"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän «Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilmegi taryhy ýylyň buýsançly seneleriniň birine öwrüldi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary welaýatymyzda hem uly ruhubelentlige beslenýär.

Milletiň döredijilik kuwwaty

Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda medeni mirasymyzy ylmy jähetden öwrenmek, sungatymyzy dünýä ýaýmak üçin uly aladalar edilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän milli medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýulmagy medeniýet we sungat işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Türkmen tans sungaty hem öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. “Küştdepdi” tansyny alyp görenimizde, ol geçmişden geljege uzaýan sungatdyr. Häzirki taryhy döwürde bu sungat täze röwüşde dowam etdirilip, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi milli tans sungatymyzyň giňden tanalýandygyny subut etmek bilen, agzybir halkymyzyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Äleme şugla saçýar medeniýetim, sungatym

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň  hem-de Magtymguly Pyragynyň şygrýet güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Diýmek, milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki mynasyp orny nusgalykdyr. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň şeýle wajyp orny göz öňünde tutulyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde durmuşa geçiren beýik işleri, badalga beren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynda üstünliklere beslenýän ilhalar tutumlaryň berk binýadydyr. Döwlet derejesinde edilýän şeýle giň gerimli aladalaryň netijesinde, halkymyzyň şöhratly geçmişini, medeni ösüşini özünde jemleýän Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň

Arkadag şäheri toýa beslenýär

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly çäreleriniň biri-birine ulaşýan günlerinde sebitdäki ilkinji «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Täze şäherde ilkinji sapar geçirilýän bu ajaýyp sungat baýramyna gatnaşmak bagty miýesser eden bagtyýar raýatlaryň biri hökmünde hepdeligiň çäginde guralýan çärelere şaýat bolanyňda, parahat ýurdumyzyň, agzybir halkymyzyň abraý-mertebesiniň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýaýylýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtamak isleýärin.

Dabarasy dünýä dolýan hepdelik

Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, ýylyň-ýylyna geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Hepdeligiň çäklerinde döredijilik işgärleriniň eziz Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp edýän çykyşlaryna uly orun berilýär. Taryhymyza zer harplar bilen ýazylýan şanly wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, eziz Diýarymyzyň mertebesini artdyrýar. Çünki dost-doganlygy berkidýän medeniýet we sungat parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ruhubelentligiň buşlukçysy bolup, kalplary buýsanja besleýär. Şu günler Arkadag şäherinde badalga berlen Medeniýet hepdeligi hem uly dabaralara beslenýär. Bu medeni baýramçylyk milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze eýýamda ösüşlere beslenýändiginiň subutnamasy bolmak bilen, ruhy--ahlak gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň häzirki döwürde barha baýlaşýandygyny görkezýär.

Geljekki nesilleriň medeni merkezi

Türkmen sazandalary tebigatyň täsin hiňlenýän owazyny dutaryň kirşine geçirip bilen halk. Ýagyş-ýagmyrlaryň, guş-gumrularyň ýakymly heňlerini syrly notalara salyp, gargy tüýdükde sähralary ýaňlandyrýan jadyly sazlary döreden millet. Şol syrly notalar türkmeniň aňyna ýazylan. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip wagtyň synagyndan geçip, ol bu gün ajaýyp zamananyň  ýakymly sazy bolup, şadyýan aýdymy bolup ýaňlanýar. Bu duýgy medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gapysyndan ätlän her bir ynsanyň köňlünde täsin oýlara atarýan bolsa gerek. Säheriň sawa çagynda, medeniýetiň baýramynda, paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasynda hem äşgär duýuldy. Bu medeni merkeziň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyz sanly ulgam arkaly gatnaşyp, bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Merkeziň geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, halkyň ruhy galkynyşynda, beýik ösüşlerimizi wasp etmekde medeniýete we sungata uly ornuň degişlidigini aýratyn belledi.

Şatlyga beslenýän şowhunly günler

Gojaman Köpetdagyň eteginde, türkmen tebigatynyň iň bir ajaýyp künjeginde ýerleşýän ýaşlygyň hem geljegiň şäheri gözel Arkadagda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýär. Hepdeligiň şu gününde, ýagny 26-njy iýunda ir säher bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary» atly maslahat hem-de neşir önümleriniň sergisi geçirildi. Maslahatda kitaphana işgärleri işleri täzeçe guramagyň ýollary hakynda özara pikir we tejribe alyşmaga giň mümkinçilik tapdylar. Neşir önümleriniň dürli görnüşlerini öz içine alan sergi hem köp adamly boldy.

Zehini zereň ýaşlar

26-njy iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin» diýen sözleri döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň göwün bossanyny gülletdi. Ýeňijileriň arasynda Maksat Bugraýew, Toýly Muhammetdurdyýew, Gurbansähet Gurbansehedow, Nury Sakçyýew, Annadurdy Täşliýew, Rahymberdi Annagulyýew, Aýnabat Myradowa ýaly tanalýan ýüzleriň bolmagy türkmen edebiýatynyň we sungatynyň öňküden-de galkynýandygyndan nyşandyr.

Baý mazmunly sungat baýramy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň hataryny artdyran Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününde geçirilen çäreler hem baý many-mazmuna, ýokary ruhubelentlige beslendi. Şol gün irden muzeý işiniň hünärmenlerinden, döredijilik işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat topar Paryzdepe taryhy ýadygärligine bardy. Bu ýerde «Taryhy-medeni ýadygärliklerde 2023-nji ýylda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň ähmiýeti» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty guraldy.

Medeniýet hepdeligi — 2024: dördünji gün

Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün ýurdumyzda taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek babatda giň gerimli işleriň ähmiýetini açyp görkezýän hem-de milli medeniýetimizde, şol sanda sirk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi. Medeni forumyň muzeý işiniň hünärmenlerinden, döredijilik işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat topary irden Paryzdepe taryhy ýadygärligine bardylar. Bu ýerde “Taryhy-medeni ýadygärliklerde 2023-nji ýylda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň ähmiýeti” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty geçirildi.

Sungat döredijilik gözlegleri bilen bakydyr

Medeniýet hepdeligi — 2024: dördünji gün Arkadag şäheri, 25-nji iýun (TDH). Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün ýurdumyzda taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek babatda giň gerimli işleriň ähmiýetini açyp görkezýän hem-de milli medeniýetimizde, şol sanda sirk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi.

Sungat döredijilik gözlegleri bilen bakydyr

Medeniýet hepdeligi — 2024: dördünji gün Arkadag şäheri, 25-nji iýun (TDH). Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün ýurdumyzda taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek babatda giň gerimli işleriň ähmiýetini açyp görkezýän hem-de milli medeniýetimizde, şol sanda sirk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi.

Medeniýetiň toýun tutýar Arkadag, hemmeleriň ruhy belent, keýpi çag

Gojaman Köpetdag bilen bereketli Garagum sährasynyň arasynda ak mermere beslenip oturan Arkadag şäheri uzaklardan seredeniňde kölde erkana ýüzüp ýören ak guwa meňzeýär. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamyndan kemal tapan «akylly» şäher geçen bir ýylyň içinde dürli medeni çärelerdir ylmy maslahatlaryň, forumlardyr festiwallaryň geçirilýän merkezi hökmünde halkara giňişliginde ykraryny tapdy. Bu günler bolsa Medeniýet hepdeliginiň myhmanlaryna giňden gujak açan täze şäheriň arassa asmanynda ýaňlanýan hoş owazlar bütin dünýä ýaň salýar. Ol owazlary diňlän islendik milletiň wekili toý tutmak däbimize haýranlar galyp, halkymyzyň parahatçylyk söýüji häsiýetine, kalp gözelligine göz ýetirýär. Aslynda, şatlyk-şagalaňa uly gadyr goýýan sahy hem şahandaz halkymyz ähli zamanlarda-da toýuny toý şekilli geçirip, baýramlaryny dabara besläpdir. Bu barada taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly jahankeşdelerdir ýazarlar hem öz işlerinde beýan edipdirler. Olaryň ýazgylarynda toý edýän türkmeniň elinde baryny sahylyk bilen orta dökýändigi, toýlarda at çapyşygy, göreş ýaly dürli ýaryşlaryň geçirilýändigi we ýeňijilere uly baýraklaryň gowşurylýandygy, şeýle hem milli oýunlaryň oýnalýandygy, toýa gelenlere halat-serpaý ýapylýandygy haýran galmak bilen beýan edilýär.

«Şäherleri şa gyzynyň gupbasy»

Arkadag şäheri — ak geljegiň şäheri Bu gün Gurbannazar Ezizowyň «Şäher guruň, penjiresi giň bolsun» diýen setiri öz beýanyny tapdy. Awara durnalaryň ganaty degýän belent jaýlary özünde jemläp, Oguz topragynda, Köpetdagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Arkadag şäheri bina boldy.

Döredijiligiň dabaraly toýy

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýylymyzyň 22-nji iýunynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, edebiýatçy alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Hepdeligiň dowamynda guralýan medeni çäreler täsirliligi bilen ýatda galýar. «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahatynda, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisinde ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilikler döredildi. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna eseriniň, «Magtymguly» operasynyň görkezilişi, kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy, şeýle hem «Kompozitor» atly filmiň görkezilmegi medeni foruma gatnaşyjylara ajaýyp sowgat boldy. Ýazyjy-şahyrlaryň «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly şygryýet agşamy, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, žurnalistleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň gatnaşmagyndaky maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar köňüllere ylham paýlady. Döredijiligiň baýramy bolan Medeniýet hepde

Magtymgula barýan ýollar

Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna — türkmen halkynyň dana ogullary Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň guburyna zyýarata gidýän edebiýat we sungat, medeniýet işgärlerinden ybarat türkmen wekiliýetiniň düzümine goşulandygymy aýdanlarynda begenjimden ýaňa depäm gök diredi. Aşgabat demir ýol menzilinden dabara bilen ýola düşenimizde, biziň bilen gidip barýan ak sakgally, nurana gojalaryň biriniň aýdan sözi ýüregime jüňk boldy: — Öňki döwrüň taryhçylary taryhy wakalary ýazanlarynda aýratyn şanly wakalary altynsow reňkli zagpyran syýa bilen ýazýan ekenler. Şu günem altyn harplar bilen ýazylmaly gün! — diýdi.

Medeniýet ulgamy — milli ruhuň aýnasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22 — 27-nji iýun aralygynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen halkynyň gadymy geçmişinden miras galan milli ýörelgeleri bilen şu günüň gymmatlyklaryny şöhlelendirýän medeni çärelere, baýramçylyk şowhunlaryna beslenýär. Bu baýram milletiň taryhy-medeni mirasyna goýulýan beýik sarpanyň nyşany bolup, ol Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Bu ýyl bu döredijilik baýramy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň şanyna ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilýär.

Kalplar joş alýar

Şu günler Arkadag şäherinde giň gerim alan Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň ähli ýerinden bolşy ýaly, welaýatymyzdan hem medeniýet ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Şeýle toýly, baýramly günde olaryň ýürek buýsançly sözlerini eşitmek has-da ýakymly. Tirkiş AMANGELDIÝEW, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» folklor etnografik-tans toparynyň artisti:

Köňülleri buýsandyran ajaýyp sowgat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň dabaralara beslenýän günlerinde, has takygy, 25-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka medeniýet we sungat işgärlerini tüýs ýürekden buýsandyrdy. Bu dabarada ata Watanymyzy we häzirki ajaýyp döwrümizde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli ösüşlerdir özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Medeniýet, sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde oňa gatnaşýanlara, şeýle hem ähli watandaşlarymyza sowgat boldy. Şeýle hem belent ruha beslenen aýdym-sazlarda we ajaýyp çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň häzirki döwürde ýeten belent derejesiniň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýän asylly, beýik işleriniň waspy ýetirildi.

Sungata belent sarpa

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde halkymyzyň kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklary, milli ýörelgeleri özboluşly beýanyny tapýar. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik üstünliklerini, her bir raýatyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün etmäge goşýan goşantlary nazara alnyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi aýdylanlara şaýatlyk edýär. Merdana türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň baýramy saýylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni jemgyýetde milli jebisligiň, rowaçlygyň, berkararlygyň uly ähmiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Agzybir halkymyz dana şahyryň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlarynyň hasyl bolýan günlerinde ýaşaýar.