriniň öňüni almak meselesi stomatologiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Ol keseller adamda aýry-aýry sebäpleriň täsir etmeginiň netijesinde döreýär. Şoňa görä-de, profilaktika — degerli anyk çäreleriň kompleksi bolup, kesel döredýän amatsyz şertleriň döremeginiň ýa-da olaryň belli bir sebäplerine täsir edýän şertleriň öňüni almaga gönükdirilendir. Dişleri arassalaýjylaryň biri diş çotgasydyr. Diş çotgasy dişleri arassalamak we olara derman sürtmek üçin esasy guraldyr. Diş çotgalary özleriniň tüý çogdamlarynyň görnüşi, ýerleşişi we gatylyk-ýumşaklygy bilen tapawutlanýarlar. Diş çotgalarynyň tüý çogdamlary ýerleşende biri-birine ýapgyt bolup, konusy ýada salmalydyr. Şeýle görnüşde ýerleşenlerinde tüý çogdamlary dişler arassalanýan wagty dişara boşluklaryna aňsat girip bilýärler we şol ýerleri töweregi bilen göwnejaý arassalaýarlar. Çagalaryň we uly adamlaryň diş çotgalarynyň görnüşleri aýratyndyr. Olar stomatolog lukmanyň maslahaty boýunça adamyň ýaşyna we agzynyň ýagdaýyna baglylykda saýlanylmalydyr. Emeli tüýli diş çotgalar gatyrak bolup, belli bir ýagdaýlarda, dişleriň gaty dokumalaryny sürtüp, amatsyz täsir edip bilerler.

AIW ýokanjyna garşy göreş

Welaýat köpugurly hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bilelikde guramaklarynda ähli bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň AIW ýokanjynyň öňüni almak boýunça jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda amaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda, şol sanda, welaýatymyzda AIW ýokanjynyň öňüni alyş çäreleri ýokary derejede alnyp barylýar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň we hünärmenleriň arasynda AIW ýokanjynyň meseleleri barada sowal-jogap alşyldy.