"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ýaş fo­tog­raf­la­ra mas­la­hat­lar

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 NÄ­MÄ­NI WE NÄ­DIP SU­RA­TA DÜ­ŞÜR­ME­LI?

Deňiz we deňizçiler hakynda sere gelen pikirler

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar BER­DI­MU­HA­ME­DOW:

Hormatly Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldarşahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuňhormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi.Bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde örän çuňňur many bar. ***

«Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my:

Edebi dostlugyň ebedi ýadygärlikleri  Ynha, köp garaşylan ajap pursatlar hem gelip ýetdi. Gündogaryň beýik danasy, söz äleminiň serweri, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy akyldar Magtymguly Pyragynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk 60 metr belentlikdäki bürünçden ýadygärligi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan

EDEBIÝAT — WATANÇYLYK DUÝGULARYŇ DABARALANMASY! Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy geljek nesillere baý edebi miras galdyrypdyr. Onuň döredijiligi, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň milli baýlygyna, ruhy hazynasyna öwrüldi. Şahyryň eserleri indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri halka hyzmat edip gelýär. Şeýle hem ol edebiýat meýdanynda ençeme şahyrlar, şol sanda edebiýat bilen meşgullanýan türkmen ýaşlary üçin hem uly döredijilik mekdebine öwrüldi.

Sahawat şuglasy

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ähli tutumly işler il bähbidine, ynsan bagtyna gönükdirilýär. Şunda iň gymmatly baýlyk bolan ynsan saglygy, sagdyn nesil baradaky aladalar esasy orunda durýar. Bu maksatlary amala aşyrmakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer goldawy bimöçberdir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalaryň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.

Ýaşlar — döwrüň güýji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly baý mazmunly kitabyny okanyňda, ýaşlaryň durmuşymyzda uly orun tutýandygyna, olara uly ynam bildirilýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bilim ulgamynda belent derejelere eýe bolan Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmeklerine, şeýle-de daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmeklerine giňden ýardam edýär.

Çagalygyň bagtyýar pursatlary

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gyzgalaňly dowam edýär. Özboluşly tebigy aýratynlyklary, ýakymly howa gurşawy bilen tapawutlanýan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalar wagtlaryny şadyýan hem-de täsirli geçirýärler. Bilşimiz ýaly, Gökdere jülgesi — iň ajaýyp başdan geçirmeleriň mekany. Bu gözel künjekde dynç alýan çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsümi turuwbaşdan aýratyn ýatdagalyjy pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Körpe nesillerimiz özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, dürli ýaryşlara we özleriniň höwes edýän gurnaklaryna işjeň gatnaşýarlar. Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär.

Zenanlarymyz bagta ýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli däp-dessurlarymyzy giňden ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ugra bagyşlanan duşuşyklary, bäsleşikleri, maslahatlary guramaga, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň esasynda düýn — 21-nji iýunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralara besläp, medeniýetiň toýunyň toýlanýan günlerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz — bagta ýar siz!» diýen şygar bilen dabaraly çäre geçirildi. Dabarada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şeýlelikde, birinji orna «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň halk maslahatynyň agzasy Şemşat Nefesowa, ikinji orna «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň inženeri Ogulsuraý Garaýewa we «Nebit-gaz» gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowa, üçünji orna «Türkmengaz» döwl

Ýagşylygyň we ýagtylygyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Okamak, ýazmak, döretmek — maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biri. Bular bize berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklar. «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýerdiler. Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri biziň üçin ömrümiziň şygary. Bu sözler durmuşymyza many çaýjak işleri ýerine ýetirmäge ruhlandyrýan ganatly jümlelerdir. Ýurdumyzda neşir edilýän kitaplary, gazetdir žurnallary yzygiderli okaýarys. Düşünjelerimizi baýlaşdyrýarys. Özümize çuňňur täsir eden ýerlerini bolsa deň-duşlarymyz bilen paýlaşýarys. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edilen türkiýeli ýazyjy Hasan Ýylmazyň «Şu kitaby okap görüň, mugallym!» (Türk dilinden terjime eden A.Italmazow) atly eserinde «Goý, şuglaňyz ýaýylsyn!» atly tymsal mende ýiti täsir galdyrdy. Bu tymsal ýagşylyk etmek, özi hem ýönekeý zatlaryň üsti bilen uly ýagşylyklary hem edip bolýandygy hakdaky pikirleri oýardy. Ýagşylyk etmek baradaky öňki düşünjelerimizi has-da berkitdi. Tymsalda şeýle beýan edilýär: — Uzakdaky obalaryň birinde bir ýaş ýigit özüniň çaklaňja söwda dükanyny açdy. Ol söwdada hiç kimiň gözüni boýajak bolmazdy, adamlar bilen hem hoşgylawdy. Şonuň üçin hem ony hemmeler söýýärdi. Şeýle bolansoň, töwerekdä

Wagtlaýyn sergi açyldy

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet — ruhubelentligiň çeşmesi» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna medeniýet we sungat işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanowyň çykyşy diňlenildi. Şeýle-de dabara Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanowyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Gülüstan Hudaýarowanyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Olar çykyşlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy çuňňur öwrenmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, Ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny, munuň üçin bolsa ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň hak Howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary edýändiklerini nygtadylar. Döredijilik işgärleri döredilýän mümkinçilikler, özlerine goýulýan sylag-sarpa, ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdyp, ajaýyp döwrümiziň waspyny her bir sungat eserinde ýetirip durjakdyklaryny buýsanç bilen beýan etdiler.

Zenanlarymyz bagta ýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz-nesihat etmäge uly ähmiýet berlip, bu ugra bagyşlanan duşuşyklary, bäsleşikleri, maslahatlary guramaga, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň esasynda düýn — 21-nji iýunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralara besläp, medeniýetiň toýunyň toýlanýan günlerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz — bagta ýar siz!» diýen şygar bilen dabaraly çäre geçirildi. Dabarada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şeýlelikde, birinji orna «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy Şemşat Nefesowa, ikinji orna «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň inženeri Ogulsuraý Garaýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazetiniň uly habarçysy Akgül

Jemleýji tapgyry geçirildi

Düýn ― 20-nji iýunda «Gülzaman» toý mekanynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramagynda yglan edilen «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda  zehinlileri öňe çykarmak bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyr Arkadag şäherinde, Mary, Lebap, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatynda öňki geçirilen bäsleşikde birinji orna eýe bolan banklaryň arasynda geçirildi. Netijede, 1-nji orna Arkadag şäherindäki merkezi bank, 2-nji orna «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ak bugdaý şahamçasy, 3-nji orna «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs şahamçasy mynasyp boldy. Ikinji tapgyr  Türkmenistanyň bank ulgamynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän merkezi edaralarynyň arasynda geçirildi. Onda 1-nji orny Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky,  2-nji orny «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, 3-nji orny bolsa «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky eýeledi. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy.

Asylly ýörelgeleriň dabaralanmasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlarymyzyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy, medeni gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanmagy, olaryň ruhunda arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň terbiýelenilmegi babatda edilýän tagallalar örän guwandyryjydyr. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler mukaddes Gurban baýramynyň giňden bellenip geçilmeginiň mysalynda anyk beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permanyna laýyklykda, 16-17-18-nji iýunda halkymyz bu senäni asylly däpler esasynda giňden belläp geçdi. Haýyr-sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerden ugur alnyp, Gurban baýramynyň uludan toýlanmagy bagtyýarlykdan, döwletlilikden, il agzybirliginden alamatdyr. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, gurbanlygyň üç gününde-de iş güni däl diýlip yglan edilmegi hem-de onuň ilkinji gününiň dynç güne gabat gelýändigi sebäpli, ýekşenbedäki dynç gününiň çarşenbe gününe süýşürilmegi halkymyzyň bu milli baýramy has dabaraly, şowhunly hem-de tüýs ýürekden hoşallyk duýgulary bilen bellemegine mümkinçilik berdi.

Gal­la ora­gy möw­sü­mi gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Oba hojalykçylaryň galla oragy möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýarlyk görmegi, orak möwsüminde ähli işçi düzümiň sazlaşykly alnyp barylmagyna, kärendeçileriň ýylyň dowamynda çeken päk zähmetiniň netijesinde ýetişen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap Watan harmanyna tabşyrmaga uly mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine orak geçirilen ýerleriň gektar sanynyň barha artýandygy, galla harmanlarymyzyň gün-günden beýgelýändiginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. 31-nji maý­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de tas­syk­la­nan ter­ti­be la­ýyk­lyk­da, Ahal, Le­bap, Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň eke­ran­çy­la­ry gal­la ora­gy­na 7-nji iýun­da, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň gal­la­çy­la­ry bol­sa 14-nji iýun­da gi­riş­di­ler. Şu ýyl türk­men gal­la­çy­la­ry­na bug­da­ýy ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin bö­lü­nip ber­len 690 müň gek­tar ýer­den 1 mil­li­on 400 müň ton­na, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 400 müň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 345 müň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 310 müň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 265 müň, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem 80 müň ton­na gal­la ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak we­zi­pe­si öň­de go­ýul­dy.

16 ýyl­dan soň 18-nji çem­pi­on­lyk

Ame­ri­ka­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy NBA-da 2023/24 möw­sü­mi­niň çem­pio­ny bel­li bol­dy. Fi­nal tapgyry­nyň 5-nji du­şu­şy­gyn­da çem­pi­on kes­git­le­nip, Bos­ton şä­he­rin­dä­ki «TD Gar­den Are­na»­da oý­na­lan du­şu­şykda «Bos­ton Sel­tiks» to­pa­ry «Dal­las Ma­we­riks» to­pa­ry­ny 106:88 ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da Jeý­son Ta­tum 31 utuk (11 asist, 8 ri­baund), Jeý­len Brawn 21 utuk (6 asist, 8 ri­baund) ge­çir­di. Ne­ti­je­de, umu­my ha­sap­da «Bos­ton Sel­tiks» 4:1 öňe saý­la­nyp, NBA-nyň 78-nji möw­sü­mi­niň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy.

Iş ha­ky

Gün­le­riň bir gü­ni iki alym haý­sy­dyr bir iş bi­len goň­şy oba gi­dip­dir­ler. Olar yzy­na do­la­nyp gel­ýär­kä­ler eý­ýäm ikin­di çag­la­ry bo­lan eken. Alymla­ryň bi­ri beý­le­ki­si­ne ga­rap: – Gel, gowu­sy şu gün bi­ze gi­de­li. Sen me­niň myh­ma­nym bol – di­ýip­dir. Dos­ty yla­la­şyp­dyr. Olar how­la gi­ren­le­rin­de aly­myň hyz­mat­çy­la­ry ja­ýyň da­şy­ny su­wap ýö­ren eken­ler. Öýüň ho­ja­ýy­ny olar bi­len bir­lik­de iş­läp ýö­ren baş­ga bir ki­şä gö­zi dü­şüp:

Kaf­ka­nyň ha­ty sa­ty­lar

Frans Kaf­ka­nyň ha­ty auk­si­on­da sa­ty­lar. Bu hat awst­ri­ýa­ly şa­hyr Al­bert E­renş­teý­ne, ýa­zy­jy­nyň dos­ty we ne­şir­çi­si­ne ug­ra­dy­lyp­dyr. Ha­tyň ýa­zy­lan wag­ty bel­li däl. Em­ma bi­ler­men­ler onuň 1920-nji ýy­lyň ap­rel-iýun aý­la­ry ara­ly­gyn­da ýa­zy­lan­dy­gy­ny çak ed­ýär­ler. Şol dö­wür­ler­de Kaf­ka in­çe­ke­sele uçrap, Ita­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Me­ra­no şä­he­rin­dä­ki has­sa­ha­na­da be­jer­gi al­ýar­dy. Ke­sel ýa­zy­jy­nyň ru­hy ýag­da­ýy­na hem düýp­li tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, dö­re­di­ji­lik işi­ne bö­wet bol­ýar­dy. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler Erenş­teý­niň dos­tun­dan özü­niň re­dak­tor­lyk eden ede­bi žur­na­ly «Die Ge­faehr­ten» (Sti­pen­di­at­lar) üçin bir zat­lar ýaz­ma­gy­ny ha­ýyş eden­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Ýö­ne Kaf­ka jo­gap ha­tyn­da üç ýyl bä­ri hiç za­da eli­niň bar­ma­ýan­dy­gy­ny, di­ňe öň­ki ýa­zan zat­la­ry­nyň çap edil­ýän­di­gi­ni ýa­zyp­dyr. Hü­när­men­ler Kaf­ka­nyň hat­la­ryn­da özü­niň eser­le­ri ba­ra­da kän gür­rüň goz­ga­ma­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

To­mus­da okal­ma­ly ki­tap­la­ry mas­la­hat ber­di

«Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy, mil­li­ar­der Bill Geýts to­mus­da oka­mak üçin her ýyl­ky ki­tap sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Geýts ki­tap­la­ryň her bi­ri­niň ýa­ny­na mas­la­hat be­riş hat­la­ry­ny hem goş­dy. Sa­na­wa te­le­ke­çi­niň pi­ki­ri­çe, öz­ge­le­re kö­mek ed­ýän­le­riň ýag­şy ni­ýet­le­ri, ola­ryň ýüz­be-ýüz bol­ýan kyn­çy­lyk­la­ry, şeý­le işiň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da pi­kir­len­mä­ge mej­bur ed­ýän eser­ler gir­di. Geýt­siň dü­zen sa­na­wyn­da şu ki­tap­la­ryň üs­tün­de dur­lup ge­çil­ýär. Kris­tin Han­na­n, «Ze­nan­lar»: Wýet­nam­da­ky sö­weş­le­ri ba­şyn­dan ge­çi­ren şe­pa­gat uýa­sy hak­da­ky roman. «Bu ba­şyn­dan ge­çi­ren gü­zap­la­ry üçin yk­rar edil­mä­ge my­na­syp bo­lan we­te­ran­la­ra goý­lan aja­ýyp hor­mat­dan ny­şan­dyr».

84 ýyl­dan soň gaý­ta­ryl­dy

1939-njy ýy­lyň 26-njy de­kab­ryn­da ki­tap­ha­na­dan al­nan Ar­tur Ko­nan Doý­luň «Sür­gün­ler» ro­ma­ny­nyň fin di­lin­dä­ki ter­ji­me­si 84 ýyl­dan soň Hel­sin­ki­dä­ki Oodi ki­tap­ha­na­sy­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­di. Ki­ta­by ka­bul eden ki­tap­ha­na­çy Ha­neý Strand, şu ça­ka çen­li şeý­le giç ge­ti­ri­len ki­ta­by alyp gör­män­di­gi­ni aýt­dy. Ki­ta­by yzy­na gaý­ta­ryp be­ren bi­len oky­jy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk bol­sa, nä­bel­li­li­gi­ne gal­dy.