"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Agzybirlik, sahawatlylyk, ynsanperwerlik

Günsaýyn gülleýän Diýarymyzda milli däp-dessurlarymyz berjaý edilip, toý-baýramlarymyz uludan tutulýar. Şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurban baýramynyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýeti bar. Halkymyz her bir ynsany sogap işlere, ynsanperwerlige ruhlandyrýan bu baýrama aýratyn sarpa goýýar. Türkmen halkynyň yslamyň gymmatlyklaryny özüniň ruhy baýlyklary bilen utgaşdyryp, asylly däplerini nesillere miras goýmak ýörelgesi Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde has-da aýdyň görünýär. Bu baýramda halkymyzyň ynsanperwerlik, ruhy päklik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege sylag-hormat goýmak ýaly asylly ýörelgeleri doly ýüze çykýar. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Gurban baýramynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralary kalbymyza egsilmez şatlyk paýlaýar. Asylly däbe eýerip, Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde ildeşlerimiz öz dogan-garyndaşlarynyň, goňşy-golamlarynyň, dost-ýarlarynyň ojagyna myhmançylyga barýarlar, baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan nygmatlardan iýip-içip, ýagşy doga-dilegleri edýärler. Baýram günlerinde hiňňildik uçmak şadyýanlygy, ruhubelentligi döredýär. Hiňňildik uçulýan ýerlerde joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar. Munuň özi adamlara ruhubelentlik paýlaýar, olaryň agzybirligini berkidýär.

Ruhubelentlige beslenen dabara

Eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Köýten obasynda etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy boldy. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, körpeje çagalar hem-de köp sanly oba ýaşaýjylary gatnaşdy. Dabaranyň geçirilen ýerinde saçaklar giňden ýazylyp, gazanlar ataryldy. Bu ýere ýygnananlara milli tagamlarymyz hödür edildi. Bagşy-sazandalar ajaýyp aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdi. Dabaranyň dowamynda hoşniýetliligiň, päkýürekliligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde geçirmäge ähli mümkinçilikleri döreden, ruhy-medeni däplerimize ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýokary taýýarlykly harby hünärmenler Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Däp bolşy ýaly, bu çäre döwlet esaslarynyň mizemezliginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada guraldy. Dabaranyň öňüsyrasynda ömür ýoly türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülen ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň we içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine, şeýle-de “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda pederlerimiziň gahrymançylygynyň, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan ugrunda baş goýanlaryň edermenliginiň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desseleri goýuldy.

Çuňňur hoşallygyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň Gyzylarbat etrabynda bolup, gallaçy babadaýhanlaryň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşmagy hem-de welaýatymyzyň  ilatyna döwrebap hyzmaty ýola goýmak üçin häzirki zaman awtobuslaryny sowgat hökmünde gowşurmagy welaýatyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi. Şu şanly wakalar mynasybetli welaýat häkimligi tarapyndan hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, obasenagat toplumynyň, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri, gallaçy daýhanlar, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşleriň, rysgal-berekediň mekanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary wagtynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslarynyň  200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy şeýle buýsançly durmuş hakykatyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.   

Ruhubelentlige beslenen milli baýram

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy iýunynda Mary şäheriniň «Türkmeniň ak öý binasynyň» ýanyndaky meýdançada welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda mukaddes Gurban baýramynyň toýy uludan tutuldy. Bu ýerde halkymyza mahsus sekiz ganatly ak öýleriň onlarçasy dikilip, küren obany emele getirdi. Ak öýleriň içinde we töwereginde welaýatyň, şäherleriň, etraplaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda halkymyza mahsus toý däp-dessurlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bagşy sazandalaryň mahmal owazlary belentden ýaňlandy. Hormatly ýaşulularymyz keçe-keçe, ýüzük-ýüzük däpleri bilen meşgullansalar, mährem enelerimiz haly dokamak, keçe güllemek, keşde çekmek ýaly däplerimiziň ýerine ýetirilişini görkezdiler. Milli egin-eşikdäki oglanlar we gyzlar bu ýerde dikilen sallançaklarda hezil edip uçdular.

Köňülleriň şahyry

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem türkmen nusgawy edebiýatymyzy ösdürmekde uly mekdepdir. Şahyryň döreden eserleri biz üçin gymmaty egsilmejek ruhy hazynadyr. Şonuň üçin Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýaşlary terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Şu ýyl ― Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda oňa bagyşlanan edebiýat agşamlary, döredijilik adamlary bilen duşuşyklar yzygiderli guralýar. 14-nji iýunda hem Gündogaryň beýik akyldarynyň paýtagtymyzdaky ýadygärliginiň ýanynda «Magtymguly Pyragy ― köňülleriň şahyry» atly ýazyjy-şahyrlaryň dabaraly döredijilik duşuşygy geçirildi. Ony Aşgabat şäheriniň häkimligi gurady.

«Zerim bar, zergärim bar...»

Garaşsyz Watanymyzyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikleriň, Türkmenistan döwletiniň ýer ýüzünde, türkmen halkynyň bolsa dünýä halklarynyň arasynda özüniň mynasyp ornuna eýe bolan günlerinde toýlarymyz biri-birine utgaşyp gelýär. Olara bagyşlanyp, baýramçylyk dabaralarydyr gyzykly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. 14-nji iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen bäsleşik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilelikde gurady. Bu «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşikde Aşgabat, Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan zergärçilik bilen meşgullanýan dürli kärdäki hünärmenler özara ýaryşdylar.

Ýokary taýýarlykly harby hünärmenler Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Däp bolşy ýaly, bu çäre döwlet esaslarynyň mizemezliginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada guraldy. Dabaranyň öňüsyrasynda ömür ýoly türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülen ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň we içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine, şeýle-de “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda pederlerimiziň gahrymançylygynyň, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan ugrunda baş goýanlaryň edermenliginiň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desseleri goýuldy.

Şu gün — Gurban baýramynyň ilkinji güni

Milli hem mizemez ýörelgeleriň, ruhy päkligiň dabaralanmasy Hormatly Prezidentimiziň Gurban baýramyny üç günläp giňden belläp geçmek babatda kabul eden taryhy çözgüdinden ruhlanan merdana halkymyz pederlerimizden miras bolup gelýän asylly däplerimize eýerip, Gurban baýramyny garşy aldy. Her bir mukaddes ojakda baýramçylyga giňden taýýarlykly gelindi. Bu asylly däpleri, halkymyzyň medeni hem ruhy mirasyny dolulygyna açyp görkezmek maksady bilen, ähli ýerde baýramçylyk dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ýola goýuldy.

Baýramçylyk konserti

Gurban baýramynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän ajaýyp pursatlarynda welaýat merkezimizdäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň dabaralar meýdançasynda baýramçylyk konserti geçirildi. Ak öýler dikilip, tärimler gurlup, dürli ugurlara degişli sergileriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy türkmeniň milli ruhy däpleriniň belent rowaçlyklara ýar bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ajaýyp görnüşler baýramçylyk sahnasynda guralan dabaraly çykyşlar bilen özboluşly sazlaşyp, oňa gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren «Pederlerden miras Gurban baýramy» atly edebi-sazly çykyşy baýramçylyk konsertiniň başlangyjyna öwrüldi. Soňra welaýatyň birleşen aýdymçylarynyň we Ruhubelent, Görogly etraplarynyň medeniýet merkezleriniň tans toparlarynyň «Gurban baýramy» atly çykyşy, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýewiň, aýdymçylar Nedirmuhammet Atageldiýewiň, Saýat Nurmedowanyň, Merjen Manadowanyň, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri Myrat Durdyýewiň, Güýçmyrat Atabaýewiň, Gözel Nedirowanyň ýerine ýetiren aýdymlary, Boldumsaz, Akdepe, Köneürgenç etraplarynyň, welaýat Medeniýet müdirliginiň tans toparlarynyň olara utgaşykly ýerine ýetiren tanslary baýramçylyk konsertine ýokary ruhubelentlik, köpöwüşginlilik çaýdy. Çykyşlar täze taryhy döwrümizde halkymyzyň milli hem medeni mirasynyň gülläp

Gurban baýramy mynasybetli

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramyna bagyşlanyp, tegelek stol gepleşigi geçirildi. Aşgabat teleýaýlymynyň alypbaryjysy Gülälek Berdiýewanyň alyp barmagynda guralan gepleşige «Türkmenstandartlar» baş döwlet gullugynyň maliýe-ykdysady bölüminiň baş hünärmeni, ykdysatçysy Gülsün Saparowa, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy Bägül Berdiýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň hünärmeni Gözel Baýnepesowa dagy gatnaşdylar. Gepleşigiň dowamynda ýurdumyzda mübärek Gurban baýramynyň giňden bellenilip geçilýän günlerinde bu baýramyň döreýiş taryhy, yslam dünýäsindäki orny, musulman halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň arasynda bellenilip geçilişi, bu baýramda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar, adatlar, ýörelgeler, halkymyzyň bu baýrama aýratyn ähmiýet bermeginiň sebäpleri, türkmeniň gadym döwürden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan adatlarynyň baýram bilen baglanyşykly ynançlara siňdirilmegi, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli däp-dessurlarymyza, edim-gy

Gowy we dogry dynç alyş

Eýýäm tomsuň ilkinji aýy örküjinden agdy. Köpimiziň tomusky dynç alyş döwrümiz golaýlaýan bolsa, köp adamlar eýýäm dynç alşyny gyzykly geçirýändir. Eýsem her kimiň şahsy aýratynlyklaryna görä, dynç alşyň amatly görnüşini nähili saýlap almaly?! Hatda akyl zähmeti we fiziki zähmet bilen meşgullanýanlaryň hem dynç alşy dürli-dürlüdir. Eger siz işjeň hereketli zähmet çekýän bolsaňyz, rahat dynç almagyňyz ýadawlygyňyzy aradan aýyrmaga kömek eder. Hereketsiz, mysal üçin, günuzyn kompýuteriň başynda oturyp işleýän bolsaňyz, onda size işjeň dynç alyş amatlydyr. Esasy üns bermeli zadymyz iş, döredijilik bilen dynç alşyň wagtly-wagtynda gezekleşdirilmegidir. Şeýle edilmese, adamyň iş öndürijiligi peselýär, rahatlygy bozulýar, özünde agyrlyk duýup başlaýar. Şonuň üçin hem beden sagdynlygy, ünsüň jemlenmegi, gaharjaňlygyň döremezligi üçin dynç alşy dogry, peýdaly we gyzykly geçirmek zerurdyr.

Ynsanperwerligiň, haýyrlylygyň baýramy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän bagtyýarlygynyň saýasynda sahawatlylygyň, agzybirligiň we jebisligiň nuruny dünýä dolduryp, Gurban baýramy dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik tutumlaryna, ýeten belent sepgitlerine buýsanýan il-ulsumyzyň uludan-kiçä hemmesiniň gözlerinde şatlyk alamaty uçganaklaýar. Çünki Gurban baýramynda ildeşlerimize naz-nygmatly baýramçylyk saçagynyň başynda didarlaşmaga, birek-biregiňkä myhmançylyga barmaga, baýramçylyk bilen gutlamaga pursat döreýär. Päk ýürekden çykýan ajaýyp arzuwlar bolsa gursaklara dolup, halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar. Kalby sahawatdan, belent ynsanperwerlikden doly Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu mukaddes baýramyň üç günläp deňli-derejeli bellenilmegi halkymyzyň başyny gök diredýär. «Imanym ýoldaş bolsa, barsam, Käbäni görsem» diýlen sözler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän Magtymguly atamyzyň däl, eýsem, külli türkmeniň baş arzuwydyr. Gurban baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistandan zyýaratçylaryň Mekgä we Medinä haj parzyny berjaý etmek üçin ugradylmagy döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ruhy-ahlak ýörelgelerinine ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Gurban baýramy musulmanlaryň keramatly Mekgä zyýaratyny

Halkymyzyň asylly ýörelgesi

Türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşan taryhy-medeni mirasy, milli däp-dessurlary, gadymy sungaty, senedi bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gaýtadan dikeldilen milli gymmatlyklarymyzyň ählisine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özboluşly öwüşgin çaýyldy. Halkymyz her ýyl Gurban baýramyny uly ruhubelentlikde belleýär. Gurbanlykda beýik Allanyň razylygy üçin halal gazançdan mal soýulýar, dürli tagam-naharlar bişirilip, dogan-garyndaşlar bir supranyň başyna jemlenýär.

Çagalaryň şatlyk-şowhuny

Häzirki sapaly tomus paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde eziz Diýarymyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip, ol şatlyk-şowhuna, ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Ýaş nesilleri tomsuň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki köp sanly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri giňden gujak açyp garşylady. Ol ýerlerde dynç alyp, saglygyny berkidýän bagtyýar çagalaryň her gününiň manyly we gyzykly geçmegi üçin ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşamaklary, dünýäniň ösen, iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda, umumybilim berýän mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, zähmetsöýer, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem tomusky dynç alşa çykan mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlyk-şagalaňly geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Çagalaryň ertirki güni, olar baradaky alada körpeleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky tagallalara baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda halkymyzyň röwşen geljeginiň hut şu günden gözbaş alýandygyna ünsi çekýär. Şonuň üçin hem ýaş nesliň milli gymmatlyklara, däp-dessurlara, duýgy-düşünjelere sarpa goýmak ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda olaryň dynç alyş günleriniň many-mazmunly geçmegine hyzmat edýän ýöriteleşdirilen merkezleriň, çagalar seýilgähleriniň, dynç alyş zolaklarynyň sanyny artdyrmaga, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Magtymguly etrabynda gurlan «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň ýakynda — Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berilmegi-de şeýle asylly işlere ýene bir anyk mysaldyr. Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, oýun enjamlarynyň zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany ýerleşdirilip, maşgala bolup dynç almaga-da ajaýyp mümkinçilik berýär. Mekdebe çenli bilim edaralarynyň işi ýaş nesli orta mekdebe, durmuşa taýýarlamagyň ilkinji basgançagydyr. Onuň çäklerinde çagalara gürlemekden başlap, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dürli endikleri — okamak, ýazmak, hasaplamak, kompýuter tehnologiýalary bilen tanyşmak ýaly sowatlylyk derejelerinden bilimleriň deslapky düşünjeleri öwredilýär. Çagalaryň d

Oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

BODO ŞEFER  (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).-Deýl KarnegiBenjamin Franklin ynjalyksyzlyga garşy nähili göreşipdir -Aşakda Benjamin Frankliniň öz dosty Jozef Pristlä ýazan haty getirilýär. Awtora ýüz tutan dostuny graf Şelberniň mülküne kitaphanaçy wezipesine işe çagyrypdyrlar. Pristlibu babatda Frankline sala salmaly diýen netijä gelipdir. Oňa jogap hökmünde, Franklinýüze çykan meseleleri çözmekde hem-de olar bilen bagly bolýan ynjalyksyzlyga garşy göreşmekde ulanýan usulyny beýan edipdir.London, 1772-nji ýylyň 19-njy sentýabry

1,5 milliondan gowrak musulman haj parzyny berjaý etmek üçin saud arabystanyna bardy

Şu ýyl musulman senenamasy boýunça Gurban aýynda haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanynyň Mekge şäherine dünýäniň dürli künjeklerinden 1,5 milliondan gowrak musulman zyýaratçy bardy. Bu barada «Associated Press» ýazýar. Agentligiň belleýşi ýaly, Saud Arabystanynyň Hökümeti şu ýyl haj parzyny berjaý etmek üçin gelýän zyýaratçylaryň sanynyň 2 milliondan hem geçip biljekdigini çaklaýar.

«Ýeke özi öýde» kinofilminiň öýi

5,25 million amerikan dollaryna satyldy Tutuş dünýäde meşhur bolan «Ýeke özi öýde» täze ýyl komediýasynyň surata alnan öýi satyldy. Çikagonyň eteginde ýerleşýän bu öýüň bahasy 5,25 million amerikan dollaryna deň boldy. Öýüň täze eýesi ol satlyga çykarylanyndan soňra, heniz bir hepde hem geçmänkä jaýy satyn aldy.