Tehnologiýalar merkezi: döwrebap tejribeler we innowasiýa hyzmatdaşlygy
28-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi habar berlip, merkeziň binýadynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Munuň özi Tehnologiýalar merkezinde düýpli ylmy barlaglary alyp barmak işini höweslendirmekde, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda täze üstünliklere badalga berýän möhüm ädimdir.