"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türk­men agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry hy­taý­ly hü­när­me­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gru­zi­ýa­da tür­gen­leş­ýär­ler

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Türk­men agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry Gru­zi­ýa­da meş­hur Ba­ku­ria­ni dag ly­ža­sy şy­pa­ha­na­syn­da okuw-tür­gen­le­şi­gi­ni geç­ýär­ler. 52 ýaş­ly hy­taý­ly ta­ny­mal hü­när­men Lin Şou­fen­gyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 8 tür­gen­den yba­rat Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy bu ýer­de 20-nji iýu­na çen­li hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­la­ndylar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­my­zyň kalp­la­ra be­ren joş­gu­ny, okat­mak, dö­ret­mek ba­bat­da ba­gyş eden ru­hy güý­ji ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň dur­mu­şyn­da özü­niň aý­dyň şöh­le­len­me­sini tap­ýar. Ýa­şy­na, hü­nä­ri­ne ga­ra­maz­dan, her bir il­de­şi­miz öz ýü­rek yh­la­sy­ny, gu­jur-gaý­ra­ty­ny ba­gyş edip, bu şan­ly ýy­ly­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ma­ga ça­lyş­ýar.

Döwletjan Ýagşymyradow «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym finalyna çykdy

Aşgabat wagty bilen 22-nji iýunda daňdan ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherinde «PFL 5» turniri geçirildi. Onda türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýong bilen tutluşdy. Tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminler biragyzdan (30-27, 30-27, 30-27) Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşini ykrar etdiler. Bu ýeňiş arkaly ildeşimiz ýarym agyr agramda «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym final tapgyryna ýollanma aldy.

Ispaniýa ÝEWRO-2024-de Ýamal üçin jerime töläp biler

Germaniýada geçirilýän Ýewro-2024-de çykyş edýän Ispaniýanyň milli ýygyndysy turnirde ýaş oýunçy Lamin Ýamal sebäpli jerime tölemeli bolup biler. Has takygy, 16 ýaşly oýunçynyň 23:00-dan soň meýdanda hereket etmegi toparyň jerime tölemegine getirer. Germaniýanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmet hukuklary dogrusyndaky kanunçylygyna görä, 18 ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň sagat 20:00-dan soň, kadadan çykma hökmünde sportçularyň sagat 23:00-dan soň zähmet çekmegi gadagan edilýär. Netijede, eýýäm iki oýunda iki ýeňiş gazanyp, pleý-off ýollanmasyna eýe bolan Ispaniýa üçin indiki tapgyrlarda jerime bilen bagly mesele döräp biler. Çünki sagat 21:00-da başlanýan pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary goşmaça wagta uzalan halatynda Lamin Ýamalyň goşmaça wagtda meýdançada hereket etmegi Ispaniýanyň jerime tölemegine sebäp bolar. Jerimäniň mukdary, takmynan, 30 müň ýewro barabardyr.

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň kä­mil­leş­me­gi, ada­myň kuw­wa­ty­nyň mad­dy we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe bol­ma­gy, şeý­le-de sport bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da gi­ňel­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy.

Eý­fel di­ňin­de Olim­pi­ýa hal­ka­la­ry ýer­leş­di­ril­di

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Hä­zir­ki wagt­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk­lar do­wam ed­ýär. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň bi­ri-bi­ri­ne je­bis bir­le­şen bäş sa­ny hal­ka­sy­nyň şe­ki­li Eý­fel di­ňin­de ýer­leş­di­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça ýaş­lar ýy­gyn­dy­synyň Azi­ýa­nyň ku­bo­gynyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da­ky gar­şy­daş­la­ry bel­li bol­dy

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Ma­laý­zi­ýa­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de fut­bol bo­ýun­ça 2025-nji ýyl­da Hy­taý­da ge­çi­ril­jek 20 ýa­şa çen­li ýaş­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň ara­syn­da Azi­ýa­nyň ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň bi­je­le­re çe­kil­di.

Ame­ri­ka­nyň ku­bo­gy­na gat­naş­ýan Azi­ýa­nyň klub­la­ryn­da çy­kyş ed­ýän oýun­çy­lar

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Der­we­ze­çi: Da­wid Os­pi­na, Ko­lum­bi­ýa. «Al-Nasr» (Sa­ud Ara­bys­ta­ny)

EURO 2024: Azi­ýa­da çy­kyş ed­ýän fut­bol­çy­lar­dan dü­zü­len my­sa­ly ýy­gyn­dy

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Uly şow­hun bi­len do­wam ed­ýän Ýew­ro­pa­nyň fut­bol çem­pio­na­ty­na dün­ýä­niň dür­li kün­jün­de uly gy­zyk­lan­ma bi­len to­ma­şa edil­ýär. Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan ýy­gyn­dy­la­ryň dü­zü­min­de Azi­ýa­nyň to­par­la­ryn­da çy­kyş ed­ýän fut­bol­çy­la­ryň kän­di­gi türk­me­nis­tan­ly jan­kö­ýer­ler­de yk­lym bi­rin­ji­li­gi­ne has uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Şu ýag­da­ýy göz öňün­de tu­tup, «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «7/24.tm» hep­de­lik elekt­ron go­şun­dy­syn­da Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş ed­ýän, Azi­ýa­nyň to­par­la­ryn­da oý­na­ýan fut­bol­çy­lar­dan yba­rat bo­lan my­sa­ly ýy­gyn­dy­ny düz­di.

Okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di

Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­lik­le­ri­niň hü­när­men­le­ri­niň, sport mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da on­laýn gör­nü­şin­de okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ki­çi mej­lis­ler za­lyn­da gu­ra­lan mas­la­ha­ty ko­mi­te­tiň sport mek­dep­le­ri­niň işi­ni we sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Ju­ma Ju­ma­ýew aç­dy. Soň­ra Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we gim­nas­ti­ka ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my Döw­ran My­ra­dow Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hy, äh­mi­ýe­ti hem-de türk­men tür­gen­le­ri­niň bu oýun­la­ra gat­naş­ma­gy bo­ýun­ça çy­kyş et­di.

Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar

Eziz Diýarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň hem-de ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy ilatyň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegi ugrundaky netijeli işleriň özenini düzýär. Şeýle ähmiýetli ädimler bu ugurlaryň sazlaşykly ösüşini şertlendirýär. Munuň özi adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginden habar berýär. Ýurdumyzda guralýan dünýä we yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň hem ähmiýeti uludyr. Çünki şeýle bäsleşikler diňe bir türkmen sportunyň halkara giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagynda möhüm mazmuna eýe bolman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, bu ugruň ösüşiniň mizemez binýadyny kemala getirmekde hem diýseň düýpli ädimdir. Ata Watanymyz şeýle iri sport baýramçylyklaryny geçirmekde baý tejribä eýe bolan ýurtlaryň biri hökmünde tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.

Abraýly ýaryşyň medallary

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 4 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medallaryna mynasyp boldular. 8 – 16-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen bu ýaryşa 5 döwletden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 12 türgen wekilçilik etdi.

Sport mekdeplerinde

Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň nurana geljegini üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bedenterbiýe we sport ýaşlaryň ähli babatda kämillige ýetmeginiň, durmuşda mynasyp ornuny tapmagynyň esasy serişdeleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sport düzümleri döredilýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň çägindäki sport mekdeplerinde we beýleki iri sport desgalarynda ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şertler üpjün edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bolsa beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde netijeli çäreleri alyp barýarlar.

Futbol täzelikleri

Ma­laý­zi­ýa­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de 2025-nji ýyl­da Hy­taý­da ge­çi­ril­jek 20 ýa­şa çen­li ýaş­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­je çe­kiş­li­giň ne­ti­je­si­ne gö­rä Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy (U20) «I» to­par­ça­da bäs­le­şer. Türk­men fut­bol­çy­la­ry bu to­par­ça­da Ýa­po­ni­ýa­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň (ýer eýe­le­ri) we Mýan­ma­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şarlar.

Talyplar futzal meýdançasynda

Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlarynyň gatnaşmagynda Halkara Olimpiýa güni mynasybetli «Olimpiýa ýörelgeleri bagtyýar ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar» ady bilen futzal ýaryşyna badalga berildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaryşyň baş baýragy ugrunda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň futzal toparlarynyň 12-si bäsleşýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýän ýaryşyň ýeňijisi 23-nji iýunda belli bolar.

Stol tennisi hakynda

Stol tennisi soňky ýyllarda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda örän ýörgünlidir. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryş ýekeleýin, jübütleýin we garyşyk toparlaryň arasynda guralýar hem-de köp ýurtda «ping-pong» ady bilen meşhurdyr. Olimpiýa sportunyň bir görnüşi hasaplanylýan stol tennisi ýapyk binada oýnalýar, onuň dörän ýeri Hytaýdyr. Häzirki wagtda onuň Hytaýyň milli sport görnüşi hasaplanylmagy-da şondan gözbaş alýar.

Taryhda şu gün

Görkezýän oýny hakykatdan hem öz döwründen ep-esli öňe saýlanan Pol ýaryş wagty islendik küştçä pyýada malynyň birini şeýle berip goýberer eken. Haçan-da, ol 1958-nji ýylda küşt oýnuny geçirmek üçin Angliýa gelende hiç kimiň onuň bilen duşuşyk geçiresi gelmändir. Şonuň üçin ol özi bilen duşuşyk geçirmäge razylyk berenler bilen oýny tagta seretmezden geçirmeli bolupdyr. Şonuň ýaly duşuşyklaryň birinde, has takygy, Birmingem şäherinde geçirilen küşt agşamynda ol tagta seretmezden birbada alty duşuşyk geçiripdir. Şol döwürler täsin görlen bu duşuşyklaryň altysy Poluň peýdasyna tamamlanypdyr. Bir duşuşygy deňme-deň oýnan küştçi bir tagtada ýeňlişini boýun alypdyr. Onuň yzysüresi Parižde geçiren duşuşyklarynda ol netijesini has-da gowulandyrypdyr. Şol gezek onuň çykyşy alty ýeňiş hem-de iki deňlik bilen tamamlanypdyr.

Bedenterbiýe we sport

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Milli şaşka merkezi, Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda şaşka boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň «Goturdepe» önümçiliginiň hojalyk bölüminiň hünärmeni Umyt Hydyrow 1-nji orny eýeledi. «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň pudaklaýyn harbylaşdyrylan goragynyň birleşdirilen otrýadynyň işgäri Baýrammyrat Täşliýew 2-nji, «Goturdepe» tilsimat ulaglar müdirliginiň mehanigi Azat Kiçigulow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen küşt boýunça ýaryşda Lukman Melikow, Tahyr Geldiýew hem-de Wadim Kubrakow dagy öňdäki orunlary eýeledi. Ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan işgärler guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

«Milan», «Ýuwentus», «Lasio» toparlarynyň täze tälimçileri

«Serie A»-nyň wise-çempiony «Mi­lan» to­pa­ry-da tä­ze tä­lim­çi­si­ni mä­lim et­di. Ozal­dan bel­li bo­lan por­tu­ga­li­ýa­ly Pau­lo Fon­se­ka «Mi­lan» klu­bu­nyň tä­ze tä­lim­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Ste­fa­no Pio­li­niň or­nu­na bel­le­nen 51 ýa­şyn­da­ky tä­lim­çi mi­lan­ly­lar bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Fon­se­ka «Mi­lan­dan» ýyl­lyk 3,5 mil­li­on ýew­ro hak alar. Ol 2022-nji ýyl­dan bä­ri «Lill» to­pa­ry­na tä­lim ber­ýär­di. «Lill­den» öň «Ro­ma», on­dan öňem «Şaht­ýor Do­nesk» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si bo­lan Fon­se­ka ýur­dy Por­tu­ga­li­ýa­da «Pa­suş Fer­rei­ra», «Por­to», «Bra­ga» we kar­ýe­ra­sy­nyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da baş­ga-da 4–5 klu­ba tä­lim ber­di. Fon­se­ka «Por­to» bi­len Por­tu­ga­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny, «Bra­ga» bi­len Por­tu­ga­li­ýa­nyň Ku­bo­gy­ny, «Şaht­ýor Do­nesk» bi­le­nem 3 ge­zek Uk­rai­na­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny, şon­ça-da Uk­rai­na­nyň Ku­bo­gy­ny hem-de 1 gezek Uk­rai­nanyň Su­per Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Ita­li­ýa­nyň «Ýu­wen­tus» to­pa­ry ozal­da­nam bel­li bo­lan tä­ze tä­lim­çi­si­ni res­mi ýag­daý­da mä­lim et­di. Tu­rin şä­he­ri­niň we­ki­li ge­çen möw­süm­de «Bo­lon­ýa» to­pa­ry­na tä­lim be­ren Tia­go Mot­ta­ny tä­lim­çi­li­ge bel­le­di. «Se­rie A»-nyň ba­şar­nyk­ly klu­by 41 ýa­şyn­da­ky tä­lim­çi bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. As­ly bra­zil bo­lan ita­li­ýa­ly tä­lim­çi «Ýu­wen­tus­dan» ýyl­lyk 5 m

Çempionlyk ugrunda ýiti göreş

Ame­ri­ka­nyň Mil­li hok­keý li­ga­sy­nyň Sten­li Ku­bo­gy ug­run­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. «Flo­ri­da Pan­ters» bi­len «Ed­mon­ton Oý­ler­siň» ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň 5-nji­si ge­çi­ri­lip, çem­pi­on­lyk in­di­ki du­şu­şy­ga gal­dy. Il­kin­ji 3 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry il­kin­ji ta­ry­hy çem­pi­on­ly­gy­na bir ädim go­laý­lap­dy. Ýö­ne 4–5-nji du­şu­şyk­lar­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 1-2-nji du­şu­şyk­lar Flo­ri­da­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri 3:0 hem-de 4:1 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. 3-nji du­şu­şyk Ka­na­da­da oý­na­lyp, bu oýun­da-da «Flo­ri­da Pan­ters» 4:3 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Ýö­ne 4–5-nji oýun­lar ju­da baş­ga­ça bol­dy. 4-nji du­şu­şyk Ka­na­da­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri 8:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da 1 gol ge­çi­rip, 2 asist eden Kon­nor Mak­De­wid ta­ry­hy re­kor­dy tä­ze­le­di. Ol pleý-off tap­gy­ryn­da bir möw­süm­de 32-nji asis­ti­ni edip, bu ugur­da NHL-iň ro­wa­ýa­ty ýyl­dy­zy, ka­na­da­ly Weýn Grets­ki­niň 1988-nji ýyl­da­ky re­kor­dy­ny tä­ze­le­di.