"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Dil öwrenmek — kämillik we rowaçlyk

Arkadagly Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ene dilimizi çuňňur bilýän ýaşlar dünýä dilleri bolan iňlis, rus, ýapon, hytaý dillerini hem öwrenýärler. Pähimdar pederlerimiz hem «Dil bilen-dünýäni gezer», «Dil bilen — dana» ýaly nakyllary döredip, dürli dillerde ýazylan dürdäne paýhaslardan many çykarmagy ündäpdirler. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýan bagtyýarlyk döwründe ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy döwlet dilini hem-de daşary ýurt dillerini kämil bilýän nesliň kemala gelmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki ösen jemgyýetimizde ähli kärdäki hünärmenleriň dil taýýarlygynyň zerurdygyny nygtaýar. Şoňa laýyklykda ýaş nesle daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek Gahryman Arkadagymyzyň dil taglymatynyň aýrylmaz bir bölegini düzýär.

Watansöýüjilik ruhunda

Ýaş nesilleri ata Watana, ene topraga söýgi ruhunda terbiýelemek pederlerimizden nusga bolup galan milli ýörelgelerimiziň özenini düzýär. Megerem, her bir ynsan üçin bu mukaddesliklerden eziz zat ýokdur. Göbek ganymyz daman Watanymyz barada söz açylanda: Türkmen munda kowçum-kowçum il bolup,Asyrdan asyra barýar ýaşaryp!

Zehinlileriň orny törde

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň tebigy zehin-başarnygyny doly ýüze çykarmak, ösdürmek we olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän taslama-döredijilik bäsleşikleri-de aýdyň mysaldyr. Ine, şolaryň biri-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan şu ýylyň 15-16-njy martynda geçirilen, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde guralan ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyrydyr. Bu bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň okuwçylaryň tebigy zehin-başarnygyny ösdürmek, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky talaplaryny berjaý etmekden, olary hünäre ugrukdyrmak hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanýan zehinleri ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybarat boldy. Elbetde, zehinli okuwçylaryň ylmy-döredijilik taslama işlerinde milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamynda öňde goýýan wezipeleridir bildirýän talaplary, döwrebap ösüşiň ugurlary özboluşly beýanyny tapýar.

Ylymly ýaşlar — watan daýanjy

Ýurdumyzda watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ahlak ýörelgelerine wepaly ýaş nesilleri kemala getirmek baş wezipeleriň biridir. HormatlyPrezidentimiziň taýsyz tagallalary, döredijilikli syýasaty bilen bu ugurda asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Ýurdumyzda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlaryň okamagy, terbiýe almagy, beden, ruhy taýdan ösmegi bilen bir hatarda, kesp-kär edinmegi, maşgala gurmaklary, ylymlar dünýäsine aralaşmaklary, telekeçilik bilen meşgullanmaklary, iş bilen üpjünçiligi bellenilýär. Döwlet derejesinde şeýle uly üns berlip, olaryň her biriniň alada bilen gurşalmagy ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Berkarar döwletimize, abadan, asuda ýurdumyza bolan buýsanç, guwanç duýgularyny goşalandyrýar. Olaryň hormatly Prezidentimiziň, mähriban Watanymyzyň, agzybir ilimiziň öňündäki perzentlik borçlaryna wepalylyk duýgularyny artdyrýar. Döwletimizde ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy olaryň ylymly-bilimli bolmaklary bilen baglanyşdyrylýar. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim alyp, ussat hünärmenler, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.

Altyn asyryň altyn zehinleri

Bäherden etrabynda 7-8-nji synp okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrapdaky ähli mekdeplerden gelen okuwçy ýaşlar gatnaşyp, zehin-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Okuwçy ýaşlar bäsleşige dersleriň onusy boýunça gatnaşdylar. Bäsleşik türkmen dili, iňlis dili, rus dili dersleri boýunça etrapdaky 30-njy orta mekdepde, taryh, himiýa, biologiýa dersleri boýunça 28-nji orta mekdepde, matematika, fizika, informatika, geografiýa dersleri boýunça 1-nji orta mekdepde geçirildi. Mekdepleriň döwrebap enjamlar we görkezme esbaplary bilen doly derejede üpjün edilen ýagty otaglary bäsleşigiň ýokary derejede geçmegini üpjün etdi.

Sanly bilim ulgamy giň mümkinçilikleri açýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, bedenterbiýe hem-de sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim we ylym, edep-ekram düşünjeleri ynsanyň iň gowy gylyk-häsiýetlerini, belent adamkärçiligini, ahlak sypatlaryny özünde jemleýär. Olar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň görnüşini kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary, wezipeleri, görnüşleri, usullary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Maşgalanyň, bilim ojaklarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Körpeler bilen utgaşdyrylan sapaklary guramak

Mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan çagalaryň beden, akyl, ahlak, ruhy taýdan sagdyn we kämil bolmagy üçin terbiýeçi işini gün tertibi esasynda guramaçylykly alyp barmalydyr. Bu ýerde çaganyň ene-atadan soňky hossary terbiýeçi bolup durýar. Ol ilki bilen çagany özüne öwrenişdirmelidir. Munuň üçin onuň ugurtapyjylygy, çaganyň ünsüni gyzykly zatlara sowup bilmegi gerek. Irki ýaşdaky çagalara berilýän terbiýäniň esasylarynyň biri hem beden terbiýesidir. Ilki bilen çaganyň saglygy barada alada etmeli. Beden terbiýesini dogry ýola goýmak üçin çaganyň gün tertibini ylmy taýdan kadaly guramaly we alyp barmaly. Körpäniň iýmiti bilen baglanyşykly ýagdaýlar bolsa, onuň ýaş aýratynlygyna gabat gelmelidir. Olar çagalar bagynda hem ukusyny wagtly-wagtynda almalydyr. Ol gowy ukusyny alsa, açyk howada gezelenç etse nahary hem işdämen iýýär. Körpäniň çagalar bagyndaky gün tertibi bilen maşgaladaky gün tertibi berk baglanyşyklydyr. Çaganyň ata-enesinden onuň öýdäki ýagdaýlary bilen terbiýeçi gyzyklanyp durmaly. Irki ýaşdaky çaganyň beden terbiýesiniň dogry guralmagy olaryň akyl taýdan kämil ýetişmegine ýardam edýär.

Nusgawy kitaplaryň çaga terbiýesindäki orny

Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim ulgamyny täze kitaplar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Kitap ynsan ömrüne many çaýýar, adamzadyň dünýä sygmaýan paýhasyny kiçijik dörtburçluga salyp elimize berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Kitap ahlak, edep medeniýetinde iň ýokary derejeli kämillik mekdebi bolup, ýaşaýşa aň ýetirişiň dury akabasydyr, irki eýýamlardan başlap, ýaşaýan döwrüne çenli döredilen ähli pelsepeleriň we beýik taglymatlaryň özenini özüne siňdirendigi sebäpli dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlary öz daşyna jemlemek güýjüne eýedir. Kitap okap, hakykata göz ýetirmek, pähimli pikirlere uýmak ähli ynsanlary birleşdirýär» diýip belleýär. Pähim-paýhasy özünde jemleýän ajaýyp kitaplar bu günki gün ruhy hazynamyza öwrülip, her bir ynsanyň durmuşyna gözellik nuruny çaýýar. Has dogrusy, kalbyňda ylham joşguny şineläp başlaýar. Şeýle-de kitaplarda geçmişiň beýany, şu günüň şuglasy, geljegiň ýagty daňy öz beýanyny tapýar. Dünýä akyldarlary kitap barada ajaýyp jümleleri miras galdyrypdyrlar. Hawa, kitap gözýetimiňi giňeldýär, durmuşda dogry ýoly salgy berýär. Kitap — özüňe ynam etmegiň çeşmesi. Şonuň üçin-de adamlar kitabyň gadyryny bilip, ony özlerine ýakyn dost tutunýarlar. Kitap okamak uly bagtdyr. Kitap teşneligiňi gandyrýan bilimleriň çeşmesidir.

Hytaý dilinde terjimäniň aýratynlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan dünýä dillerini öwretmek işi özüniň iň nusgawy ugurlaryny kemala getirýär. Dil öwrenmegiň esasy açarlarynyň biri hem terjimedir. Dil öwrenilip başlanylandan, eýýäm öwreniji terjime etmäge girişip başlaýar. Terjime diňe bir dil öwrenijiniň sözlük baýlygynyň artmagyna däl, eýsem, öwrenýän diliniň ýurdunyň medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny öwrenip, dünýägaraýyşlarynyň has-da giňemegine ýardam berýär. Terjimede islendik diliň özüne mahsus bolan birnäçe aýratynlyklary bolýar. Şunda esasy faktorlaryň biri hem onuň manysynyň anyk hem dogry bolmagy, ýagny takyklygy örän wajypdyr. Şol sebäpli, terjime edilende diliň özüne mahsus bolan dürli grammatiki, semantiki, leksiki aýratynlyklaryny, olaryň arasyndaky arabaglanyşygy tapawutlandyryp, okyja dogry manyly terjime bermek zerurdyr. Ösen ýurtlaryň biri bolan Hytaýda hem terjimeçilik işi öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Terjimeçilik işiniň üç müňýyllyk taryhy bar. Bu bolsa Hytaýyň milli medeniýetiniň ösmeginiň esasy guraly bolupdyr. Has irki döwürlerde hem Hytaýda terjimeçilik käriniň bolandygy barada subutnama getirýärler.

Kuwwatly Watanyň daýanjy

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegi buýsanjymyzy artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde ylym-bilim maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şol ajaýyp binalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap bilim ojaklarynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, işbaşarjaň, maksada okgunly, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Biziň baş maksadymyz ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekden, olaryň bilim derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ylymly-bilimli bolmak diýen düşünje juda köp zady özünde jemleýär. Başlangyç synplarda çagalaryň sözleýiş, okamak endiklerini ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir. Mugallym çagalaryň diňe bir okap bilşine däl-de, okaýan zatlaryny pikir eleginden geçirip bilşine hem üns bermelidir. Çaga bu iki tilsimi deň derejede özleşdireninde, okuw doly manysynda öz maksadyna ýetýär. Başlangyç synplarda innowasion tehnologiýalaryň, hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgat berlen şahsy kompýuterleriň talabalaýyk ulanylmagy okuw-terbiýeçilik işiniň döwrüň talaplaryna laýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär. Ýaş nesle döwrebap derejede bilim bermegimiz, sowat öwretmegimiz üçin ähli şertler

Beýik bagtyň waspy çagalaryň ýüreginde

Berkarar Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda hem täsirli bäsleşikleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Olara mekdebimiziň mugallymlarydyr okuwçylary hem şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Bu bäsleşiklere niýetlenip döredilýän we ýerine ýetirilýän täze sungat eserleri şol bir wagtyň özünde biziň mekdebimiziň şanly toýumyza sowgadyna öwrüler. Häzirki wagtda mekdebimizde welaýat medeniýet müdirligi we welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan yglan edilen bäsleşikleriň 8-sine taýýarlyk görülýär. Bu bäsleşikler mekdebiň mugallymlaryny we okuwçylaryny «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has jogapkärli işlemäge ruhlandyrýar.

Sanly bilim — giň mümkinçilikler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwre laýyk derejede kämilleşdirmek maksady bilen 2017-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bagtyýarlyk döwrümizde bu Konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleri, hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrm

Bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ösen ylym-bilim gurşawyny döretmek bilen bagly işler döwrüň talaplaryna görä alnyp barylýar. Diýarymyzyň milli bilim ulgamy hormatly Prezidentimiziň düýpli özgertmeleri esasynda döwrebaplaşdyrylmak bilen bir hatarda, ösüşiň täze belentliklerine çykaryldy. Milli bilim ulgamynyň ýokary derejede ösdürilmegi onuň halkara hyzmatdaşlykdaky ornuny has hem ýokarlandyrdy. Munuň özi ylmy önümçiligi ýola goýmakda we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde uly üstünliklere giň ýol açdy.

Ýollarymyz rowan ― geljegimiz dowam!

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan «Ýollarymyz rowan — geljegimiz dowam!» atly bäsleşik geçirildi. Oňa 7-8-nji synplarda bilim alýan okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşigiň öňünde mekdep okuwçylarynda paýtagtymyzyň köçelerinde özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady durýar.

Halypalar ýagşylykda ýatlanýar

Hormatly Prezidentimiz: «Ylym hem-de bilim halkymyzyň eşretli durmuşynyň, bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr. Mugallymçylyk adamzat durmuşynyň irki döwürlerinden bäri iň abraýly, hormatly kärleriň biridir. Bilim berýän adam aýratyn hormat-sylaga mynasypdyr» diýýär. «Zähmet soňy rehnet» diýlişi ýaly, edýän işiň halal bolanda, ol özüniň netijesini görkezýär. Her bir hünär özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Käriňe yhlasly bolmak ynsanperwerlikden, abraý-mertebeden nyşan.

Kitap — ylham çeşmesi

Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri ýurdumyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülip, mähriban halkymyzyň ýagty geljegi, aýratyn hem, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek babatda uly mekdep bolup durýar. Mähriban Prezidentimiz: «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly ajaýyp kitabynda «Häzirki zaman Türkmenistan — Garaşsyz, Bitarap ýurt, Merkezi Aziýa sebitinde depginli ösýän döwlet. Ol ägirt uly tebigy baýlyklara, önümçilik kuwwatlyklaryna, gurluş we adam mümkinçiliklerine, giň ýaýbaňlandyrylan ulag-aragatnaşyk ulgamyna eýe» diýip bellemek bilen, ata Watanymyzyň giň gerimli mümkinçiliklerine ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän ykdysady we durmuş ulgamlary bilen bir hatarda, jemgyýetimiziň medeni hem-de aň-bilim ugrundaky ösüşleri dogrusyndaky döredilen şertler, amala aşyrylýan ägirt uly işler halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Mähriban halkymyzyň taryhy hem-de ruhy ösüşlerine aýratyn uly täsirini ýetiren Oguz han atamyzdan başlap, Gorkut ata, Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Keýmir kör serdar, Magtymguly Pyragy ýaly şahsyýetleriň bitiren beýik işleri, döredijiligi, mukaddes ýol-ýörelgesi biziň üçin tapylgysyz miras, genji-hazyna bolup durýar. Bu ýol-ýörelgeler bu günki gün döwletimiziň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk mukaddeslikleri bilen berk baglanyşyp, döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer, parahatçylyk

«Ýylyň mugallymy — 2021»

USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Okuwçylaryň döwrebap bilim almagy, ösen, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek üçin dürli bäsleşikler geçirilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Zehin zehinden zyýada Ýaş nesle döwrüň talabyna laýyk derejede bilim bermek, ýaşlary dürli hünärlere ugrukdyrmak hem-de Watançylyk ruhunda ýetişdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Şeýle hem zehinli okuwçy-ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler guralýar.

Aýdyň wezipeleri nazarlap

Şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmek we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň ähli pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatlarynda gazanylan netijeler düýpli seljerildi we ösüşiň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Munuň özi dünýäde dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň öňde goýan çylşyrymly wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda örän möhüm, netijeli usullary öňe çykardy. Hormatly Prezidentimiz 8-nji fewralda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Diýarymyzyň durnukly we depginli ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýelemegiň wajypdygyny aýratyn nygtady. Elbetde, amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijeliligi köp babatda ýaşlaryň bilim derejesine baglydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bilim we ylym döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde onuň düzümleri tarapyndan

Çagalar — ýagty ertirimiz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly, ýokary aň-düşünjeli, kämil nesli kemala getirmek ugrundaky tagallalar barha rowaç alýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda çagalar baglarydyr mekdepleriň täze, döwrebap binalarynyň gurulmagy hem-de olaryň häzirki zaman okuw enjamlarydyr esbaplary bilen üpjün edilmegi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna getirýär. Çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa-interaktiw enjamlar bilen üpjünçiliginiň ýokary bolmagy sanly ulgama geçilýän döwürde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bilimiň ähmiýetini we mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de hilini dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen bu tagallalar uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurdaky giň mümkinçilikler bilim işgärlerine ylmyň täze gazananlaryndan we okatmagyň täzeçil usullaryndan netijeli peýdalanmaga, şeýlelikde ählitaraplaýyn ösen, bilimli nesli ýetişdirmäge ajaýyp şertleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, m