"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Medeni habarlar

Bazar öwüşginleri Şu günler Täze ýylyň şatlygy paýtagtymyzdan başlap, welaýatlarymyza çenli ýaşyl arçalaryň reňbe-reň öwüşginlerine beslenýär. Ýöne bazarlardaky sowgatlyklardyr miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşli öwüşginleri has-da täsirli. Bazar içindäki bazary ýada salýan Täze ýylyň özboluşly bazarçalary owadan gutulardyr örme sebetlerdäki üýtgeşik sowgatlyklary bilen kalbyňy heýjana salýar. Ýaşyl arçalar, olaryň dürli bezegleridir jäjekler bazar bolçulygy bilen diýseň sazlaşýar.

Şanly ýyldan Şa serpaýlylar

Toýguly JEPBAROW, Türkmenistanyň halk artisti: — Dana Pyragynyň goşgulary bagşylaryň şirin zybany bilen biziň günlerimize aýdyma öwrülip gelip ýetdi. Meniňem aýdym-saz gorumda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen «Pygan eglenmez», «Ýar gerekdir», «Söhbet ýagşydyr» ýaly aýdymlar bar. Özümem Pyragynyň «Gözüm düşdi», «Bilinmez» ýaly goşgularyna saz döretdim. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, oglum Gulberdi Jepbarow hem beýik akyldaryň şygyrlaryna döredilen aýdymlary aýdýar. Ýakynda Gulberdi bilen Magtymgulynyň birnäçe goşgusyna aýdylan aýdymlary täzeden işledik. Şol aýdymlarymyzy hem halkymyz gyzgyn garşylar diýip tama edýärin.

Bagtdan doly pursatlar

Hüseýin Käşifiniň «Muhsynynyň ahlagy» atly kitabynda: «Mähremlik we sahawatlylyk bazarynda söz sowgady ähli sowgatlardan ýagşyrakdyr» diýen ajaýyp setirler bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň kalbyma melhem bolup ornan pursatlarynyň iň gözelleriniň biri — Gahryman Arkadagymyzyň özüme bagyşlan goşgusyny okamagy. Şol güni ýatlanymda, häzirem gözüme ýaş aýlanyberýär. Şunça ýyllaryň dowamynda yhlasymy, zähmetimi, wagtymy, söýgimi siňdiren toparyma köşk salyp berilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň dür dänesinden düzülen, mähir şerbetine eýlenen, altyn suwy berlen setirleri meni al-asmana alyp gitdi. Akyldar şahyryň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada, şeýle-de Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna we ýadygärlik nyşanlar toplumyna mynasyp görülmegimi bolsa Arşdan gelýän owaza meňzetdim. Ynsan juda begenende hakyda aýnasynyň öňüni geçilen günleriň ýatlamalary tutar ekeni. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden bagt ganatlarynyň joşgunyna henizem gökde pelpelläp ýörşüme, toparymyz bilen Diýarymyzyň toýlaryna, halkymyzyň şatlygyna goşulyp geçilen menzilleri bir-bir gözümiň öňünden geçirýän. Yzda galan menziller barada pikirlendigimçe-de, wagtyň gymmatyna, ýerlikli peýdalandygymyzça, onuň bahasynyň artýandygyna göz ýetirýän. Aslynda ählimiziň Mugallymymyz — Gahryman Arkadag

Af­ri­ka yk­ly­myn­da be­ýik Py­ra­ga sar­pa

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ýer ýü­zü­niň çar kün­je­gin­de — Azi­ýa, Ýew­ro­pa, Ame­ri­ka yk­lym­la­ryn­da dür­li maz­mun­ly çä­re­le­riň 170-e go­la­ýy ge­çi­ril­di. Şa­hy­ryň gym­mat­ly mi­ra­sy ÝU­NES­KO, TÜRK­SOÝ ýa­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­riň hem üns mer­ke­zin­de bol­dy. Şan­ly ýy­lyň ahyr­ky gün­le­rin­de-de türk­men hal­ky­nyň be­ýik og­lu­nyň ady ýe­ne bir tä­ze meý­dan­ça­da — Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ICESCO) ştab-kwar­ti­ra­syn­da ýaň­lan­dy. Go­laý­da şol ýer­de ge­çi­ri­len çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry M.Bä­şi­mo­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Ma­rok­ko Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ra­bat şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) adam­za­dyň mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni go­ra­mak, öw­ren­mek, wa­gyz et­mek ba­bat­da tu­tuş dün­ýä de­re­je­sin­de iş alyp bar­ýan iň esa­sy dü­züm ha­sap­lan­ýar. Tür­ki gi­ňiş­lik­de bu we­zi­pä­ni Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ýe­ri­ne ýe­tir­se, mu­sul­man dün­ýä­sin­de Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­

Goň­şy ýur­duň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si

Paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Iran Ag­ro­food» at­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si, şeý­le hem onuň çäk­le­rin­de Türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Eý­ra­nyň döw­let hem-de söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň, oba ho­ja­lyk, azyk we gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ryn­da, hi­mi­ki we gap­la­ýyş önüm­çi­li­gin­de, lo­gis­ti­ka, bank, söw­da, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 60-a go­la­ýy­nyň we­kil­le­ri bar.

«Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» yg­lan edil­di

Türk­me­nis­ta­nyň Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma teat­ryn­da ge­çi­ri­len «Ýylyň parlak ýyldyzy» at­ly aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da­ky däp bo­lan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň mak­sat­na­ma­sy­nyň aja­ýyp wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan şu ge­zek­ki bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­dan, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­den to­ma­şa­çy­lar köp­çü­li­gi­niň öňün­de öz us­sat­ly­gy­ny gör­kez­mek is­le­ýän 17 — 35 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ze­hin­li ýaş est­ra­da aý­dym­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi bir­nä­çe saý­la­ma tap­gyr­lar­da ge­çi­ril­di. Des­lap­ky tap­gyr­la­ryň do­wa­myn­da emin ag­za­la­ry bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan­la­ryň için­den has ta­pa­wut­la­nan, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik us­sat­ly­gy bo­lan, to­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­za­nan, te­le­to­ma­şa­çy­la­ryň we ra­dio­diň­leý­ji­le­riň has köp se­si­ni top­lan ýaş­la­ry se­çip al­dy­lar. Ola­ryň kö­pü­si eý­ýäm Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­ýän dür­li fes­ti­wal­lar­da çy­kyş edip, tej­ri­be top­la­dy­lar. Bäs­le­şi­giň no­bat­da­ky tap­gy­ry baş baý­ra­

Bilelikdäki filmiň Daşkentdäki görkezilişi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem tamamlanyp barýar. Bu ýylda beýik türkmen şahyrynyň at-owazasy, sözüň doly manysynda, dünýä ýaň saldy. Onuň hormatyna Zeminiň çar künjeginde dürli mazmunly çäreler ýaýbaňlandyryldy. «Magtymguly — biziňem şahyrymyz!» diýýän özbek doganlarymyz bolsa görnükli akyldaryň ýubileýini öz ýurdunda has uludan dabaralandyrdylar. Şu ýylyň fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigi hemmämize mälimdir. Şol Kararda özbek we türkmen kinematograflary tarapyndan şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan filmi surata düşürmek hem möhüm wezipeleriň biri hökmünde bellenildi. Şunlukda, bilelikdäki tagallalar esasynda «Magtymguly Pyragy» atly çeper film döredilip, ol paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň çäginde ilkinji gezek görkezildi. Golaýda bolsa Özbegistanyň Milli kino köşgünde bu film özbek kinosöýüjileriniň dykgatyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, şanly ýylyň dowamynda türkmen kinematograflary Türkiýede, Özbegistanda, Azerbaýjanda, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda bolup, Magtymgula bagyşlanan filmler tapgyryny taýýarladylar. Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, O

Türk estradasynyň meşhur ýyldyzy Aşgabatda

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda türkiýeli tanymal aýdymçy we aktýor Murat Boz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Biz hem 11 ýyllyk arakesmeden soň ýurdumyza ikinji gezek gelen meşhur ýyldyzyň Aşgabat we onuň gözelligi, hoşniýetli adamlaryň özünde galdyran täsirleri hakynda beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. — Ilki bilen, medeniýete, sungata şeýle uly sarpa goýýan adamlaryň, aýdym-saz muşdaklarynyň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş etmäge giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdara çäksiz sagbolsun aýdýaryn. Türkmen halkynyň Milli Liderini, hormatly Türkmenistanyň Prezidentini hem-de ähli türkmen halkyny Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Tomaşaçylara şatlykly pursatlar garaşýar

Täze ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamak ruhubelent halkymyzyň asylly däpleriniň biridir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň medeni ojaklary hem bagtyýar watandaşlarymyz üçin baýramçylyk sowgatlaryny taýýarlady. Baýramçylyk günlerinde teatrlaryň hem sirkleriň myhmanlary boljak watandaşlarymyzy Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk, şeýle hem Japbaklar, Ýartygulak, Akpamyk, akylly Ahmet, Mämmetjan ýaly halk ertekileriniň, milli senenamanyň müçe ýyllarynyň gahrymanlary garşylarlar. Olar bilen surata düşmek çagalar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüler. Zehinlije çagalar Aýazbabadan süýjülik toý paýlaryny alarlar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde Täze ýyla bagyşlanan sahna oýunlarydyr baýramçylyk tomaşalary dekabryň 28-inden 31-ine çenli her gün sagat 19:00-da başlanar.

Tomaşa jaýlarynda

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry: 28-nji dekabrda

Baýramçylyk owazlary

Ýakynda ak mermerli Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli meşhur estrada aýdymçylarynyň konsertleriniň ilkinjisi geçirildi. Şeýle konsertlerde Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň estrada ussatlarynyň birnäçesi çykyş edýärler. Şanly baýramçylyga bagyşlanan konsert dabaralary eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebowyň we Ahmet Atajanowyň, şonuň ýaly-da Annaberdi Orazmämmedowyň çykyşlaryndan badalga aldy.

Ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan gymmatlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda uly üstünlikler gazanylyp, döwrebap, kämil ösüşlere eýe bolunýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň täze belentliklerine götermek babatdaky taýsyz tagallalary bilen berk baglanyşyklydyr. Medeni-ruhy ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde, medeniýet we sungat işgärleriniň öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döretmekde üstünlikli dowam etdirilýän maksatnamalaýyn tutumlar üstünlikleriň gözbaşydyr. Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlaryndan ugur alnyp guralýan medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri ulgamda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini artdyryp, medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga ýardam berýär. Özboluşly ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun almagy hem ulgamy ösdürmekdäki giň gerimli aladalaryň ajaýyp miweleridir. Medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygymyz egsilmezdir.

Ýaş zehiniň üstünligi

Ajaýyp zamanamyzda medeniýete, sungata uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň dürli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyndaky ösüşleri hem dünýä nusgalykdyr. Suratkeşlikde, aýdym-saz bilen meşgullanmakda diňe bir uly ýaşlylaryň däl, eýsem, çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda-da dürli bäsleşikler geçirilip, türkmen ýaşlary üstünliklere eýe bolýarlar. Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ tarapyndan «Ýaş suratkeşleriň gözi bilen Türkmenistan we türki dünýäsi» diýen at bilen golaýda ýaş suratkeşleriň arasynda geçirilen halkara bäsleşik hem muňa mysal bolup biler. Balkanabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begenç Hojagulyýew bu bäsleşige «Änew — 2024» atly heýkel işi bilen gatnaşdy. Ol alty döwletiň oglan-gyzlarynyň arasyndan saýlanyp, baýrakly üçünji orny eýeledi hem-de guramanyň diplomyna we gymmatbahaly sowgadyna mynasyp boldy. B.Hojagulyýew Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde tälim aldy. Ol çeperçilik mekdebinde okan döwründe mekdebiň heýkel mugallymy Durdymämmet Nuryýewden şekil ýasamagyň inçe syrlaryny öwrendi. Halypasyndan öwrenenlerini bäsleşige hödürlän sungat işine siňdirip, onda şöhratly geçmişi dünýä ýaň salan gadymy Änewiň ýaşaýyş-durmuş medeniýetini, taryhyny giňden açyp görkezmegi başardy we bu işi ýaş heýkeltaraşa üstünlik getirdi. Biz hem geljekde Begenje döredijilik

Arzuwlar hasyl bolýar

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde oba-şäherlerimizdäki baş arçalaryň daş-töwereginde baýramçylyk dabaralary guralyp, il-ulsuň şatlygyna şatlyk goşýar. Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki baş arçanyň ýanyndaky şatlykly aýdym-sazly çykyşlaryň hem arasy üzülmeýär. Mekdebimiziň höwesjeň ýaşlary üçin bu günler aýratyn ýakymly. Olar dabaralarda aýdym-sazlar, tanslar bilen çykyş edip, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hezil berýärler. Şonuň bilen birlikde ýaşlar halypalaryň beren bilimlerini näderejede özleşdirendiklerini, kämillikde öz ýeten sepgitlerini barlap görýärler hem-de zehinlerini synagdan geçirýärler. Mekdebimizde ýaşlaryň zehinleriniň taplanmagy üçin sapakdan daşary döredijilik agşamlary, söhbetdeşlikler, konsertler yzygiderli guralyp durulýar welin, ýöne köpçüligiň arasynda çykyş edip, tomaşaçylaryň hormat-sarpasyny, hoşallygyny gazanmak ýaşlarymyzyň kämillik basgançaklaryny üstünlikli özleşdirmeklerine has güýçli täsirini ýetirýär.

Küştdepdi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň he­re­ket­li we söz­li gör­nü­şi bo­lan küşt­dep­di­le­riň dö­reý­şi öz göz­ba­şy­ny ta­ry­hyň çuň­luk­la­ryn­dan alyp gaýt­mak bi­len, bi­ziň hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­myz­da bu tä­sin sun­gat ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän toý­dur-baý­ram­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­ma­gy bi­len, bu halk dö­re­di­ji­lik gör­nü­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­liş or­nu­nyň çä­gi has hem gi­ňe­di. Küşt­dep­di hä­zir ýur­du­myz­da tu­tul­ýan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki toý­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän döw­let de­re­jes­in­dä­ki kon­sert­ler­de küşt­dep­di­ler uly şow­hun bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Küşt­dep­di­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi öň­ki dö­wür­ler­de ýe­ke de­pim, üç de­pim gör­nüş­le­rin­de bo­lan bol­sa, hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de onuň dür­li saz­la­şyk­ly de­pim­le­ri ýü­ze çyk­dy we olar sah­na­da tans­çy­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Öň­ki dö­wür­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň sa­ny iki-üç adam­dan, on-ýig­ri­mi ada­ma çen­li bo­lan bol­sa, hä­zir­ki dö­wür­de açyk meý­dan­lar­da tu­tuş to­par­lar küşt­dep­di­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­ri bo­lup çy­kyş ed­ýär­ler. Bu bol­sa küşt­dep­di­niň he­re­ket­li tans hök­mün­de bar­ha ro­waç­la

Ça­pak tan­sy — sag­dyn­ly­ga we ru­hu­be­lent­li­ge ça­gy­ryş

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tan­syň sag­dyn he­re­ket­ler üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da köp iş­ler ýa­zy­lyp­dyr. Ta­ry­hy ýaz­gy­lar tan­syň örän ga­dy­my sun­gat­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Ça­ga­ly­gy­myz­dan türk­men ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň toý-baý­ram­la­ry­my­zy be­ze­ýän tä­sin tan­sy aňym­da ga­lyp­dyr. Bu tä­sin­lik ça­pak tan­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Gündogar künjegindäki ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den ýaý­ran ça­pak tan­sy mil­li toý­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Ça­pak tan­sy ýaş ge­lin-gyz­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tan­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler giň te­ge­le­gi eme­le ge­ti­rip, onuň mer­ke­zin­de iki ýa-da bir­nä­çe aýal maş­ga­la du­ran ýer­le­rin­de ýu­waş­ja bök­mek ar­ka­ly tan­syň il­kin­ji saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­ni ed­ýär­ler. Ola­ryň el­le­ri­niň aýa­la­ry bi­len ça­pak ça­lyş­la­ry tan­syň ru­hu­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ber­ýär. Bi­ler­men­ler tans he­re­ket­le­ri­niň as­man gi­ňiş­li­gin­de ga­nat ýaý­ýan guw­la­ry ýa­da sal­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

«Peçiz» türkmen milli oýny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türkmen pähimdar, ugurtapyjy, ynsanperwer milletdir. Halkymyz milli gymmatlyklarymyzy asyrlaryň dowamynda gorap saklap Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesillerine miras goýupdyr. Dünýä alymlary türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhy bar diýip belleýärler. Munuň dogrudygyny türkmeniň dünýä swilizasiýasynyň ösüşine täsir eden döwürlerine hem ser salsak, aýdanlarymyzyň dogrudygyny aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Miras — bu ata-babalarymyzyň nesillere goýan ýadygärligi. Şol mirasyň biri hem türkmen milli oýunlarydyr. Ol oýunlar nesil terbiýesinde hem aýratyn orny eýeleýär.

“Aşgabada gelip, çagalygyma dolanýaryn”

Şu günler paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň aýdymçylarynyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly çykyşlary uly ruhubelentlikde dowam edýär. Düýn russiýaly zehinli aýdymçy Olga Şultaýsyň hem-de özbegistanly estrada ýyldyzy Osman Nowruzowyň türkmen aýdymçy-sazandalary bilen bilelikdäki konserti boldy. Bizem Aşgabatda doglan russiýaly aýdymçy Olga Şultaýs bilen söhbetdeş bolup, onuň Täze ýyl gutlaglaryny we paýtagtymyz bilen bagly ýatlamalaryny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. — Aşgabat — durmuşymyň iň süýji günleriniň, çagalyk ýyllarymyň geçen ýeri. Men şu şäherde doguldym, önüp-ösdüm, sungat älemine-de ilkinji gezek şu ýerde gadam basdym. Şonuň üçin bu gözel mekanyň durmuşymdaky ornuny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Aşgabat hakyndaky ýüregimde beslän arzuw-umytlarymy, küýseg-telwasymy «Paýtagt» atly aýdymymda jemlemäge çalyşdym. Geçen ýylky Täze ýyl baýramçylygynda-da ata Watanymda konsert maksatnamasy bilen çykyş etmek miýesser edipdi. Şonda bu aýdymy hut şu sahnada ähli zehin-yhlasymy siňdirip ýerine ýetirmäge çalyşdym. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Bu ýyl bolsa türkmen paýtagtyna bagyşlap «Ak şäherim Aşgabat» atly ýene bir aýdymy döretdim we ony türkmen dilinde ýerine ýetirdim. Bu aýdyma «Näzli» tans topary hem sazlaşykly çykyşy bilen bezeg berdi. Mundan başga-da, şu gezekki konsertd

Täze ýylyň täsin däpleri

Täze ýyl baýramy dünýäniň ähli ýerinde şatlyk-şagalaňa beslenip, uly arzuw-umytlar bilen bellenilýär. Bu baýrama sabyrsyzlyk bilen garaşyp, gapyňy, göwnüňi, gujagyňy açmagyň her ülkede dürli-dürli bolşy ýaly, Täze ýylda berjaý edilýän däp-dessurlar hem biri-birine meňzemeýär. Türkmenistan — bagtyýar mekan

«Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň ähli arzuwlary wysal boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň sarpasynyň belent tutulmagy, onuň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilmegi türkmen halkyny buýsandyrýar. Şunuň bilen bagly düýn 23-nji dekabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüni we dürdäne eserlerini, parasatly pikirlerini täzeden öwrenmekde hem-de onuň at-owazasynyň waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak çäresi geçirildi.