Sanly bilim — beýik ösüşleriň şuglasy
Ynsan akyly bilen ylymda gazanylan ösüşler adamzada giňişleýin hyzmat edýär. Bilim, ylym babatynda uly geljegi nazarlaýan halkara gatnaşyklary ýurtlaryň dostana hem-de ynanyşmak arkaly ýeten belent derejeleridir. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bilim ulgamynda gazanylýan ösüşler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem durmuşymyzyň manysyna öwrülýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki, döwrebap ösüşleri gazanmakda bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutulýan esasy ýörelgeleri kesgitlenildi. Bu işde ilkinji nobatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmyndaky iň täze tehnikalar, tehnologiýalar we tejribeler Türkmenistanda önümçilige, bilime giňişleýin ornaşdyryldy. Ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýan Diýarymyz öňdebaryjy tejribäni hem-de ösüşlere beslenen işleri giňişleýin öwrenýär, özleşdirýär hem-de kämilleşdirýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň binýadynda täzeçil tehnologiýalara esaslanýan nusga döredýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda kompýuterleri, smart-telewizorlary, ykjam telefonlary öndürmek boýunça edaralaryň peýda bolmagy aýd