Mirasa sarpa — geçmişe hormat
7-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» ady bilen brifing-maslahat geçirildi. Oňa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, daşary ýurtly alymlar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde 2022-nji ýyl üçin bäsleşik yglan edilipdi. Maslahatyň dowamynda şol bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hödürlenen «Gadymy Merw» Döwlet arheologik ýadygärliginden tapylan V asyra degişli bolan Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak we ony dikeltmek üçin 3D skaner we beýleki enjamlar bilen doly öwrenmek işleriniň alnyp barlyşy hakynda giň gerimli çykyşlar diňlenildi. Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkel üç bölekden ybarat bolup, bu gymmatlygy öwrenmek işi 1960 ― 1978-nji ýyllarda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta-Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan amala aşyryldy.