"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Jumle-jahan habarlary

Stratosferadan surata düşürdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona uçuşlaryny Hitroudan Gatwik howa menziline geçirýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Londonyň Hitrou howa menziline amala aşyrylýan uçuşlary Londonyň Gatwik howa menziline geçirmek meýilnamasyny yglan etdi. “AeroRoutes” portalynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, “Boeing 777-200LR” kysymly uçar 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinden başlap bu ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. T5423 belgili uçuş Aşgabatdan 12:00-da ugrap Londonyň Gatwik howa menziline sagat 15:10-a barar we ertesi T5424 belgili yzyna uçuş Londondan 16:55-de uçup, Aşgabat Halkara howa menziline sagat 3:00 geler.

Bangladeşde diňe zenanlardan durýan ekipažly uçar uçuşy amala aşyrdy

Bangladeşde Halkara zenanlar güni mynasybetli, diňe zenan uçarmanlar tarapyndan dolandyrylýan uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada «MIR 24» habar berýär. Uçar ýurduň paýtagty Dakkadan Saud Arabystanynyň Dammam şäherine uçdy.

Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň sany artdy. Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Aşgabatdan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäherine “Boeing 777-200 LR” kysymly häzirki zaman uçary ilkinji uçuşy amala aşyryp, ol täze ugur boýunça ýola goýlan howa gatnawlarynyň başyny başlady.

Kitaplar hazynasy

Dünýäniň iň uly kitaphanasy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Kongres kitaphanasy ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýär. 1800-nji ýylyň 24-nji aprelinde ilkinji okyjylaryna gapysyny giňden açan bu kitaphananyň binagäri Tomas Jeffersondyr. 3 sany binadan ybarat bolan kitaphanada millionlarça kitap, film, wideo, ses ýazgylary, suratlar, gazetler, kartalar we golýazmalar bar. 1350 kilometr kitap tekjesi bolan kitaphanada 3000-den gowrak işgär zähmet çekýär. Kongres kitaphanasynda 470-e golaý dilde 33 milliondan gowrak kitap ýerleşdirilendir.

Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara forum geçiriler

Şu ýylyň 27-28-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär. 1-nji martdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylmagyna görä, bu foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurduň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Wekillere Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler.

Aşgabatdan Stambula hepdede 11 gezek uçuṣ amala aṣyrylar

Şu ýylyň aprel aýynyň 1-den başlap Stambul – Aşgabat we Aşgabat –  Stambul ugry boýunça ýene-de 2 sany uçuş saparlarynyň goşulandygyny Size habar bermek isleýäris. Indi tomusky täze tertibe laýyklykda bu ugur biýunça hepde de jemi 11 sany gatnaw amala aşyrylar. Bu barada “@eshretli_travel” habar berÿar. Uçarlar hepdäniň her güni:

Ispaniýada golaý aralyga howa gatnawlary ýatyrylar

Ispaniýanyň parlamenti ýolagçy otly gatnawynyň wagty 2,5 sagatdan geçmeýän gysga aralyga amala aşyrylýan içerki howa gatnawlaryny ýatyrmak bilen bagly kanunyň taslamasyny taýýarlaýar. Bu barada euro-pulse.ru saýty habar berýär. Ýatyryljak howa gatnaw ugurlarynyň sanawy heniz yglan edilmedi, ýöne Madridden Barselona, Alikantä, Malaga, Pamplona, Santýago de Kompostela hem-de Walensiýa guralýan uçuşlaryň, şeýle hem Barselona bilen Walensiýanyň arasyndaky gatnawyň ýatyrylmagy örän mümkin hasaplanylýar.

Türkmenistanda internet sahypalarynyň sanyny köpeltmek boýunça işler amala aşyrylýar

1-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Raýat awiasiýasynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ilerleýär

3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.  Duşuşygyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýäniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. 

2023-nji ýylda Özbegistana haýsy ýurtlardan köp syýahatçy geldi?

Özbegistanyň statistika komitetiniň habar bermegine görä, geçen ýylda daşary ýurtly syýahatçylarynyň sany 6,6 million adama ýetipdir. Bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 1,4 million köpdür. 2021-nji ýylda bolsa 1,8 million syýahatçy barypdyr. Geçen ýyl Özbegistana gelen syýahatçylaryň 90 göterimden gowragy GDA-nyň bäş ýurduna degişlidir. Has dogrusy, Täjigistandan 2,15 million, Gyrgyzystandan 1,75 million, Gazagystandan 1,33 million, Russiýadan 714,3 müň, Türkiýeden 106,5 müň, Türkmenistandan 100,3 müň, Hindistandan 45,5 müň, Hytaýdan 42,5 müň, Koreýa Respublikasyndan 37,1 müň, Germaniýadan 29,6 müň, Italiýadan 25,6 müň, ABŞ-dan 23 müň, Fransiýadan 18,6 müň, Beýik Britaniýadan 16,2 müň, Ispaniýadan 15,2 müň, Belarusdan 15,1 müň, Azerbaýjandan 14,7 müň adam gelipdir.

Dünýä uzaýan ýollar

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyz häzirki wagtda hem dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary saklap, dost-doganlygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ilerledýär. Dürli ýurtlar bilen gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, awiasiýa pudagyndaky gatnaşyklar hem yzygiderli giňeldilýär. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna» laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmek, düzümini täze uçarlar bilen artdyrmak, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzillerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden, hususan-da, «Boeing» kompaniýasyndan uçarlar satyn alynýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, dünýä belli kompaniýa bilen baglaşylan şertnama esasynda şeýle uçarlaryň ilkinjisi geçen ýylyň 4-nji dekabrynda, ikinjisi şu ýylyň 5-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Täze uçarlaryň satyn alynmagy dosta uzaýan ýollaryň örüsiniň giňemeginde hem uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman uçarlarynda amala aşyrylan Aşgabat — Abu-Dabi, Aşgabat — Kuala-Lumpur, Aşgabat — Jidda ugurlary boýunça ilkinji halkara howa gatnawlaryny munuň aýdyň güwäsi hökmünde bellemek bolar. Täze gatnawlar daşary döwletler bilen

«Togsan dolup tamam bolsun gyşymyz»

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň meşhur goşgusyndan alnan bu setirde halkymyzyň pasyllar bilen baglanyşykly garaýyşlary çeper beýan edilýär. Ol togsan günläp dowam eden gyşyň tamamlanýandygyndan, ýere ýyly gidýändiginden habar berýär. Milli senenamamyza laýyklykda fewral aýynyň 21-inde gyş gutaryp, togsan dolýar. Şonda türkmeniň çarwa hasabyna görä aňzakly gyş tamam bolup, pasyllaryň soltany — ýaz hökmüni ýöredip başlaýar. Bu hasaba «togsan doldy» ýa-da «çarwa nowruzy» hem diýilýär. Çarwa nowruzy döwri fewral aýynyň 22-sinden mart aýynyň 20-sine çenli dowam edýär. Bu döwürde maldarlaryň işleri özlerine ýetik bolýar. Olar dowarlardan owlak-guzy alýarlar. Şu döwürde howa diýseň durnuksyz bolýar. Tebigatda bahar alamatlary birbada ýüze çykmaýar, olar dura-bara peýda bolýarlar.

Jümle-jahan habarlary

Bir günde 9 ýurda syýahat etdi

Energiýa enjamy

Gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagyň esasy strategiýalarynyň bir görnüşi Günden alynýan energiýadyr. Emma häzirki wagtda Aý energiýasy, tolkunlar arkaly alyp bolýan energiýa çeşmesi bilen gyzyklanýan kompaniýalaryň hem sany artýar. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan «Minesto» bu ugurda birnäçe maksatnamalaryň üstünde işleýär. Bu kompaniýanyň döreden täze drony beýleki suwasty gämilerden tapawutly bolup, ol suwuň içindäki tolkun hereketlerini energiýa çeşmesi hökmünde peýdalanýar. Gury ýerdäki ýel güýji uçarlary ýaly, «Minestonyň» «Dragony 12» atly enjamy suw akymlaryndan has çaltlaşyp, suwuň aşagynda edil kitler ýaly hereket edýär. Enjamyň göwrümi biraz uly bolup, onuň ganatlarynyň aralygy 12 metre ýetýär, agramy bolsa 28 tonna barabardyr. Emma deňizdäki beýleki energiýa toplaýjylar bilen deňeşdirilende, bu enjam has kiçidir.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryna arzanlaşyk yglan edýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan täze açylan we ýerine ýetirilýän Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat, we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli, awiabiletlere ýeňillikler girizdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýa göni uçuşlary ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň (Malaýziýa) arasynda täze uçuş hyzmatyny açdy. Bu barada HHM habar berýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatdan Kuala-Lumpur şäherine uçuşlar sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar. Malaýziýadan Türkmenistana uçuşlar bolsa çarşenbe we penşenbe günleri meýilleşdirilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary Kuala-Lumpurda dabaraly garşylandy

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy dabara bilen garşylandy. Ilkinji uçuşy ýerine ýetiren uçaryň ekipaž agzalaryny we 228 ýolagçyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri Dato Şri Tiong King Sing garşyladylar. 15-nji martdan başlap, degişlilikde 289 we 368 orunlyk Boeing 777-200LR hem-de 777-300ER kysymly ýolagçy uçarlar Aşgabat we Kuala-Lumpur şäherlerine hepdede iki uçuşy ýerine ýetirerler. Aşgabatdan her hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýan bu täze ýolagçy uçar ugry Malaýziýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň arasynda howa gatnawlaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabatdan Kuala-Lumpuryň arasyndaky uçuşyň dowamlylygy 8 sagat 10 minut dowam edip, Malaýziýanyň paýtagtyna iň tiz amatly syýahaty üpjün edýär.

Jümle-jahan habarlary

Hindistanyň iň uzyn deňiz köprüsi

Suwasty muzeý

Heýkeltaraş Jeýson de Kaires Teýlor birnäçe ýyl bäri döreden heýkellerini deňiz düýbüne ýerleşdirýär. Şeýlelikde, Meksikanyň Karib deňziniň kenaryndaky Kankun şäheriniň töweregindäki deňiz düýbünde suwasty muzeýi döredildi we häzirki wagtda muzeýde 450-den gowrak heýkel ýerleşýär. 2010-njy ýylyň noýabr aýynda suwda 8  metr aşakda ýerleşdirilen «Sessiz ewolýusiýa» atly eser köplerde gyzyklanma döredýär. Jemi agramy 200 tonna bolan heýkeller 420 inedördül metr meýdany tutýar. Çylşyrymly gurluşy bolan merjen gaýalary bolsa köp jandarlaryň ýaşamagy, iýmitlenmegi we gizlenmegi üçin amatly şertleri hödürleýär. Dünýäniň iň uly suwasty muzeýi adyna eýe bolan Kankun iki galereýadan ybarat. 8 metr çuňlukda ýerleşýän ilkinji galereýa çümüjilere we ýüzüjilere niýetlenilip döredildi. 4 metr çuňlukda ýerleşýän ikinji galereýa bolsa myhmanlara ýörite gaýyklarda synlamak üçin döredildi. Mundan başga-da, birnäçe suwasty muzeýleri üçin eserler döreden Teýlor «Biziň neslimiz 20  ýyldan bäri tiz ösýän tehnologik, medeni we geografik üýtgeşmelere şaýatlyk edýär. Şol pursatlary hem şu eserler bilen görkezmek isledim» diýip belleýär.