"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halkara ylmy maslahaty

Şu gün — 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Günüň birinji ýarymynda oňa gatnaşan türkmen alymlary we hünärmenleri Änew galasyna baryp gördüler we ol ýerde ýerleşýän orta asyr suw saklaýjy desgada alnyp barylýan ylmy-barlag we dikeldiş işleri bilen tanyşdylar.

Pyragyny gören ýerler

Magtymguly Pyragynyň ylym-bilim gözleginde birnäçe ýyllap özbek topragynyň duzuny iýendigi hemmä mälimdir. Ussadyň nazary, gadamy düşen mukaddes ýerlere — Idris baba, Gögeldaş, Şirgazy medreselerine gaýybana zyýarat etmek okyjylarda ýakymly täsir galdyrar diýen tamamyz bar. Halaçdaky Idris baba medresesi XVII asyrda öz döwrüniň derwüşçilik akymynyň uly wekili bolan Idris Muhammet ogly tarapyndan bina edilipdir. Ilkibada medresäniň ýigrimi dört sany hüjresi, daşyna belent haýat aýlanan howlusy, dört burçunda belent diňleri bolupdyr. Ýöne tebigy sebäpler bilen onuň diňleri biziň günlerimize çenli saklanyp galmandyr. Akyldaryň bilim alan medresesi welin ýyllaryň synagyndan geçip, öňki durkunda saklanyp galypdyr.

Ga­dy­my taryhymyzyň şöhraty

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de göz­ba­şy­ny has ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýan mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, ta­ry­hy­my­zy, ede­bi mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mä­ge, hem­me­ta­rap­la­ýyn go­rap sak­la­ma­ga, ös­dür­mä­ge we ony baý­laş­dyr­ma­ga, dün­ýä halk­la­ry­ny me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­myz bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň ýa­kyn­da ge­çen mej­li­sin­de oňa gat­na­şy­jy­lar türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­ly “Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly”, Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni bol­sa 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan et­mek ha­kyn­da türk­men ta­ra­py­nyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan gol­da­nan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­bar hal­ky­my­zy be­gen­dir­di we şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za buý­sanç dö­ret­di. Dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da Türk­me­nis­tan iň ga­dy­my me­de­ni­ýe­tiň dö­rän we ösen ýe­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da te­bi­gy gö­zel­li­gi bi­len adam­za­dy özü­ne ben­di eden ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ösen me­de­ni­ýet­le­ri d

Gadymy Änew — Türki dünýäniň medeni paýtagty

1904-nji ýylda amerikan arheology Rafael Pampelliniň gadymy Änew depesinde ylmy-barlag işlerini geçirýän pursaty. Ajaýyp zamanamyzda şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärlikleriň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakdaky buşluknama bolup ýüreklere doldy.

Iň iri hem ýeke-täk

«Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyna Türkmenistanyň çäginde ilkinji gurlan, iň uly we häzirki wagta çenli işjeň ýagdaýda saklanyp galan Hindiguş suw elektrik stansiýasy hem goşuldy. Başdaky kuwwatyny ýitirmän işläp duran bu goja desga indi taryhy ýadygärlik derejesine eýe boldy. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Murgap derýasynyň ugrunda gurlan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy barada gürrüň edip, ony «tehniki pikiriň ýadygärligi» diýip atlandyrdy. Türkmenistanda pudagyň ösüş taryhynyň gözbaşynda duran desgany energetika stansiýalarymyzyň şu günki derejesine buýsanç döretmek üçin institutyň talyplaryna-da görkezmegiň gerekdigini nygtady.

Pol Nadar we Žýul Wern: türkmen taryhynyň edebi-çeper we suratlardaky keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli içeri we daşary syýasaty netijesinde ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk giň gerimli ösdürilýär. Türkmen halkynyň gadymy hem şöhratly taryhyny, medeni mirasyny, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan söwda-ykdysady, medeni, edebi gatnaşyklaryň taryhy ähmiýetini öwrenmek babatda hem möhüm işler alnyp barylýar. Alym

Geçmişi şöhratly şäher

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde, şeýle hem orta asyrlarda-da, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň çäginde gadymy we orta asyrlarda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Bu ýerde ady agzalýan Zemm Lebap welaýatynyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Kerki şäheriniň öňki adydyr. Ol Türkmenistanda gadymy şäherleriň biri hasaplanylýar. Bu ýer Amyderýadan geçmek üçin iň bir amatly geçelgeleriň biri bolup, derýanyň hanasynyň dar ýeridir. Taryhda saklanyp galan ýazgylara görä, ol geçmişde «Şähri-Haňka, Anka, Zingar, Zernigär, Zemm, Kerkuh, Kerki» ýaly atlary bilen bellidir. Kerki şäheriniň atlarynyň köp bolşy ýaly, onuň taryhy-da öz gözbaşyny juda irki döwürlerden alyp gaýdýar. Arheolog W.I.Pilipko «Demirgazyk-günbatar Baktriýanyň oturymly ilaty» kitabynda: «Beg galasynyň günorta-gündogar tarapynda gazylan çukurdan çykan tapyndylar esasynda şäheriň taryhy 2500 ýyldan az däl» diýip ýazýar.

Gadymy medeniýetiň mekany

31-nji oktýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zaly köp adamly boldy. Ol gün bu ýerde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň guramagynda ady agzalan institutyň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda görnükli alym Nadežda Dubowa «Türkmenistan: Goňurdepe — Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri» atly sapak gurady. Alymyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýerleşýän ýerinde Murgabyň akymynda bürünç eýýamynyň suwarymly medeniýetiniň Margiana ady bilen ýa-da Marguş medeniýetiniň dörändigi barada örän baý maglumatlar getirildi. Bu medeniýeti taryhy jähetden açmakda Wiktor Iwanowiç Sarianidi köp ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdi. Häzirki günde şol işleriň netijeleri, jemleri boýunça W.I. Sarianidi we onuň kärdeşleri VII jiltlik kitaplary we makalalary çap etdi. Ol işleriň mazmunynda Merkezi Aziýanyň ýüregi giň sährada selçeň ýerleşýän oturymly ýerleriň bolandygyny, şol sähralyklarda tutuş ýurduň dörändigini aýan etdiler.

Poç­ta­nyň­ ta­ry­hyn­dan

Bi­ziň dur­mu­şy­myz poç­ta ara­gat­na­şy­gy bi­len berk bag­ly­dyr. Biz bir ýe­re hat-ha­bar ýa-da ban­de­rol iber­mek­çi bo­la­ny­myz­da poç­ta ara­gat­na­şy­gy­nyň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bol­ýa­rys. Poç­ta hyz­mat­la­ry bu ugur­da bi­ziň mö­hü­mi­mi­zi bi­tir­mek­de yg­ty­bar­ly mer­kez bo­lup dur­ýar. Poç­ta­nyň dö­re­ýşi­niň täsin ta­ry­hy bar. Poçtanyň taryhy hat ýazuwynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hat ýazuwynyň döremegi bilen, habar hat görnüşinde ýetirilip ugralypdyr. Mu­nuň özi bolsa poçta aragatnaşygynyň düýbüniň tutulmagyna getiripdir. Aragatnaşyk gullugynyň düzgünleşdirilen ilkinji edaralary diýseň ir, antik döwründe peýda bolupdyr. Ilkinji gezek poçta habary 5 müň ýyl töweregi mundan ozal Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Mü­sür­de hem poçta ara­gat­na­şy­gy ir­ki dö­wür­de baş­la­nyp­dyr. Ol ýer­de hat-pet gat­nad­ýan kep­de­ri­ler peý­da­la­ny­lyp­dyr. Soň­ra has möhüm habarlary ýetirmek üçin gadym döwürde atly, düýeli çaparlar ibe­rilipdir.

Taryhy tapyndylar

Ertir ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Haly, bedew at, şaý-seplerimiz ýaly gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan halkymyzyň alabaýlara bolan hormaty hem belentdir. Baýramçylygyň golaýlap gelýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda resmi saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine Alabaý atly türkmen alabaýyny sowgat bermegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýynyň zandynda bar ukyplary halkymyzyň pähim-paýhas baýlygyna öwrülip, iňňän irki döwürlerden bäri ýaşaýar. Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Alabaý güýçli, ýanbermezek hem-de wepalydyr. Alymlaryň biriniň sözlerine mysal hökmünde salgylanmak isleýärin. Ol: «Men alabaýyň bedewimiz bilen deňeçerräk, hatda ondan hem öňräk dörändigine ynanýaryn. Sebäbi adam onsuz ýaşap bilmez diýipdi» diýen sözler bar. Türkmen alabaýynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bar. Ony ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylar hem, ýazuw ýadygärlikleri hem doly subut edýär.

Gadymy Änew medeniýeti

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen umumadamzat medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny dikeltmek we dünýä ýaýmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyryp, medeni ýadygärliklerimizi, edebi gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has-da giň gerime eýe bolýar. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda gojaman taryhda maddy we medeni gymmatlyklaryň beýik nusgalaryny döredip, gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda ägirt uly işleri alyp barypdyrlar. Bu gün bolsa şol medeni we taryhy gymmatlyklar bagtyýarlyk döwrüniň çogly Güneşiniň astynda nur saçyp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýär.

Ta­ry­hyň gat­la­ry­ny açyp...

Yh­las­ly zäh­met, ir­gin­siz göz­leg­ler ada­my kä­mil­li­ge ýe­tir­ýär. Za­mi­ra Us­ma­no­wa türk­men ar­heo­lo­gi­ýa­sy­na we ta­ry­hy­na uly go­şant go­şan gör­nük­li alym­dyr. Ol özü­niň uzak wag­tyň do­wa­myn­da top­lan mag­lu­mat­la­ry­nyň esa­syn­da Mer­wiň ýa­şy­nyň 2700 ýyl bo­lan­dy­gy­ny il­kin­ji bo­lup kes­git­le­me­gi ba­şar­dy. Bu se­nä­niň yl­my esas­lan­dyr­ma­sy­ny bol­sa 1992-nji ýyl­da Lon­don­da çap edi­len «Ga­dy­my Mer­wiň tä­ze mag­lu­mat­la­ry» at­ly ma­ka­la­syn­da be­ýan et­di. Za­mi­ra Us­ma­no­wa 1932-nji ýyl­da Sa­mar­kant­da gul­luk­çy maş­ga­la­syn­da dün­ýä inip­dir. Onuň ça­ga­lyk, okuw­çy ýyl­la­ry Türk­me­nis­tan­da geç­ýär. Ka­ka­sy Ys­ma­ýyl Us­ma­now ho­wa men­zi­li­niň ýol­baş­çy­la­ry üçin okuw kur­su­ny gu­ta­ran­dan soň, 1932-nji ýyl­da Ker­ki şä­he­ri­ne ho­wa men­zi­li­ni gur­mak üçin ibe­ri­lip­dir. Soň­ra ony Dört­gü­le, Çim­ba­ýa, Ür­gen­je, Türk­me­na­ba­da, Da­şo­gu­za hem ibe­rip­dir­ler.

Boldumsazyň taryhy

Türkmeniň asyrlara uzaýan gadymy we wakalara baý taryhynda entek açylmadyk sahypalar kän. Şol sahypalaryň biri hem welaýatymyzyň Boldumsaz etrabynyň Medeniýet geňeşliginde ýerleşýän Boldumsaz galasydyr. Boldumsaz — b.e. I-XII-XVIII asyrlary bilen senelenýän gadymy gala. Ýadygärlik Daşoguz — Boldumsaz awtomobil ýolunyň 27-nji kilometrinde, Boldumsaz şäherçesiniň 12 kilometr gündogar tarapynda ýerleşýär. Gala dörtgyraň görnüşde bolup, diwarlary çig kerpiçden örülen. Belli bir beýikliginden ýokarsynda pagsanyň yzlary görnüp dur. Ýadygärlik gurluşykda berkligi bilen tapawutlanan ak toýundan galdyrylan gala diwarlaryna çalym edýär. Boldumsaz galasynyň gündogar-demirgazyk burçunda diňiň yzy aýyl-saýyl bilnip dur, bu hem, elbetde, galanyň berkitme galasy bolandygyna şaýatlyk edýär. Diýmek, Boldumsaz galasy berkitme hökmünde ulanylyp, galanyň töwereginde rysgal-bereketli durmuş gaýnap joşandyr diýip çaklamak bolar.

Türkmen kepderisi

Adamzadyň aňynyň, akyl-paýhasynyň ösüşiniň dowamynda döreden maddy hem ruhy gymmatlyklary örän kän. Türkmen halky hem uzak taryhy döwrüň dowamynda ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan halklardandyr. Türkmen halkynyň paýhasly wekilleri tarapyndan döredilip, inçe sungat derejesine ýetirilen maddy gymmatlyklar medeni mirasyň özenini düzýän baýlyklardyr. Ökde seýisleriň seýisläp kemala getiren «adam ýaly syzýan» gamyşgulak bedewlerem, ynsanyň wepadar dosty alabaý item, awçylaryň kömekçisi bolan elguşlaram, aw tazylaram... garaz, sanasaň sogaby kän. Halallyk zandyna guýlan halkymyz bu gymmatlyklary gözüniň görejine deňäp, aýap saklap, kämilleşdirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne hem ýetiripdir. Türkmen halky öz döreden gymmatlyklarynyň ählisini uzak wagtlaryň dowamynda timarlap, sünnäläp, has kämil derejelere ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Türkmen bedewleri, alabaý itleri ýaly, türkmen kepderileri hem döredilen gymmatlyklaryň naýbaşylaryndan biridir. Kepderiler parahatçylygyň, asudalygyň jarçysydyr, simwolydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, eldekileşdirilip gelnen türkmen kepderileri bu gymmatlyklaryň arasynda göreni özüne bendi edip goýýan, täsin sungat derejesine ýetirilen maddy baýlykdyr.

Gadymy sekizburç şekilli kirlik

Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklary, ene-mamalarymyzyň elinden çykan sungat derejelerine ýetirilen el işleri, egin-eşikleri, esasan-da, çaga eşikleriniň hakyky nusgalary taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde saklanylýar. Türkmen halkymyzyň çagalaryna niýetlän eşikleri sanardan köpdür. Şeýle çaga eşikleriniň biri-de ene-mamalarymyzyň elinden sünnälenip edilen çagalara niýetlenen kirlikdir.  Olar, esasan-da, Oguz han atamyzdan gelýän sekizburç şekil bilen baglanyşdyrylyp, çagalara niýetlenip tikilipdir. Ata-babalarymyz ir döwürlerde sekiz sany burçy agzybirligiň, bereketliligiň, rysgal-döwletiň hem-de goragyň nyşany hökmünde kabul edipdirler. Eli çeper zenanlarymyz olary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. El keşdeleri bilen bezelen kirlik elde dokalan matalaryň böleklerinden gurnalyp tikilýär. Olar, esasan, burçlaýyn eplenen dörtburç mata bolup, her tarapyna üçburç şekilli bir gulak tikilýär. Egniniň üstünden boýunýaka oýulyp, iki egniniň üstünden çäk goýulýar. Kirlik işliklenýär we ýakasyna jähek salynýar, gyralaryna bolsa seçek tutulýar. Kirligiň ýüzi tutuşlaýyn ýa-da gyralary keşdelenýär. Kirligiň esasy bezegi nagyş bolansoň, oňa köp şaý dakylmaýar. Onuň ýüzüne «toýnuk», «guşgözi», «ömür daragty», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Kirlik köýnegiň ýa-da kürtäniň üstünden öňlük hökmünde geýlipdir. Köplenç, onuň öňi we yzy tegelek ownuk ç

Orta asyrlarda basma keramikanyň ösmegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir welaýatynda ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan taryhy gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenip, halkymyza ýetirmekde uly ähmiýete eýe bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp muzeýler bar. Şeýle muzeýleriň biri Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Bu ýerde halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhyna degişli taryhy gymmatlyklar saklanýar.  Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine bezeg berýän orta asyrlara degişli keramiki önümlerde ylmyň ösmegi bilen, adamlaryň tebigatyň ähli gözelliklerini miwe we gök salar ýaly mejimelere, küýzejiklere çekendiklerini görmek bolýar. Bu taryhy gymmatlyklar orta asyrlarda ýaşan adamlaryň basma keramiki önümlerine has uly üns berendigine şaýatlyk edýär.  Şeýle-de olary synlap, orta asyrlarda suratkeşleriň köp bolandygyna, olaryň haýwan şekillerine üns berendigine, adamlaryň tebigat bilen arabaglanyşygynyň has baýlaşandygyna göz ýetirmek bolýar. Syrçalanan mejimäniň içine çekilen guşuň suraty, keramiki küýzejikleriň ýüzündäki basma keramiki nagyşlar orta asyrda ylym-bilimiň has ösendigini aňladýar. Haýwanlaryň suraty çekilen gap-gaçlardan başga-da, misden we bürünçden ýasalan dürli guşlaryň şekili ata-babalarymyzyň öz döwründe taryhy gymmatlyklary sungat derejesine ýetirendigine,  syrçanyň, aýnalaryň ýüze çykmagy bolsa olaryň  öz durmu

Bu biziň öz taryhymyz

Mamunyň akademiýasy Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, IX — XIII asyrlar Gündogar medeniýetiniň has ýokary göterilen döwri bolupdyr. Meşhur arapşynas A. Mesiň (1869 — 1917 ý.ý.) “Musulman dünýäsiniň gündogar bölegi alymlar üçin behişdi ýer» bolupdyr diýip, gymmatly maglumat bermegi munuň aýdyň subutnamasydyr. IX-XIII asyrlaryň dowamynda türkmenleriň Horezmşalar, Gaznalylar, Seljuklar we Köneürgenç döwletleri gülläp ösüpdir. Bu döwletler tarapyndan Gündogaryň galkynyşynyň emele gelmegi üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, ylmy we medeni şertler döräpdir. Şoňa görä-de, bu döwürlerde türkmen döwletleriniň höküm süren ýerlerindäki döwrüň iň ýokary ylym-bilim ojaklary bolan metjitleriň, medreseleriň, hanakalaryň we kitaphanalaryň şöhraty bütin dünýä belli bolupdyr.

Eşretli guýy

Il-halkyň bähbidi üçin amal edilen her bir işiň ýyldan ýyllara aşyp, halk hakydasynda ömürlik ýaşaýandygyny wagt bize görkezip gelýär. Ir döwürlerde gadymy Merwi etekläp oturan Gaýypöküz obasynda guýy gazmak zerurlygy ýüze çykypdyr. Oba adamlary öz aralarynda «Guýy gazmak halal iş. Ony eli haýyrly adama gazdyrmaly. Çünki onuň eşretinden ynsan-u-haýwan peýdalanmaly» diýşipdirler.

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Ömür beýanyVI.Soňy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Gazna köşgüniň kätibi Abdyljepbar Utby öýle namazyndan soň soltanyň huzuryna barmak çakylygyny alan badyna bu duşuşyk şahyr Abulkasym Ferdöwsi hem onuň döredýän eseri bilen baglydyr diýip çaklady. Hakykatda welin, bütinleý başga mesele hökümdary biynjalyk edýär eken.

Kö­ne­ür­gen­jiň genç­li ýa­dy­gär­lik­le­ri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­de uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şun­da Kö­ne­ür­genç şä­he­ri­niň ta­ry­hy-da wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Kö­ne­ür­genç şä­he­ri Türk­me­nis­ta­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da, Amy­der­ýa­nyň kö­ne ha­na­sy­nyň çep ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän iri ar­heo­lo­gik top­lum bol­mak bi­len, ol köp san­ly ýa­dy­gär­lik­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bir­ma­hal­lar bu ýer­de gör­nük­li alym­lar, akyl­dar­lar ýa­şap, be­ýik eser­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Kö­ne­ür­genç­de türk­men­ler di­ňe bir baý halk dö­re­di­ji­li­gi­ni eme­le ge­tir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, se­net­çi­lik sun­ga­ty­nyň dür­li ugur­la­ry­ny-da dö­re­dip­dir­ler. Kö­ne­ür­genç­de mu­kad­des ýer­le­riň en­çe­me­si, şol san­da «Üç ýüz alt­myş» ady bi­len meş­hur bo­lan ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my-da ýer­leş­ýär. Nej­med­din Kub­ra­nyň küm­me­ti hem şol mu­kad­des­lik­le­riň bi­ri­dir. Bu ýer­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­niň­dir sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň, hat­da Azi­ýa­nyň iň alys ýurt­la­ryn­dan gel­ýän zy­ýa­rat­çy­la­ryň hem ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Geç­miş­de şöh­rat ga­za­nan bu ga­dy­my şä­her bi­na­gär us­sa­la­ryň, nak­gaş­la­ryň we be­zeg­çi­le­riň dö­re­den bi­na­gär­lik mer­jen­le­rin­den yba­rat­dyr. Şol tä­sin yma­rat­lar dö­re­me­zin­den has öň, ga­dy­my ýur­duň bi­