"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Ýurdumyzda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän bilim ulgamyndaky döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda kämil nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu babatda golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» aýdyň mysaldyr. Bu Konsepsiýa 8 bölümden ybarat bolup, bilim ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegi, döwrebaplaşmagy üçin uly itergi bolar. Has takygy, umumybilim berýän edaralarda okatmakda innowasion usullardan peýdalanmak, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi bilim işgärleriniň öňünde uly jogapkärçiligi goýdy. Umumybilim berýän orta mekdepler bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda üznüksiz baglanyşygy alyp barmak işinde bolsa mugallymlar we terbiýeçiler taýsyz tagalla edýärler. Bilim işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam etdirilip, okatmagyň döwrebap usullar

Bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär

Umumybilim berýän orta mekdeplerde 2023 – 2024-nji okuw ýyly üstünlikli jemlendi. Öňümizdäki okuw ýylyna täze ruh, täze başlangyçlar bilen barmak üçin ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi hem talabalaýyk guraldy. Ýerlerde hereket edýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mekdep mugallymlary hem çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin terbiýeçi mugallym hökmünde tagalla edýärler. Mugallymlar dynç alyş günleri hem çagalaryň ukyp- başarnyklarynyň döredijilik dünýäsi bilen utgaşdyrylmagyny unutmaýarlar. Olar çagalaryň sport maşklaryna we ýaryşlaryna bolan höweslerini artdyrmak ugrunda hem döredijilikli zähmet çekýärler. Bularyň ählisi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýatdagalyjy pursatlara beslemek bilen bagly işleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ähli mugallymlary buýsandyrýar. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek möhüm ugurlardyr. Bu babatda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimi

Dil bilen dünýäni gezer

Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryň we hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim-ylym ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýada Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipesi, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk, resminamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary, onuň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek we ondan garaşylýan netijeler beýan edilendir.

Bi­lim äle­mi­niň ba­dal­ga­sy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­men per­zen­di­ni asyl­ly sy­pat­lar­da ke­ma­la ge­tir­mek we­zi­pe­si ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň mek­de­be çen­li bi­lim we ter­bi­ýe işi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem hä­zir­ki wagt­da mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň mad­dy en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na, san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işle­ri­niň usu­ly­ýe­ti­niň baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na, şol san­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­me­giň yl­my esas­la­ry­na da­ýan­ýan mil­li pe­da­go­gi­ka­nyň usu­ly­ýe­ti çuň­ňur öw­re­nil­ýär we tej­ri­be­ler ar­ka­ly ber­ki­dil­ýär. Çün­ki Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, «Ata Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan bi­lim­li-ter­bi­ýe­li, ýo­ka­ry ah­lak­ly şah­sy­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek bi­lim ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň, mu­gal­lym­la­ryň, bi­ziň her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des borç­la­ry­myz­dyr».

Bilim ulgamynyň ösüşine bagyşlanan maslahat geçirildi

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, iş başarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Düýn, 7-nji iýunda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly nobatdaky geňeşiniň 7-nji mejlisi geçirildi.

Bilim ulgamy kämillik ýolunda

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talaplaryna, dünýä tejribesine laýyklykda ösdürmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berjek mugallymlaryň taýýarlanylyşynyň, gaýtadan taýýarlanylyşynyň we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşynyň hiliniň kämilleşdirilmegi ýaly oňyn özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär. 25-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek ugrundaky möhüm ädimleriň biridir. Konsepsiýa Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çyk

Kuwwatly Watan

Türkmenistanyň bilim syýasaty — bu döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ylmy-tehniki ösüşi, jemgyýetiň ynsanperwerleşmegini hem-de medeniýetiň ösdürilmegini gazanmagyň möhüm guralydyr. Bilim syýasaty jemgyýeti we döwleti ösdürmek babatda öňde duran wezipelere laýyklykda, düýpli maksatlarydyr wezipeleri kesgitleýär, döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşykly hereket etmegi arkaly olaryň durmuşa geçirilmegini kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugynyň kepillendirilişi bilen birlikde, döwletiň her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýändigi kesgitlenilýär. Bu konstitusion kada döwletimiziň her bir raýatynyň bilim almagy üçin zerur bolan şertleri döretjekdigi babatynda öz üstüne borçnamalary alýandygyny aňladýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasy we onuň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Ilat gaznasy (ÝUNFPA), Ösüş maksatnamasy (UNDP), Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) ýaly düzüm bölekleri bilen çaganyň irki ösüşi, inklýuziw bilim, çagalaryň hukuklary, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek ýaly meseleler boýunça netijeli hyzmatda

ÝUNISEF we «Türkmenhowaýollary» çagalaryň awiasiýa gyzyklanmasyny artdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrýarlar

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ÝUNISEF-iň we «Türkmenhowaýollarynyň» guramagynda çagalaryň awiasiýa pudagy bilen tanyşlygy guraldy. «Döwletliler köşgünde» bilim alýan ýetginjekler awiasiýa pudagy we bu özüne çekiji ugurda dürli hünärler bilen tanyşdylar. Bu başlangyç ÝUNISEF-iň Bilim ministrligi bilen çagalary STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) hünärleri bilen tanyşdyrmak üçin alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir. Çäräniň çäginde ýetginjekler paýtagtyň howa menziliniň terminalyna we «Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebine baryp gördüler, ol ýerde çagalar Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Ýaş zehinleriň döredijiligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen bu döredijilik bäsleşiginiň sylaglanyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Munuň özi röwşen geljegimiziň eýeleri baradaky aladalaryň döwletimizde ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär.

Söz — ýeňijilerden

Ogulşat AHALLYÝEWA,Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy: — Men surat çekmegi gowy görýärin. Bäsleşikde «Milli baýramçylyklar» atly çeken suratym bilen 1-nji orna mynasyp boldum. Bu suratymy iki dürli, gara galamda we akwarelde çekdim. Men ýene-de gowy suratlary çekip, bäsleşiklere gatnaşaryn. Şu bäsleşikde ýeňiji bolanym üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.

Myhmanlara söz berýäris:

Feliks WELLNITS,Germaniýa Federatiw Respublikasy, Berlin amaly ylymlar uniwersitetiniň binagärik we gurluşyk tehnologiýasy fakultetiniň dekany, tehniki ylymlaryň doktory, professor: — Men Türkmenistana ilkinji gezek gelýärin. Bu ýurt barada öň hem onlaýn duşuşyklara gatnaşyp, birnäçe zatlary öwrenipdim, emma ýurdy gözüň bilen görmek diýseň başgaça. Ak mermeli binalar, täsin binagärlik gurluş uly ussatlygy talap edýär. myhmansöýer türkmen halky bizi duz-çörekli garşy aldylar. Şäheriň iň gözel ýerlerine syýahat has-da ýatda galyjy boldy. Türkmenistanyň paýtagt şäheri Aşgabadyň we onuň birnäçe binalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girendigini biz bilýäris. Bu binalary gözüň bilen görmek has hem ýakymly.

Aşgabat — şähergurluşygyň täze keşbi

Öňňin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik- gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu ylmy maslahat Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300  ýyllygyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlandy. Dünýäniň ençeme döwletleriniň professor-mugallymlaryny we alymlaryny bir ýere jemlän bu maslahatda binagärlik-gurluşyk ulgamynda bar bolan zerur meseleler barada giňişleýin pikir alşyldy. Şäherlerde we obalarda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýe bolan bu halkara ylmy-amaly maslahat «Binagärlik innowasiýalar, döwrebap materiallar we tehnologiýalar», «Binagärlik-gurluşyk biliminiň ösüşiniň mümkinçilikleri», «Taryhy-medeni mirasyň asyl nusgasyny gorap saklamak», «Şäherleriň durnukly ösüşi» atly bölümler boýunça üstünlikli dowam etdi. Maslahatda ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň birnäçe professorlarydyr alymlary öz köpýyllyk tejribelerine daýanyp, binagärlik-gurluşykda täze, döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy dogrusynda gyzykly gürrüň etdiler. Bu halkara ylmy-amaly maslahatynyň Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi hem uly mana eýedir. Çünki häzirki wagtda ylmyň täze gazananlary döwür

Ylmy açyşlar — durmuşa

Ylym ynsan durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Çünki ol ähli ösüşleriň, rowaçlyklaryň gönezligidir, kämil ýaşaýyş medeniýetiniň çeşmesidir. Şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda ylym ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara daýanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça edilýän giň gerimli tagallalar öz oňyn miwelerini berýär. Ylmyň iň täze gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary, ýaş alymlary hem bu ugurdaky işlere önjeýli goşant goşýarlar. Häzirki wagtda institutda ylymlaryň doktorlarynyň 4-si, ylymlaryň kandidatlarynyň 50-si, dosentleriň 14-si zähmet çekmek bilen, talyp ýaşlara zamanabap bilim bermek, hünär öwretmek ýaly jogapkärli işinden daşary ylmy gözlegler bilen hem meşgullanýarlar. Olaryň ylmy açyşlary, täzeçil teklipleri durmuşda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, bu baýry ylym-bilim ojagynyň alymlarynyň taýýarlamagynda neşir edilen okuw kitaplary, gollanmalar ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden peýdalanylýar.

Üstünligiň ýolunda

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyp ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämil bilim bermekde, hünär öwretmekde uly öňegidişlikler gazanylýar. Muňa olaryň tamamlanyp barýan okuw ýylynda döwlet we halkara derejesinde geçirilen ders, ylmy-taslama bäsleşiklerinde gazanan netijeleri hem aňryýany bilen güwä geçýär. Guwandyryjy üstünlikler örän köp. Biz talyp ýaşlaryň diňe soňky iki aýyň dowamynda ýeten belent sepgitleri dogrusynda söhbet etmegi makul bildik. Geçen aýda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly bäsleşik serkerde şahyryň adyny göterýän institutyň talyplaryna şowlulyklary getirdi. Matematika we informatika hünäriniň talyby Gurtgeldi Hanow şol basleşikde altyn medala mynasyp bolup, öz okaýan bilim ojagynyň abraýyny belende galdyrdy. Ol aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Milli gözleg innowasiýalar uniwersiteti tarapyndan matematikadan guralan 10-njy halkara internet olimpiadasynda hem ikinji orny eýeläpdi. Institutyň talyplary Läle Berdiýewanyň, Aýgül Balowanyň, Melike Jumaýewanyň, Sülgün Babaýewanyň hem şol halkara bäsleşiginde baýrakly orunlary eýeländikleri diýseň begendirýär.

Çagalar — biziň geljegimiz

Akyl-paýhas oýunlary çagalar üçin örän peýdaly bolup, beýniniň işjeňligini artdyrýar, zehinini ýitileşdirýär. Olara düzzüm, şaşka, küşt oýunlary, matallary, tapmaçalary çözmek ýaly birnäçe güýmenjeler degişli bolup, bu oýunlar çagalaryň birek-biregi bilen dostlaşmaklaryna, pikir alyşmaklaryna hem uly itergi berýär. Akyl-paýhas oýunlarynyň akyl saglygymyza hem peýdasy bar. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, olar fiziki taýdan işjeňligimizi artdyrýar, beýnä yzygiderli gan baryp durmagyny we onuň öýjükleriniň ösmegini üpjün edýär hem-de dartgynlylygy azaldýar. Oýun döwründe ünsüňi bir ýere jemlemeklik beýniniň öýjükleriniň arabaglanyşygyny güýçlendirýär. Bu ýagdaý ýatkeşligiň has-da artyp, zehiniň ýitileşmegine täsir edýär. Şeýle-de gaharjaňlykdan daşda bolup, tersine, şähdaçyk bolmagymyza hem örän peýdalydyr. Bu bolsa tutuş bedenimiziň saglygyny goramak üçin esasy açardyr.

Ylmy täzeçilligiň gözleginde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, harby ylym ulgamynda hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän harby hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň howpsuzlygynyň we halkymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Ylym — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetiminiň giňeldilmegini, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagyny, ýagny ýokary bilimli harby hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär.

Ýaş watançynyň üstünligi

Ata Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýolundaky başlangyçlar bolsa, halkymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyny berkidýär. Şu başlangyçlardan ugur alyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinden 10-njy, 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Onlaýn görnüşde geçirilen bäsleşige gatnaşanlara umumy sowallary çözmek üçin 60 minut wagt berildi. Eminler topary jogap berlen sowalnamalary adalatly bahalandyryp, ýeňijileri yglan etdiler. Bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Hydyr Altyýew özüniň ukyp-başarnygy bilen tapawutlanyp, I derejeli diplom bilen sylaglandy.

Baýraklarymyzyň sany artýar

Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplary döwletimizde we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleridir olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara derejeli bäsleşige hem ýokary harby okuw mekdebimiziň talyplary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, degişli sowallar boýunça özara güýç synanyşan zehinli talyplaryň arasyndan harby talyplarymyz öňe saýlanmagy başardylar. Netijede, institutymyzyň Umumy ylymlar we jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy Akmyrat Durdyýewiň ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk gören harby talyplar Annabagt Döwletdurdyýewa 2-nji, Gündogdy Aýmämmedow, Ýolaman Meretbaýew hem-de Nurmuhammet Aşyrow dagy 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere halkara derejedäki diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bilim ulgamyndaky üstünlikler

Milli bilim ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynda üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ösüşiň ýokary hil derejesini alamatlandyryp, täze üstünlikleri kepillendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil, ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ýadawsyz alada edýär. Munuň özi bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmeginde, ulgama maýa goýumlaryň yzygiderli bölünip berilmeginde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdeplerdir çagalar baglarynyň gurlup ulanmaga berilmeginde has-da aýdyň görünýär.

Ýaş nesil hakynda alada

Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, okamagy we öwrenmegi, abadan durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Ýaş nesliň mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň hemmetaraplaýyn kämil, maksada okgunly, edepli bolmagynda, döwrebap bilim almagynda, hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredilen. Biz hem ýaş nesliň bagtyýar geljegi üçin uly alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini nusga edinip, kämillik ýaşyna ýetmedik mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat maslahatlaryny, sport ýaryşlaryny, düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Bilim ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen bilelikde geçirýän şeýle çärelerimiziň dowamynda olaryň pikirini diňleýäris, sowal-jogap alyşýarys.